|

Ýogaldy

Ýogaldy ÝOGALDY

Ýogaldy

Ýogaldy, pahyr.
Ýetde-gütdedi güni.
Üýşdiler ýakyn-ýatlar,
Gömmäge görgülini.

Gollandy ýerli-ýerden,
Kim mal, kim pul getirdi.
Ýene iki-ýekesi,
Ulag işin bitirdi.

Batgaly howla, köçä,
Düşediler çagyly.
Bejerip, beýgeltdiler,
Ýykyk-ýumruk agyly.

Ýapjagyn, galan karzyn,
Duýdurdy bir işewür.
Hakly hem aýtdy ogla: —
“Adymdan bar, işe gir!”

Gurplysy bar, gurpsyzy,
Garaz, il-gün dik durdy,
Garaşylan dek onuň,
Täzelärine ýurdy.

Ýogaldy.
Ýoksuldy, mertdi, kişä
ýapja bolup ýörmezdi.
Ýöne bu goldawlaryň,
Gören bolanda ýaryn,
Ölmese-de ölmezdi.

2024 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle