Ýoldaşlyk degişmesi
Ýoldaşlyk degişmesi

Kolonnanyñ başyn çekip,
Kim bu gelýän? Berdi aga.
Gelýär Nebitdagly gelýär
Gurultaýy gutlamaga.
Çary Aşyr näme ýatdyñ,
Baý, gaýyşly eken ýakañ.
Satdyñ, «Ýaş kilwana» satdyñ
Dowamyny «Ganly sakañ».
Ata Salyh, mergen şahyr,
Nyşanany urar çüýläp,
Öten ýyldy okyjylañ
Gül zyñany ony sylap.
Aman aga «söýüşýänleñ
Basym boljak toýy» diýýär.
«Ýok, garaşyp ýörmez olar,
Ýörmez, ömür boýy» diýýär.
Serediñ siz Muhtarowa,
Serediñ ol nädiberdi?
Otuzynjy ýyla garap,
Yza tarap ädiberdi.
Ruçkañy golda somlap,
Ýetişýäñ her ýere şahyr.
Ýöne, «Hindi» kitabyñy
Haçan okars, Gara şahyr?
Ýoldaş Karpow, eşidýäñmi?
Aşyr çal saç boldy bir çak.
Indi täze Aşyr hakda
Haçan ýazjak, haçan berjek?!
Bakyñ, ynha bile gelýär,
Kerim bilen Berdinazar.
«Taýmaz», «Gyzgyn sähra» ýaly
Täze-täze eser ýazar.
Tanýañyzmy bu barýany?
Ýaş ýazyjy Tañryguly!
Ýazan zady az bolsa-da,
Arzuwlary örän uly.
Ýazyjylañ gurultaýy
Ýetip gelýär, ýetip gelýär.
Her kim oña sowgat edip,
Ýükün kemsiz tutup gelýär.
Teksti M.Seýidowyñky.
Suraty W.Owçinnikowyñky.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 07.03.1959 ý. Goşgular