Ýolbars kapasasynda…
Ýolbars kapasasynda…
Temel uly şäherleriñ birinde haýwanat bagyny görmäge gidipdir. Töweregini synlap barýarka, açyk kapasa gören Temeliñ bilesigelijiligi tutup, içine girende, uly howsalanyñ döremegine sebäp bolýar. Haýwanat bagynyñ işgärleri uly goh edip:
— Haý, zaluwat, durawer! Derrew daşyna çyk! Ol ýeri ýolbarsyñ kapasasy ahwetin! — diýip gygyrýarlar.
Temel kapasadan çykyp barýarka hüñürdeýär:
— Baý, gör nähili zat ýaly etdiñiz-laý! Hamana siziñ ýolbarsyñyzy iýýän bar ýaly! Degişmeler