Ýoldaşlar we…
Ýoldaşlar we…
— Ýoldaş Atabaýew,
— Ýoldaş Stalin.
— Ýoldaş Batyrow.
— Ýoldaş Babaýew,
— Ýoldaş general,
— Ýoldaş mugallym.
— Ýoldaş sadalar…
Bar ekeni aramyzda
Ýoldaş haramzadalar:
— Ýoldaş Ýelsin, Ýakowlew,
— Ýoldaş Gorbaçýow…
Ine, şondan bärem
«Ýoldaş!“ sözüniň
Ýokdur agramy.
Ýoldaş diýseň,
Seňrigini ýygyrýarlar.
Hem-de ajy ýylgyrýarlar.
Ýöne weli sosializm döwründe
Ýoldaşdyk, ýoldaşlardyk.
Ildeşdik, ildeşlerdik.
Indi bolsa köpimizi bilmersiň tanap.
Öňki ýoldaş indi bolupdyr jenap.
Köpimiz bolsa gara gul, gedaý,
Aýtsana, sen bizi nädadyň, Hudaý!..
06.05.2016. Goşgular