Ýolagçylar hekaýaty
Ýolagçylar hekaýaty
Ol ýigit atyndan ýykyldy birden,
Agyrdy dyzçanak, agyrdy gerden.
Adamlar üýşdüler onuň daşyna,
Bu iş bir ýolagçyň geldi hoşuna.
“Menden geçen boldy, debsedip atyn,
Häk, boldy-da, alandyr ol almytyn…”
Monça bolup, öz ýanyndan ol kişi,
Baryp diýdi, synlap bu bolan işi:
“Diňläň, munuň sebäbini diýeýin!
Gowşan eken bilçekgisi eýeriň.
Duşumdan geçende gördüm men ony…
Gaty ynjamady, ýykyldy gowy.
Bilçekgini berkiden bolsa eger,
Atdan ýykylmaly bolmazdy meger…” Goşgular