Ýoluň gyrasyndaky güller (Hekaýa)

Ýoluň gyrasyndaky güller (Hekaýa)

Ender Haluk DERINJE,
türk ýazyjysy

Möwlana şeýle diýipdir: merjen däneleriniň deňziň düýbündäki daşlaryň arasyndan gözlenişi ýaly, haýyrly zatlaram kemçiliklerdir ýalňyşlyklaryň arasyndan tapyp almaly bolýar.

Ine, şu ajaýyp dürdäne sözleriň esasynda size bir kiçijik hekaýany gürrüň beresim gelýär.

Gadym wagtlar Hindistanda bir baý adam bar eken. Onuň hem bir suwçy hyzmatkäri bolupdyr. Ol her gün egnine taýak atyp, onuňam her ujuna bir küýzäni asyp, uzak ýerden suw alyp gaýdýan eken. Küýzeleriň biri jaýryk, beýlekisi bolsa abat eken. Abat küýze hojaýynyň öýüne içi doly suwly barýan bolsa, jaýryk küýze suwunyň diňe ýaryny eltýän eken.

Bu ýagdaý iki ýyllap dowam edipdir. Suwçy iki küýzäni dolduryp gaýtsa-da, hojaýynynyň öýüne bir ýarty küýze suwly barypdyr. Abat küýze öz artykmaçlygyna guwanypdyr, jaýryk küýze işini doly ýerine ýetirip bilmeýänine gynanyp utanypdyr.

Bir gün jaýryk küýze suwça ýüzlenipdir:

— Men özümden örän utanýan, şonuň üçinem sizden ötünç soramak isleýän.

Onda suwçy:

— Näme üçin? Nä sebäpden özüňden utanýaň? — diýip sorapdyr.

— Men iki ýyl bäri özüme tabşyrylan işiň, ýagny guýlan suwuň diňe ýaryny getirýän. Siz her näçe zähmet çekseňizem, menden üýtgeşik haýyr tapaňzok — diýip, küýze jogap beripdir.

Onda suwçy oňa şeýle diýipdir:

— Sen hojaýynyň öýüne gaýdyp gelýärkäň ýoluň gyrasyndaky güllere üns ber!

Depä çykyp barýarkalar jaýryk küýze ýoluň gyrasynda gögeren ajaýyp gülleri synlapdyr, emma ýoluň soňuna ýetiberende getirýän suwunyň ýarysynyň ýokdugyna gynanyp, özüni erbet duýupdyr we suwçydan ýene ötünç sorapdyr.

Suwçy küýzä ýüzlenip, şeýle diýipdir:

— Sen ýoluň gyrasyndaky gülleriň diňe öz tarapyňda bardygyna we beýleki küýzäniň tarapynda hiç hili gülüň ýokdugyna üns berdiňmi?! Sen hemişe özüňe tabşyrylan işi ýerine ýetirip bilmeýäniňi aýdýaň, ýöne men seniň ýerine ýetirip bilmedim diýýän işiňden peýdalandym hemem ondan haýyr tapdym. Men ýoluň sen tarapyna gülleriň tohumyny taşladym. Çeşmeden suw alyp gelýärkäk bolsa sen olary suwardyň. Men iki ýyl bäri bu güllerden ýygyp, hojaýynymyň öýüni bezeýän. Eger sen özüňi şu edýän işiň üçin günäkärleýän bolsaň, onda hojaýynyň öýi şunuň ýaly owadan gülleri görmezdi.

Türk dilinden terjime eden Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle