Ýolda köp büdreýän gatyryñ düýe ýanynda zeýrenişi hakynda hekaýat
Ýolda köp büdreýän gatyryñ düýe ýanynda zeýrenişi hakynda hekaýat
Bir Gatyr zeýrendi ýanynda Düýäñ:
«Ýola çyksam häli-şindi büdreýän.
Ýöremäm hyllalla islendik ýolda,
Garaz, bolup ýörşüm gözgyny halda.
Dyzlam sypjyrylýar, ýa degýär kelläm,
Şoñ üçin kän meniñ üstümden gülýän.
Şol sebäpli halys azdy meñ gäbim,
Sen-ä büdräýeñok, aýt-da sebäbin?»
Düýe oña jogap berdi howlukman:
«Biler bolsañ, men has uzagrak bakýan.
Seniñ görýän ýeriñ sähelçe ara,
Ana, şol hem seni goýýar azara.
Men töwerek-daşa belentden garap,
Äwmän, alñasaman barýaryn ýöräp.
Hut gözüm ýok ýaly, süssürlip barman,
Çukur-oýy saýgarmagy başarýan.
Seniñ gözüñ ýetýän ýeri şeýle dar,
Diñe şol sebäpli çekýärsiñ azar.
Ýörejek ýoluñy ykjam saýgarman,
Ädim ursañ, mydam çekersiñ arman». Goşgular