Ýolugra söhbetdeşlikden
Ýolugra söhbetdeşlikden
— Essalawmaleýkum!
— Waleýkumessalam!
— Näme, çiññerilip seredýäñiz welin, tanamadyñyz öýdýän?
— Hawa-aýt, dogrudanam, tanamadym-laý…
— Onda dollaryñ köpelendir, sakaldaş!
* * *
Başlyk köne dostuna ýüzlenýär:
— Görneñok-low, gardaş!
— Pyýada köçeden geçýän dälsiñ, ýogsam görerdiñ.
* * *
— Sen pylanyñ dilini tapañokmaý?
— Şondan añsady ýok. Dili agzyny açan ýeriñdedir.
* * *
— Barmyñ-ow bi togalak dünýäde, görneñok-la…
— Näme, indi saña görünmek üçin men jaýyñ üçegine çykaýynmy?
* * *
— Murt goýdurdyñmy?
— Mugt goýdurdym.
* * *
— Kelläñe gap geýmeseñ…
— Näme, boşmukan öýdýärlermi?
* * *
— Saña bir sowal bermekçi.
— Sen maña sowal bereniñden, gowusy, sowalga bersene…
* * *
— Uzakdan-a göremok…
— Ýakyndan okamaga-fa sowadym ýok diýsene…
* * *
— Men-ä şoña «ýüzüñ üstünde burnuñ bar» diýemok.
— Aý, sen diýmeseñ-de, şol-a hakykat.
* * *
— Galamdaş, bu günler näme ýazýañ?
— Düşündiriş.
Röwşen TAGAN.
«Watan» gazeti, 02.11.1996 ý. Degişmeler