|

Ýolbarsy ynjydan söz

Ýolbarsy ynjydan söz Tymsal

Bir gezek adam bilen ýolbars dostlaşypdyr. Mertlik merdanalyk olary ysnyşdyran ekeni. Emma “Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny söz” diýleni-dä. Bir gep aýtjak bolsaň öňünden mazaly oýlanmaly ahyryn. Adam öz diliniň eýesi däl ýaly. Bir gezek ol aw-şikardan geýdyp gelse, ýolbars gowagyň agzynda et iýip ýatan eken. Şonda adam ony synlap durka bir ýakmaz sözi dilinden sypdyrypdyr. — Be, ýolbars dost, senem edil it ýaly süňki iki aýagyň arasyna salyp iýýän ekeniň-ow — diýipdir. Söz awusy baryp ýolbarsyň ýüregine sanjylypdyr. Gahary gelip, iýip oturan aşy bokurdagyna tegek bolupdyr. Her zadam bolsa, dostlugyň hatyrasyna ol zordan gaharyny ýuwdupdyr, öldürmekdenem saklanypdyr. Soň ol adama aýdypdyr:
— Gylyjyňy syr-da, sal gerşimden. Tiz bol, bolmasa paralaryn… Adam nätjegini bilmän, aýdylana boýun bolupdyr. Gylyç salyp, ýolbarsy ýaralapdyr. Ýolbars aýdypdyr: — Bar git. Ýene on bäş-ýigrimi günden gel — diýipdir. Adam gelýänçä, ol ýarasyny ýalap guradyp, garaz biter ýaly edipdir. Aýdylan güni adam gelýär welin, ýolbars oňa gylyç ýarasyny görkezýär. Görse tyg yzy çala birdirip dur. Bitipdir. — Gördüňmi… Tyg ýarasy biter, til ýarasy bitmez. Bar indi meniň gözüme görünme, çygrymda gabat geläýseň tikelärin. Şu sözem menden saňa nesihat bolup galsyn — diýip, ýolbars görgüli adamdan gaty ynjany üçin, ony kowup goýberipdir. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle