«Ýok, bulgury uzatma…»
"Ýok, bulgury uzatma…"

Ýok, bulgury uzatma,
Hödürlänler kän bolan.
Aýt, niräme içeýin?
Yşkdan başym säm bolan.
Kisäm oňa dözmeýär,
Hem götermez bedenim.
Köpelmezmi gybatlar,
Bilmän ýörsem edenim?
Buz üstünde galyň gar,
Gül bolar deý ýazmy nä?
«Dert unutýaň» diýýäňmi?
Unudar deý azmy nä?
Ýaşaylynmy (ine tost)
sokur gözi kör edip?..
Ýeri nätjek, aýdaý, dost,
Alawymy köredip?..
Ahmet ARAZOW. Goşgular