|

Ýolbars we Möjek / basnýa

Ýolbars we Möjek / basnýa ÝOLBARS we MÖJEK

Ýolbars we Möjek / basnýa

Ýolbars ertirligne iýýärdi tokly,
Bir güjüjek aýlanyp ýör daşynda,
Heniz hiç bir zada ýetmänsoň akly,
Onuň penjesinden bir lukma kakdy.
Haýwanlaryň şasy etmedi gahar,
Edil göwni bir deý edindi nahar.
Sebäp güjük samsyjakdy hem ýaşdy,
Möjek ony görüp akyly çaşdy:
Ýolbarsda güýç ýok öýdýän, sebäbi
güjüjegem iýip dur oň awundan.
diýdi-de penjesin urdy ol tokla,
Ýöne Möjek şonda erbet awundy.
«Dost jan, ýersiz ýere çykýaň püçege,
Men saňa-da lukma berer öýütdiň,
Özüňi deňeýäň çaga güjüge».

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Şadurdy ÇARYGULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle