Ýol görkeziji

Ýol görkeziji ÝOL GÖRKEZIJI

Men – ýol belgisi.
Gidip bilemok ýola düşüp
öz görkezýän ugrum bilen.
Taşlap gitsem ýerim eger,
ýoly kim salgy berer –
gelene, hem täze geljege?
Kän öwürjek boldular ugrumy terse,
görkezerim ýaly ýalan tarapy.
Ýöne, men – göýä günebakar.
Mydam bir ugra
– güne bakýaryn,
güne bakaryn.

8 oktýabr, 1985.

Ýan Rybowiç
Terjime: Mango

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle