Ýö­ne­keý arif­me­ti­ka (No­wel­la)

Ýö­ne­keý arif­me­ti­ka (No­wel­la)

Edogawa Rampo,
ýapon ýazyjysy

Syrly talaňçy

— Siz bu hekaýatymy ýazarsyňyz gerek? Çynym bilen maslahat berýän… — diýip, bu wakany gürrüň beren adam maňa teklip berdi. Waka birwagtlar — uruşdan öňki döwürde bolupdyr, ýöne baş gahryman aýatda wagty, muny gizlinlikde saklamaly bolupdyr. Ýaňy-ýakynda ol ýogalypdyr… Hekaýany diňläp, haýranlar galdym — ol, hakykatdanam, roman ýazanyňa degýän eken! Ýöne beýle kesgitli gürläp, juda howlukmaýyn — goý, ähli zady okyjynyň özi bilsin.

Bu waka ähli syrlary maňa açan adamyň dilinden ýazylyp alyndy…

Şol ýylyň tomsy dostum Sintara Koda, maňa beýle bir ýakyn bolmasa-da, umumy dostumyz Hiroiti Ýukilerde iki hepde myhmançylykda bolmagy teklip etdi. Bu waka-da şonda bolup geçdi…

Hiroitiniň kakasy — general-maýor Oki — harby ministrlikde uly wezipäni eýeleýärdi, olaryň maşgalasy deňziň kenaryndaky ajaýyp ýerde — Kamakuranyň golaýynda gurlan uly, kaşaň mülkde ýaşaýardylar.

Şol ýyl biz gutardyş synaglary tabşyrypdyk. Üçimiz hem bir uniwersitetde bile okaýardyk, ýöne Koda ikimiz ykdysadyýeti, Hiroiti Ýuki bolsa iňlis edebiýatyny öwrenýärdi; biz kollejde okaýarkak dostlaşypdyk, şondan soň gatnaşygymyzy kesmedik.

Şol ýylyň tomsy biziň üçin üýtgeşikdi — ol erkin talyp durmuşynyň tamamlanan wagtydy. Sentýabr aýynyň ahyrynda Koda söwda firmasyna işe girmelidi, Hiroiti bilen meni bolsa ýylyň ahyrynda goşun gullugyna çagyrmalydylar. Nähili bolanda-da, biziň erkin durmuşymyz tamamlanypdy. Şonuň üçin durmuşdan alyp bilenimizi almalydyk, şeýlelikde, Hiroitiniň çakylygyny höwes bilen kabul etdik.

Hiroiti ene-atasynyň ýeke-täk zürýadydy, towugyna tok diýilmän, bolelinlikde ýaşaýardy. Maşgalabaşy — general, ata-babalary — ýokary derejeli emeldarlar bolansoň, Ýukiler hakyky eşretde ýaşaýardy. Şonuň üçin bizem, onuň dostlary hökmünde, najyrap ýördük. Üstesine, ykbal hem bizlik boldy: Ýukileriň öýlerinde biz bilen deň-duş örän owadan gyz ýaşaýan eken. Simako atly ol näzenin Hiroiti Ýukiniň doganoglany; onuň ene-atasy ir dünýäden gaýdypdyr, şonuň üçin gyzy Ýukileriň özleri terbiýeläp saklapdyrlar. Ol gyzlar mekdebini tamamlapdyr, indi bolsa sazçylyk mekdebinde okaýardy, skripka çalşy oňuşmazça-da däldi.

Hudaýyň beren gününi deňziň kenarynda geçirýärdik. Ýukileriň mülki Ýuigahama bilen Katase beketleriniň aralygynda ýerleşýärdi, ýöne biz Ýuigahamanyň kaşaň kenarýakasynda gezmäni gowy görýärdik. Ol ýerde tanyş adamlar kändi, içimizi gysdyrmaýardylar. Güne ýanan göwrämizi kenardaky açyk gyzyl çyzmykly saýawanyň astyna atyp, Simako hem onuň joralary bilen degşip-gülüşýärdik. Deňizden ýadaýsagam, Ýukileriň mülkündäki howza balyk tutmaga gidýärdik. Generalyň tabşyrygy bilen oňa ep-esli balyk goýberilipdir, hatda öwrenje balykçylaram bu ýerden oljasyz gaýtmaýardy. Gaýgy-aladasyz günlerimiz şady-horramlykda geçýärdi. Ýöne bagta göriplik edýän ýaly, bela-beter elmydama garaşylmaýan ýerden çykýar — general Ýukiniň öýünde birdenkä tüpeň gümpüldedi.

Üns beriň! Perde syrylýar…

Ine-de, generalyň doglan güni mynasybetli uludan meýlis gurnaldy. Koda ikimize-de çakylyk gowşurdylar.

Meýlisi uly öýüň ikinji gatyndaky giň ýapon myhman jaýynda gurnadylar.

Öý eýelerem, myhmanlaram ýeňil tomus kimonosyny geýipdirler, her kim özüni arkaýyn, öýüne gelen ýaly duýýardy. Kellesi sämän general gidaýularyň ( Gidaýu — ýaponlarda dartgynly hekaýatlary aýdýan ozan.) gep urşuna öýkünýärdi, Simako, myhmanlaryň haýyşyna eýerip, skripka çalyp berdi.

Agşam sagat onlarda meýlis tamamlandy, hemmeler diýen ýaly öýli-öýüne gaýtdy, diňe öý eýeleri bilen ýene iküç adam ýakymly tomus gijesiniň lezzetini alyp, myhman jaýda otyrdylar. General Ýuki, onuň ýanýoldaşy, Hiroiti, Simako, onuň jorasy, Kitagawa — öňki general-maýor, hemem men, jemi ýedi adam.

«— Siz bu hekaýatymy ýazarsyňyz gerek? Çynym bilen maslahat berýän… — diýip, bu wakany gürrüň beren adam maňa teklip berdi. Waka birwagtlar — uruşdan öňki döwürde bolupdyr, ýöne baş gahryman aýatda wagty, muny gizlinlikde saklamaly bolupdyr.»

General gyzygyp Kitagawa bilen «go» oýnuny oýnaýardy, beýlekiler bolsa Simakony ýene bir saz çalyp bermäge yrjak bolup otyrdylar.

Ara giren dymyşlykdan peýdalanyp, Hiroiti ýerinden galdy:

— Hany onda, men gideýin. Biraz işim bar — diýip, gulagyma pyşyrdady. Hiroiti haýsydyr bir welaýat gazeti üçin hekaýa ýazyp bermegi boýun alypdy, şonuň üçin her agşam sagat laýyk on boldugy ýeke özi kakasynyň iş otagy bolup hyzmat edýän, gapdaldan goşmaça salnan jaýa — fligele sümülýärdi.

Talyp döwürleri Hiroiti Tokiodaky uly jaýlaryň birinde kireýne ýaşaýardy, mülklerinde bolsa mekdep okuwçysyka sapaklaryna taýynlanýan otagyny Simako berensoňlar, ol wagtlaýyn kakasynyň iş otagynda işlemeli bolýardy.

Gulagyňy şaňňyldadýan gümpüldi şondan ýarym sagat dagy soň ýaňlandy. Görüp otursak, bu sapançanyň sesi eken.

Ilkibada aňk-taňk bolup, birek-birege aňalypdyrys, ýöne şol wagt fligelden çirkin ses eşidildi:

— Ýetişeweriň! Hiroitä bir zad-a boldy!..

Bu çirkin ses Kodanyň sesidi, ol myhman otagdan Hiroitiden öň çykypdy.

Edil şol wagt haýsy biriniň ýüzüniň nähili bolanyny bilemok. Hemmeler atylyp turdular, bir üýşmek bolup basgançakdan aşak eňdiler. Fligele kürsäp giremizde, polda serlip ýatan, ýaralanan Hiroitä hem-de onuň ýanynda ýüzi ak tam bolan Koda gözümiz düşdi.

— Bärde näme boldy? — diýip, general harbylara mahsus haýbat bilen haýkyrdy.

— O taýda… O taýdan… — diýip, dili tutulan Koda baga çykýan penjirä barmak çommaltdy. Äpişgäniň gabsalary açylgydy, aýnasynda bolsa uly, tegelek deşik garalyp görünýärdi. Näbelli biri daş ýüzünden aýnanyň bir bölegini kesip aýrypdyr-da, kilti açyp otaga giripdir. Halynyň ýüzünde nejis aýak yzlary galypdyr.

Hanym Ýuki polda ýatan Hiroitä tarap okduryldy, men bolsa açyk penjirä bakan haýdadym. Ýöne ol ýerde adam-gara ýok eken. Ýogsamam, jenaýatkäriň garaşyp durmajagy köre hasa.

Şol wagt general çäşerilip ýatan ogluna-da üns bermän, iş otagynyň bir burçundaky kiçeňräk seýfe tarap ylgady; açar belgisini düzüp, ony açdy-da, içini barlamaga durdy. Men haýran galdym: öýde seýf bardyram öýtmändirin, ýöne meni has geňirgendiren zat — generalyň, hatda harby adam üçinem beýle öte sowukganly bolup bilmegi.

Ahyrsoňy general polisiýany we lukmanlary çagyrtdy. Aljyraňňylyga düşen öý eýeleri, huşuna getirjek bolup, Hiroitiniň daşyna üýşdüler. Men ýaglyk alyp, onuň aýagyndaky okdan galan ýarany daňdym. Gülle topukdan geçipdir, süňke-de degen bolmaga çemeli. Simako aşhanadan bir kürüşge suw getiripdir. Ýöne akylyndan azaşaýmanyň bäri ýany bolan ejesinden tapawutlykda, gyz özüni parahat alyp barýardy. Onuň ýüzünde biperwaýlyga ýakyn duýlar-duýulmaz geňirgenmeden başga zat ýokdy. Olaryň Hiroiti bilen goş birikdirmekçi bolýandygyndan habarym bardy, şonuň üçin Simakonyň sowuk-salalygy meni alada goýman hem durmady.

Ýene bir adamyň — generalyň garry hyzmatkäri Suneniň — özüni alyp barşy hem meni az geň galdyrmady. Ol gopguna gijä galyp geldi, ýöne Hiroitiniň ýanyna barman, arka ýüzümize geçdi-de, açyk penjiräniň ýanynda oturyberdi. Başagaýlykda goja hiç kim üns hem bermedi, ýöne oňa tötänden gözüm düşende duran ýerimde doňup galypdyryn: Sune penjiräniň öňünde oturan ýerinden başagaýlygymyzy hiç zat bolmadyk ýaly synlaýardy. Men olam akylyndan azaşandyr öýdüp pikir edenim ýadymda.

Bahym lukmanam ýetişdi. Yz ýany Kamakuradan inspektor Hatano bilen onuň tabynlygyndaky polisiýa işgärleri geldi. Hiroitini zemmere mündürip, göterdiler-de, ejesi bilen Simakony ýanyna goşup, hassahana ugratdylar. Özüne gelen, ýöne ejiz Hiroiti agyra çydap bilmeýärdi, ol ýüzüni çytyp, çaga ýaly möňňürýärdi, dälirän ýaly bolup uwlaýardy, şol sebäpden jenaýat barada näme sorasa-da, inspektor Hatano ondan belli-külli jogap alyp bilmedi. Gülle süňki owradypdyr, ýara howply bolup çykdy.

Otag gözden geçirilenden soň, ol ýere ogrynyň girip-çykandygy düşnükli boldy. Ol öýe bagdan giripdir; ol oljasyny ýygnap ýören wagty hem Hiroiti üstüni gürpbasdy eden bolmaga çemeli. Allaniçigsi bolan talaňçy tüpeňinden oňa tarap atypdyr. Hiroiti onuň yzyndan kowan bolmagam ahmal, sebäbi gapydan ep-esli aralykda ýykylypdyr.

Uly iş stolunyň çekmeleri goparylyp çykarylypdyr, içindäki zatlaryň ählisi daşyna zyňlandy. Ýöne, generalyň sözlerine görä, ol ýerde gymmatbahaly hiç zat ýok.

Stoluň üstünde ep-esli pully gapjyk ýatyrdy, ýöne geň göräýmeli, ogry oňa elini hem degirmändir. Ol diňe stolda duran sagady, ýatan altyn uçly syýagalamy, altyn zynjyrly altyn sagady we iş otagynyň ortasyndaky tegelek, kiçi stolda duran, ýiten zatlaryň arasynda iň gymmady hasaplanan tylladan çilim guralyny alypdyr. Özem diňe altyn küldan bilen altyn gaby alypdyr-da, onuň misden ýasalan diregine degmändir. Galan zatlar öňküsi ýaly ýerbe-ýer. Seýf hem ellenmändir.

Diýmek, ogryny diňe tylla-altyn gyzyklandyrypdyr, başga zatlara ol üns hem bermändir. Munuň ýumagyny çöşläp bilmedik Hatano:

— Akylyndan azaşan biri bolmaga çemeli… kleptoman — diýip, derňewini jemledi.

Ýiten yzlar

Hawa, ogry, hakykatdanam, üýtgeşik ogry eken. Puldan doly gapjygy alman, arzan syýagalam bilen jübi sagady göterip gitmek üçin nähili kişi bolmaly?!

Inspektor generaldan ogurlanan zatlaryň gymmadynyň näçedigini soranynda, ol diňe egnini gysyp oňaýdy. Syýagalamy generala polkuň serkerdesi bolan döwürleri ýokary wezipeli adam sowgat beripdir, şonuň üçin ol bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlik, sagat bolsa… Sagat onuň daşary ýurda eden ýatdan çykmajak syýahatynyň ýatlamasy bilen bagly; ony Parižde satyn alypdyr, sagat örän takyk işleýär, indi munuň ýaly sagady hiç ýerden tapyp bolmajagy düşnükli zat, şonuň üçin ogurlanmagy gynandyrýar… Ýöne ogrular üçin bularyň beýlebir gymmaty ýok.

Şondan soň inspektor jenaýat bolan ýeri — iş otagy hem bagy — jikme-jik gözden geçirip başlady. Ol Ýukilere çagyrylandan ýarym sagat geçensoň gelipdi, şonuň üçin jenaýatçynyň söbügine düşjek gümanyň ýokdy.

Inspektoryň derňewiň maddy subutnamasyna esaslanýan ylmy-seljeriş usulynyň tarapdarydygyny, şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, takyklyga we jikme-jiklige üns berýändigini soň bildim. Hatanonyň bir ýola entek ýönekeý aňtawçy bolup işlän döwürleri, ýolbaşçylar gelýänçä ýerdäki gan yzlaryny gorandygy barada gülkünç wakany gürrüň berýärdiler: ol gan dökülen ýeri tabak bilen ýapypdyr-da, ony gurçukdan goramak üçin uzakly gijesi tabagy tarkyldadyp geçiripdir. Ähli zadyň änigine-şänigine ýetmek endigi hem-de erjelligi Hatanonyň ýokary derejelere ýetmegine kömek edipdir, şonuň üçin bir işiň başyna bardygy, onuň tozanjygy-da ünsden sypdyrmajagy düşnüklidi.

Ýöne bu sapar şol ukyplaryň biri hem derege ýaramady: iş otagynyň jikme-jik gözden geçirilmegi netije bermedi — eger-eger, azda-kände ünsüňi çekjek ýekeje-de zat ýok. Diňe penjiräniň astynda galan aýak yzlara we ogrynyň aýnanyň ýüzünde galdyran barmak yzlaryna bil baglap boljak.

Meniň çaklaýşym ýaly, ogry aýnany tegeläp kesipdir-de, şol kesen bölegini sogrup aýrypdyr. Inspektor penjiräniň aşagyny jübi çyrasy bilen ýagtyltdy. Bagtymyza, golaýda ýagyş ýagansoň, ol ýerde işçi adamlaryň geýýäni ýaly aýakgabyň mese-mälim yzlary galypdyr. Hatda köwşüň oltaňynyň şekilini saýgarsa-da bolýardy. Aýakgap yzlary haýata tarap alyp gidýärdi: ogry şol ýerden gelipdir, yzyna-da ýene şol ýol bilen dolanypdyr.

— Ol aýagyny aýal maşgalalar ýaly gowkardyp basýar — diýip, inspektor hüňürdedi. Hakykatdanam, aýak yzlarynyň ujy içe burlupdyr. Men öz ýanymdan erkekleriňem gowky bolýandygy hakda pikir etdim, ýöne bu pikiri daşyma çykaryp durmadym.

Inspektor köwşüni geýdi-de, myhman edebi diýip oturman, penjireden gös-göni baga bökdi. Jübi çyrasynyň ýagtysyna aýak yzlaryny yzarlap, haýata tarap eňdi.

Oňa päsgel berjegimi bilýän hem bolsam, bilesigelijiligimi ýeňip bilmän, menem pessejik eýwandan bökdüm-de, seresaplyk bilen inspektoryň yzyna düşdüm. Yzlary gaty göresim geldi. Ýöne göresi gelýän ýeke men däl ekenim. «Bäsdeşim» menden çakgan bolup çykdy: generalyň myhmanlaryndan biri, Akai, eýýäm bagdady.

Akai meni elmydama gyzyklandyrýardy. Onuň kimdigini, näme bilen meşgullanýandygyny, Ýukiler bilen näme baglanyşygynyň bardygyny bilemokdym. Hatda Hiroitiniň özi hem ol barada belli bir zat aýdyp bilmeýärdi. Daşyndan oňa ýigrimi ýedi ýaş berip boljakdy. Hortap, saçy elmydama bulam-bujar Akai geplemsek däldi, mydama çalaja tekepbir ýylgyryp gezip ýörendir.

Ol general bilen «go» oýnamak üçin mülke häli-şindi gelýärdi. Aram-aram Akai gijäniň ýaryna çenli oturýardy, kähalat ýatymlyk galýardy. General onuň bilen klublaryň birinde tanşypdyr, ol Akaýä ökde küştçi diýýärdi. Şonuň üçin onuň hem agşam meýlisine çagyrylmagynda hiç hili geň zat ýokdy, ýöne tüpeň gümpüldände Akaini myhman jaýda görmändim — onuň aşak düşen bolmagy ahmal.

Ol barada tötänden ýeke-täk bilen zadym — kriminalistika bilen gyzyklanýanlygy. Ýukiniň mülküne ilki gelen günlerim onuň Hiroiti bilen eden gürrüňleriniň biygtyýar şaýady boldum; olar iş otagynda gürleşip otyrdylar. Hiroiti hem şol ugur bilen gyzyklanýardy, şonuň üçin onuň kitap tekjesi şeýle neşirlerden doludy. Akai kitaplary waraklap durka, bir zatlar diýdi, ondan soň olar Widok bilen Dýupenden başlap, belli aňtawçylaryň — aýatda ýaşan adamlardyr edebi gahrymanlaryň — atlaryny sanap başladylar. Hiroiti tekjeden aňtawçy Kogoro Aketi baradaky kitaby eline alyp: «Aketi — hakyky rezonýor» diýdi. Akai onuň bilen ylalaşdy. Olaryň meselä örän inçe düşünýändikleri we bu ugurda biri-biri bilen doly raýdaşdyklary mese-mälim bildirýärdi…

Ýöne gürrüňimize dolanalyň.

Bizi gören inspektor Hatano nägilelik bilen gaşyny çytdy.

— Yzlary basgylaýmaň — diýip hüňürdedi-de, başga gaty-gaýrym söz aýtman aňyrlygyna gitdi.

Ogrynyň beýik bolmadyk aýmançanyň niresinden aşandygyny bilip, inspektor ilki öýe girdi we tiz wagtdan uly sokyny alyp yzyna geldi, soň nusgasyny almak üçin iň aýdyň görnüp duran aýak yzynyň üstüni ýapdy. Bu onuň iň gowy görýän usuly bolsa gerek…

Biz haýatyň işiginden çykdyk. Daşynda ýagyş köne aýak yzlary bozupdyr, diňe ogrynyň aýak yzlary uzap gidýär.

Elli metr çemesi ylgap, inspektor birdenkä saklandy. Ol geň galyp:

— Bu näme boldugy?! Ol guýa gaçan däldir-dä hernä?! — diýdi.

Men sakga durupdyryn, ýöne eýläme-beýläme garanymdan soň, nämäniň-nämedigine düşündim: aýak yzlar boşlugyň ortasyndaky köne, taşlanan guýynyň ýanynda kesilýär. Gaýdanynda-da, şol ýerden gaýdýan eken. Biz näçe gözlesek-de, golaý-goltumda başga yz görmedik. Guýynyň daş-töweregindäki toprak ýumşak, çyg, üstesine, ýeke ot hem ýok — şonuň üçin islendik yz bildiräýmelidi.

Bu köne, dargap ugran guýydy. Inspektor oňa jübi çyrasyny tutdy: jaýryk atan diwarlar gurydy, diňe çuň düýbündäki hapa gara suw ýalpyldaýardy. Gorkaýmaly ýer… Tüýs arwah-jynlaryň mesgeni.

Diýmek, ogry guýudan çykypdyr-da — ýene guýa giripmi? Ynanmak kynrak özi-hä. Ogry — ary köýen O-Kikunyň ( O-Kiku — köne ýapon rowaýatynyň gahrymany. Guýyda heläk bolan. ) ruhy däl ahbetin. Ýöne diýseň-diýmeseň yzlar şu ýerde tamamlanýar — eger ogry asmana galyp, şarda uçup gitmedik bolsa, onda diňe guýuda bolmaly. Hatda ylmy usulyň tarapdary Hatana hem muny nähili düşündirjegini bilmedi. Ýöne köne endigine wepadar inspektor, gol astyndaky işgäre bambuk taýagyny getirmegi buýurdy we guýynyň düýbündäki ýata suwy synçgady. Boş. Diňe, guýyda gizlinlik, birhili mekirlik, gizlin ýerasty geçelge bar diýen patarraka çalymdaş pikir kellä gelýär.

— Bular ýaly tümlükde hiç zat saýgaryp bolmaýar — diýip, Hatano hüňürdedi — Bolýar-da, irden ýene bir gezek serederis.

Ol mülke bakan gaýtdy.

Polisiýanyň derňew toparynyň gelmegine garaşýan wagty, inspektor öý eýelerinden, myhmanlaryň ählisinden sorag etdi we jenaýatyň çyzgysyny düzdi. Ol hem diňleýärdi, hem ruletka bilen ölçeýärdi, kitapçasynda derege ýaraýjag-u-ýaramajak zatlaryň ählisini ýazga geçirýärdi, ejir çekeniň ýykylan ýerini (ony halydaky ganyň tegmili boýunça kesgitlemek kyn däl), ogrynyň ädimleriniň giňligini, öýe eltýän aýak yzlary bilen guýa tarap gidýän yzlaryň arasynyň uzaklygyny, fligeliň we aýnasy döwük penjireli iş otagynyň çyzgysyny, bagdaky agaçlaryň, howzuň we germewiň ýerleşişiniň çyzgysyny çekýärdi. Inspektor ýöne ýere jan çekmedi: derňewiň jikme-jikligi netijesini berdi. Biz ýaly ýörite taýýarlygy bolmadyklar üçin biderek zatlar, Hatano üçin ähmiýetlidi.

A – generalyň iş otagy;

B – Simakonyň iş otagy;

C – aşhana girelge;

D – öýe barýan yzlar;

E – guýa gaýdýan yzlar;

– agaçlar.

Okyjylar üçin onuň çyzgysyny getirýän. Çyzgyda säwlikler we takmynlyklar bar, sebäbi olary ýadyma düşüşine görä çyzdym, ýöne jenaýat açylandan soň belli bolan maglumatlara esaslanyp, ýörite zalymy paş etmäge nämäniň kömek edendigini görkezmäge çalyşdym. Şu çyzgynyň, jenaýat edeniň garşysyna aýdyň şaýatnama boljagyna, siz uzagyndan göz ýetirersiňiz.

Diňe ýekeje mysal getireýin: ogrynyň aýak yzlary. Yzlar jenaýatçynyň aýagynyň diňe bir çaýşykdygyny, gowkaryp ýöreýändigini görkezmeýär; çyzgyda «D» bilen bellenen yzlar, öýe alyp barýar, aýak yzlaryň arasy biri-birine golaý, diýmek, jenaýatçy assyrynlyk bilen seresap, gorka-gorka ýöräpdir. Guýa alyp barýan yzlar, «E» bilen bellenen, bu ýerde yzlaryň arasy iki esse giň — ýagny, tüpeň sesi çykandan soň jenaýatçy bar güýji bilen ylgapdyr. (Inspektor Hatana iki ýagdaýda-da ädimleriň arasyny jikme-jik ölçedi hem şol maglumatlara esaslanyp, jenaýatçynyň boýuny çen bilen kesgitledi, ýöne bular ýaly jikme-jiklikler juda ýüregedüşgünç, şonuň üçin men olary ýazga geçirmedim).

Inspektoryň çyzgysynda derňewde jenaýaty açmaga kömek eden esasy jikme-jiklikler getirilipdir; ýöne olaryň her biriniň üstünde wagty gelende durup geçerin, häzir bolsa okyjymdan suraty oňatja ýatda saklamagy towakga edýärin.

Inspektor, ilki bilen, Sintaro Kodadan görkezme aldy. Ol şu aşakdakylary gürrüň berdi.

Ol Hiroitiden ýigrimi minut öň aşak düşüpdir; hajathana giripdir, soň der basan ýüzüni salkyn şemala tutup, basgançakda eglenipdir, myhman jaýa dolanmakçy bolup, dälizden barýarka tüpeň sesi ýaňlanypdyr, yzyndan bolsa Hiroitiniň çirkin sesini eşidipdir…

Koda fligele ylgap girende, iş otagynyň gapysy çala açyk, ýöne çyra sönük eken, içeri garaňky.

— Diýmek, çyra öçürilipdir-dä? — diýip, inspektor oýa batyp sorady.

Koda:

— Hawa, çyra ýanmaýardy — diýdi. — Megerem, Hiroiti nurbaty towlamaga ýetişen däldir. Iş otagyna ylgap giremde, ilki bilen, çyrany ýakdym. Ýaralanan Hiroiti-kun polda huşsuz ýatan eken. Şonda yzyma öýe ylgadym hem kömege çagyryp başladym.

— Onda siz ogryny görmäge ýetişmediňiz, şeýlemi? — diýip, inspektor ýene bir ýola sorady. Ol bu soragy Koda başda-da beripdi. Kodo başyny ýaýkady:

— Ýok, görmedim. Ol baga bökmäge ýetişen borly. Onsoňam, garaňkydy.

— Başga hiç zat görmediňizmi? Üýtgeşik nämedir bir zat?

— Ý-ýok, hiç zat görmedim öýdýän. Ýogsa-da… Hawa, bilýäňizmi, derege ýaramazlygam ahmal, ýöne… haçan-da, men gykylyga ylgap gelemde, iş otagyndan pişik ylgap çykdy. Men hatda tisginipdimem. Hisamasu üstünden gaýnag suw guýlan ýaly ýüwrüp deňimden geçdi.

— Hisamasu — onuň adymy?

— Hawa, Hisamasu — Simako-sanyň gowy görýän pişigi.

Inspektor geň galýan ýaly Koda seretdi. Aý näme, öý eýeleriniň bolmanda biri-hä ogrynyň ýüzüni görüpdir. Ýöne, gynansak-da, pişigi şaýat tutunyp bolmaz…

Soňra inspektor beýleki şaýatlardan, şol sanda hyzmatkärdenem görkezme aldy, men, Akai hem beýleki myhmanlar bilen gepleşdi, ýöne hiç birimiz anyk bir zatlar aýdyp bilmedik. Ejir çekeniň ýany bilen giden hanym Ýuki bilen Simakony inspektor ertesi irden sorag etdi. Simakonyň beren jogaby birneme garaşylmadyk boldy, şol sebäpden ony dolurak gürrüň bereýin.

Inspektoryň üýtgeşik zat görmediňmi diýen ýönekeý soragyna, Simako:

— Ýalňyşýan bolmagymam mümkin, ýöne göwnüme bolmasa, meniň otagyma kimdir biri girip çykypdyr — diýdi.

Ýokarda görkezilen çyzga salgylansaň, Simakonyň otagy jenaýat bolan iş otagynyň gapdalynda ýerleşýär.

— Bir zat hem ýitmändir, ýöne stolumy kimdir biri dörüpdir. Agşam gündeligimi çekmede goýupdym, gowy ýadymda, şu gün irden görsem — gündelik stoluň üstünde gaty açyk ýatyr. Stoluň çekmesi hem süýşürilmändir. Öýdäkileriň hiç biri, hatda hyzmatkär aýal hem stolumy dörmez. Geň zat… Aý bolýar-da, bularyň bary biderek zat-la.

Inspektor Simakony sowuk-sala diňledi, men bolsa: ýok, bu ýerde bir zad-a bar diýip çak etdim.

Ýöne esasy gürrüňimizden daşlaşmalyň. Birnäçe wagt geçenden soň jenaýatyň bolan ýerini gözden geçirmek we barmak yzlaryny almak üçin kriminalist-ekspertler topary geldi, ýöne olar inspektor Hatanonyň öň tapan zatlaryndan gaýry hiç zadyň üstünden barmadylar. Aýnanyň ýüzünde köne esginiň yzy bildirýär — ýöne ýekeje barmagyň hem yzy ýok. Hatda penjiräniň astynda ýaýrap ýatan aýna böleklerinde-de hiç hili yz ýokdy. Eýýäm diňe şonuň özi, ogrynyň ökdeliginden habar berýär. Ekspertler üsti soky bilen ýapylan aýak yzynyň nusgasyny gips guýup göçürip aldylar we örän seresaplyk bilen ony polisiýa bölümine ugratdylar.

Hasyrdy köşeşip, adamlar ýerli-ýerine darganda, gije iki bolupdy. Maňa Kodo bilen bir otagda düşek ýazypdylar, emma başdan geçen pajygalar sebäpli ikimiziň hem gözümize çiş kakylan ýaly boldy, eýlämize-beýlämize agdarylyp, wagty bilen ýatmadyk. Ýöne ikimizdenem ses çykmady — bolan waka barada kelam-agyz dil ýarmadyk.

«Altyn çaýylan» Akai

Men mymyrap ýatmany halaýan adam bolsamam, ertesi aladaňdan ýerimden böküp turdum. Syrly aýak yzlaryny ýagtyda synlasym geldi.

Koda süýji ukuda ýatyrdy, şonuň üçin şakyrdatmajak bolup, äpişgäniň gabsasyny ýuwaşlyk bilen açdym-da, aýaklarymy geta ( Geta — ýapon milli aýakgabynyň bir görnüşi.) sokdum-da, daş çykdym.

Ýöne geň galaýmaly, meni ýene öňürden ekenler. Bagda eýýäm Akai sümsünip ýördi. Ýaman adam — geçiniň öň aýagy ýaly ömür ara sokulyp ýör! Ýöne ony aýak yzlary gyzyklandyrmaýardy. Öýüň aňyrsynda bukdaklap — diňe kellesi görünýär — ol bir ýerlerik äňedýärdi… Geň zat, näme görjek bolýarka?..

Menem onuň seredýän tarapyna seretdim. Gözüňi egläre zat ýok: aşhananyň gapysy, deňinde — garry Suneniň owadanlyk üçin oturdan birnäçe düýp güli bardy. Ýöne olaryň arasynda üýtgeşik gül hem ýokdy.

Meniň gaty gaharym geldi, Akaini gorkuzmagy ýüregime düwdim: daraklygyma basyp assyrynlyk bilen ýanyna bardym-da, duýdansyz egnine kakdym. Täsiri garaşanymdan beter boldy: Akai zähresi ýarylan ýaly böküp, wägirdi:

— Waý-eý! Asyl bu senmidiň, Masumura-san?

Beýle täsire garaşmamsoň, özümem tisginip gitdim. Ýöne Akai şol bada howa hakdaky bolgusyz gürrüňlere geçdi. «Halys ýüregime düşdi» diýip pikir etdim. Sypaýylygy ýatdan çykaryp, aýaga çolaşyp duran Akaini gapdala süýşürdim-de, burçdan aňryk seretdim. Üýtgeşik zat ýok, diňe daň-säher oýanýan Sune söýgüli gülleriniň ýanynda bir zatlar dörýär. Ol ýerde ol adam yhlas bilen näme gözleýärkä? Düşnüksiz. Men Akaýä äňetdim, ol it ýylgyryşyny etdi.

— Nirä seredip durdyňyz? — diýip soradym.

— Hiç ýere, walla çynym! Siz bolsa ony-muny bileýin diýip daş çykan borly, şeýle gerek? Baýaky yzlary göresiňiz geldimi? — diýip, ol jogapdan gaçdy. Men göwünli-göwünsiz baş atdym.

— Onda ýörüň, bile gideliň! Hut şu wagt özümem şol ýere gitmekçi bolup durdum — diýip, ol ýany bilen çagyrdy.

Ýöne onuň meni aldandygy belli boldy. Haýatyň aňyrsynda eýýäm Akainiň eýläk-beýläk geçen aýak yzlary bardy. Diýmek, ol meni ýene bir ýola öňürdipdir. Oňa indi näme gerekkä?

Biz guýynyň ýanyna bardyk, ýöne ol ýerde hiç zat üýtgemändir.

Yzlar öňküsi ýaly guýynyň ýanyndan gaýdýar hem-de guýynyň ýanynda kesilýär. Ogrynyň aýak yzlaryndan başga-da düýn galdyran öz aýak yzlarymyzy, ýene-de daýaw itiň aýak yzlaryny tapdyk.

— Eger it aýak yzlarynyň ýerine aýakgaplaryň yzlary galdyrylan bolsady… — diýip, men hüňürdedim. It aýak yzlary boş meýdandan gelýärdi we guýynyň daşyndan aýlanyp, ýene şol ýere gidýärdi.

Şol wagt bir döwür köne žurnalda okan detektiw hekaýam ýadyma düşdi.

…Hekaýada öý giň meýdanyň ortarasynda dur. Bir gün öý eýesini dem-düýtsüz tapýarlar. Ölen adam tüwmaýak, şonuň üçin jenaýatçy — gelmişek bolmaly. Ýöne geň görmeli, jenaýatyň öň ýany ýagan garda aýak yzlary ýok. Jenaýat edeninden soň zalym asmana göterilipdir diýip çak uraýmak galýar. Dogry, howluda ýene bir yz — atyň nally aýak yzlary bar eken. Yzlar öýe barýar, soň — derwezä. Ilki, at merhumyň çekgesine depen bolmagy ahmal diýip çak edýärler, ýöne hakykat soň ýüze çykýar: ganhor derňewi bulaşdyrmak üçin atyň nalyny aýakgabyna kakypdyr. Belki, itiň aýak yzlarynyň maksady hem — ýalňyşdyrmakdyr?

Aýak yzlary uly, diýmek, it hem uly bolmaly. Eger emedekläp gitseň, onda aňsatlyk bilen itiň ýöreýşine öýkünip bolýar. Aýak yzlarynyň täzedigini göz öňüne tutsaň, onda it hem hut ogry bilen bir wagtda geçipdir.

Men öz pikirimi aýtdym, Akai göwnüýetmezçilik bilen:

— Görýän welin, siz juda zehinli aňtawçy ýaly-la! — diýip ýaňsyly ýylgyrdy, soň uzak wagtlap dymdy. Herniçik-de bolsa, bir töwra adam.

Ätiýaç üçin boş meýdanyň aňyrsyndaky ýoda çenli itiň aýak yzlaryny yzarlap gitdim, ýöne ýoda ownuk daş düşelipdir, şonuň üçin bu ýerde yzlar ýitýär. It ýoda bilen gidipdir öýdýän, ýöne nirä — sagamy, çepemi — belli däl. Men kriminalist bolmamsoň, aňym mundan aňryk gidip bilmedi. Hakyky aňtawçy, ýogsa-da, bu ýagdaýdan baş alyp çykardy.

Söz berşi ýaly, sagat altyda guýynyň ýanyna, derňew maksatlary bilen, inspektor Hatano geldi. Ýöne ol hem täze, üýtgeşik bir zat tapmady.

Ertirlikden soň Koda ikimiz hoşlaşyp, gaýtmakçy bolduk, sebäbi bu ýeriniň häzirki başagaýlygy aňkamyzy aşyrjakdy. Ýöne öz ýanymdan gidýändigime gynanýardym: pajyganyň dowamyny bilesim gelýärdi, emma bu ýerde-de bir özüm galyp biljek däldim! Şeýle-de bolsa, Tokiodan ýene bir gezek bu ýere gelmek gelşiksiz bolmazmyka diýýän.

Öýe barýarkam ýolugra Hiroitini görmek üçin hassahana sowuldym. Dälizde general bilen Akai oturan eken. Hanym Ýuki bilen Simako ejir çekeniň ýanyndan aýrylman nobatçylyk edipdirler, ukusyz gijeden soň olar ýarawsyz hem mejalsyz görünýärdiler. Hiroitini görüp bilmedim. Diňe generala palata girmäge ejaza berdiler. Çak edişim ýaly, Hiroitiniň şikesi agyr eken.

Iki günden ony görüp bolmazmyka diýip ýene Kamakura dolandym. Operasiýadan soň Hiroitiniň gyzgyny ýokary galypdyr, ýöne janyna howp ýetirip biljek ýagdaý sowlupdyr, şeýle-de bolsa, häzir ol ysgyn-mydarsyz ýatyrdy, hatda gürläp hem bilmeýär.

Hiroitiden ogrynyň ýüzüni görenini-görmänini soramak maksady bilen, inspektor Hatano hem hassahana geldi. Ýöne Hiroiti diňe jübi çyrasynyň şöhlesinden hem-de kimdir biriniň garasyndan başga hiç zat görmändigini aýtdy.

Bularyň barysyny maňa hanym Ýuki gürrüň beripdi.

Hassahanadan soň generala hormatymy bildirmek maksady bilen mülküne gitdim, yzyma gelýärkämem… Ýok, bu meniň akylyma syganok.

Garaz, mülkden çykyp, bilesigelijilik edip guýynyň töweregindäki boşlukda aýlandym, soň çagyl düşelen ýoda sowuldym, uly aýlaw edip demir ýol bekedine ýetip gelýärkäm, birdenem… Akai bilen ýüzbe-ýüz sataşdym! Şol geçiniň öň aýagy Akai.

Ol bir kaşaň mülküň derwezesinden çykyp barýan eken. Meni gördi, ogurlykda tutulan ýaly ýüzüni aşak salyp, gyssagly, ylgap diýen ýaly ýoluň beýleki tarapyna geçdi. Men seresap bolup ädimlerimi çaltlandyrdym, onuň söbügine mündüm. Akainiň çykan derwezesiniň deňesinden geçemde, ondaky ýazga seretdim: «Sanýuemon Kotono». Öz ýanymdan bu ady birnäçe gezek gaýtaladym, soň güýjümiň ýetdiginden ylgap, uzakda gözden ýitip barýan Akaiň yzyndan ýetdim.

— Gör, nähili duşuşyk! Bu sizmi eýsem, Akai-san?

Akai aljyrap, eýlesine-beýlesine garanjaklady.

— Hä-ä, sizem bärdemi? Ynha, jenap Ýukiniň halyndan habar alaýyn diýdim… —diýip, ol özüni aklaýan terzde gepledi, ýöne Sanýuemon Kotono barada bir agzam dil ýarmady. Men oňa seredip, doňup galdym: Akai, edil zergäriň şägirdi ýa-da germew ýasaýan ussa ýaly, dabanyndan depesine çenli altyn tozgasy bilen örtülipdir. Altyn tozga tomus gününiň şöhlesine gaty ýiti lowurdaýardy. Men üşerilip seretdim: hatda ýüzi, burnunyň ujyna deňiç, Buddanyň heýkeli ýaly, tyllaýy öwüsýärdi. Haýran galanymy gören Akai düşnüksiz mynny-mynny etdi.

Şol günler altyn bilen bagly zatlara aýratyn ähmiýet berýärdim: Hiroitä şikes ýetiren ogryny diňe altyn gyzyklandyran eken. Akai diýseň-diýmeseň şübheli adam! Ol hem jenaýat bolan güni Ýukiniň mülkündedi… Häzir bolsa öňümde dur, durşy bilen tylla çaýylan, üstesine, mese-mälim sypjyklyk edýär. Hawa, düşnüksiz. Jenaýaty ol eden däl bolmagy-da ahmal, ýöne bolup ýörşüni hem daş keşbini nähili düşündirerkä?

Biz gyssanman bekede tarap ýöredik, ýöne gürrüňimiz alşyp barmaýardy, ahyrsoňy gaýratlanyp, günüme goýmaýan soragy berdim:

— Aýtsaňyzlaň, Akai-san… Tüpeň sesi eşidilende, siziň myhman jaýynda ýokdugyňyz ýadyma düşýär. Soramaga rugsat beriň, şol wagt siz niredediňiz?

Akai bu soraga garaşan ýaly, höwes bilen jogap berdi:

— Meýlisden soň kelläm sämäp durdy. Özümi erbet duýdum, ýelejiräýin diýip arassa howa çykypdym. Üstesine, edil şol wagtlar dükana baryp gaýdaýsam diýdim.

— Görseňizläň… Onda siz tüpeň sesinem eşitmänsiňiz-dä?

Akai baş atdy, şondan soň gürrüň ýene-de öz-özünden galdy. Eslije arany dymyp ýöredik. Soň Akai bir patarraka urdurdy:

— Ýeri gelende aýtsam, jenaýatyň iki gün öňýany guýynyň ýanynda köne pürsler ýatyrdy. Hojaýyn olary satmadyk bolsa, it ol ýerde sümsünip hem ýörmezdi… Pürsler geçmäge päsgel berýär. Men muny ýap-ýaňy bildim.

Ol warsaky urýardy, üstesine-de, bu sözlerine uly ähmiýet berip gürleýärdi.

Ol ýa-ha köpbilmiş kezzap, ýa-da barypýatan akmak diýip pikir etdim. Pürsleriň ýatany-ýatmany bu ýere nireden geldi? Olar ite nähili päsgel bersin? Bu gürrüňleriň hiç hili ugur-utgasy ýokdy. Bu pikirimi Akaýä aýdamda, ol öýkeledi:

— Eger siz şeýle hasap edýän bolsaňyz… Gözel göwnüňiz.

Geň galaýmaly adam!

Ýiten guty

Şol gün başga hiç hili waka uçraman öýe dolandym, bir hepdeden bolsa ýene Kamakura gaýtdym. Sagalyp başlandygyna garamazdan, Hiroitini henizem hassahanada saklaýardylar. Onuň maňa garaşýandygyny aýtdylar. Bir hepdeläp Ýukilerden hiç hili habar-hatyr bolmady, gazetlerde-de jenaýat barada bir setirem ýazylmady, şonuň üçin derňewiň gidişinden habarsyzdym. Ýöne ogrynyň häzir hem ele düşmändigi aýandy.

Men palata girdim, Hiroitiniň ýüzi entek hem ak esgi ýalydy, ýöne keýpi kök hem şähdi açykdy. Palatanyň içi gülden doldurylypdyr. Hiroitiniň ýanynda hanym Ýuki bilen şepagat uýasy otyrdy.

— Hä-ä, Masumura-kun! — Hiroiti keýpiçaglyk bilen maňa elini uzatdy. Men uly hormat bilen onuň elini gysdym, bäri bakanyna begenýändigimi aýtdym.

Hiroitiniň ýüzi çytyldy:

— Bilýäňmi, indi bütin ömrüme agsak bolup galdym. Maýyp…

Men näme diýjegimi bilmedim. Hanym Ýuki ýüzüni öwürdi-de, gussaly gözlerini gyrpyldatdy.

Biz gürrüňiň mazmunyny üýtgetdik, Hiroitiniň ejesi bolsa, ony-muny satyn almaly diýip, öz işi bilen çykyp gitdi. Şepagat uýasyny Hiroitiniň özi ugratdy, indi biz del gulakdan çekinmän gürleşip bilýärdik. Gürrüň, elbetde, ogurlyga syrykdy.

Hiroitiniň sözlerine görä, polisiýa guýyny arassalapdyr hem-de ogrynyň aýagyndaka çalymdaş aýakgaplary satýan dükany tapmakçy bolupdyr, ýöne bary biderek; guýydan, ýogsa-da, hiç zat tapmandyrlar, aýakgap bolsa dükanlaryň köpüsinde ite dökün eken. Inspektor Hatano generalyň — at-abraýly hem gurply ýer eýesiniň — öňünde yzzat edýärdi, şol sebäpden Hiroitini görmäge hassahana gelmegi parz hasaplaýan ýalydy; Hiroitiniň derňewiň gidişi hakda gyzyklanýandygyny görüp, oňa ähli täzelikler barada jikme-jik hasabat berýärdi. Hiroiti:

— Bilýäňmi — diýdi — munuň öz kemi bar: netijede, menem diňe polisiýanyň bilýän zatlaryny bilýärin. Ýöne diýseň-diýmeseň, waka juda täsin… Yzlar laýyk guýynyň ýanyndan gaýdýar, şol ýerde-de kesilýär. Eger çynym, hut detektiw romanlardaky ýaly, şeýle gerek? Üstesine-de, ogry diňe altyn zatlary alypdyr. Bu-da bir tüýsli gümürtik. Seniň beri başga bilýän zadyň barmy?

Hiroitiniň özem mydama kriminalistika bilen meşgullanýardy, üstesine, jenaýat bu gezek hut onuň öz garşysyna edilipdi, şonuň üçin bu onuň höwesini has hem artdyrypdy.

Onuň bilmeýän zatlaryny: Akai, itiň aýak yzlary, Sune barada, mahlasy, anyklan zatlarymyň ählisini gürrüň berdim.

Hiroiti meni üns bilen diňledi, wagtal-wagtal oýa batyp, baş atýardy, gürrüňimi tamamlanymdan soň bolsa pikire çümdi. Ol gözüni ýumup ep-esli ýatdy, men hatda gowlukmyka beri diýip alada-da galdym. Ýöne Hiroiti birdenkä gözlerini açdy-da, garaçyny bilen:

— Maňa bir zat belli: bu jenaýat ähliňiziň bilşiňizden has çylşyrymly hem aýylganç. Bu nägehanyň gurnap ýören oýny ýaly-la, haw.

— Sen, näme, bu ýönekeý ogurlyk däl diýjek bolýarmyň? — Indi menem biygtyýar howsala düşdüm. Hiroiti gaty gorkýana meňzeýärdi.

— Hawa, jenaýatçy — ýönekeý ogry däl. Ol şeýlebir zatlary oýlap tapypdyr… Hatda iniň tikenekläp gidýär. — Hiroiti ýorganyny ýüzüne çekip, gaýgyly gözlerini üçege dikdi. Tomsuň süýr günortanydy, çyrlawuklaryň birdenkä sesleri ýatdy, birhili tebigata ters gelýän, gorkunç düýşdäkilere çalymdaş ümsümlik aralaşdy.

— Nämäniň pikirini edýärsiň? — diýip howatyrly soradym.

— Häzirlikçe hiç zat aýdyp biljek däl. — Hiroitiniň nazary häzirem üçege dikilgidi. — Bu diňe çaklama. Ýöne gaýtalaýan: men gaty gorkýan. Häzirlikçe pikirlenmeli, baryny mazaly ölçerip dökmeli. Bu ýerde syr kän. Bolan zatlar hiç maňzyma batanok… Bilýäňmi, munuň ýaly çylşyrymly hadysalaryň çözgüdi asla garaşylmadyk ýerden çykýar!

Hiroiti öz-özi bilen gürleşýän ýalydy. Ol ýene gözüni ýumdy-da, dymdy. Meger, onuň kellesinde täze bir pikir dörändir. Ýöne ony bilmek maňa başartmaz.

— Birinji gümürtiklik — aýagyz. Olar guýynyň ýanyndan gaýdýar, şol ýere ýetibem kesilýär. Hawa-a… Ine, mesele. Gulak goý, Masumura! Ýadyňa düşýän bolsa, inspektor Hatano bir çyzgy çyzypdy? Birki günlükde maňa ony görkezdi. Onda, diňle meni, yzlaryň öz aýratynlygy bar: jenaýatçy aýagynyň ujuny — gowky aýal ýaly — iç ýüze öwrüp basýar. Bu jikme-jikligiň ähmiýeti gürrüňsiz uly, ýöne esasy zat, hatda onda hem däl. Men pikirimi inspektora aýtdym, ýöne ol maňa gulak gabartmady. Emma bu geň galaýmaly zat ahbetin… Sen aňmadyňmy? Öýe eltýän yzlaryň hem-de öýden guýa eltýän yzlaryň arasy biri-birinden çendenaşa uzak. Özüň baha ber: munuň ýaly bolanda adam iň gysga ýoly saýlaýar. Ýagny, iki nokady birikdirýän göni ýoly. Ýöne, eger iki nokat hökmünde guýyny hem iş otagynyň penjiresini alsak, äňet, näme emele gelýär: olar göni däl-de, iki sany örän uly aýlaw bilen birikdirilen! Olaryň arasynda — uly agaç dur. Saňa bu geň görnenokmy? — Hiroiti detektiwleri hem-de her dürli syrly tapmaçalary gowy görýärdi.

— Ýok, geň däl! Gije, tümlük. Ogry tüpeň atdy, basga düşdi — şonuň üçin onuň başga ýol bilen gaçyp gitmegi geň däl.

Hiroiti wakalary birneme çişirýän ýaly göründi, şonuň üçin onuň tanapyndan çekmäge synanyşdym. Ýöne onuň birden gahary geldi:

— Sen hiç zada düşüneňok! Hut garaňky gije bilen tümlük bolansoň, şonuň ýaly yzlar galdy! Ogry gitmeli däl ugruna gorkusyna ylgamady — ýok, beýleki ýoly ol bilkastlaýyn saýlady. Meniň pikirimçe, ol ilki galdyran yzlaryny depeläsi gelmedi. Ýöne daşary tüm-garaňky, şol sebäpden ätiýaçlygy elden bermejek bolup, hut öz yzlaryny hem aýlanyp geçdi. Ýok, bu ýerde göze görnüp duran mekirlik bar. Men inspektordan, yzlaryň bolmanda bir ýerde kesişýän ýeri barmy diýip soradym — ýok, kesişmändirler. Sen bu zatlaryň ýöne ýerden däldigine düşünýäňmi beri?

— H-hawa, ähtimal — diýip ylalaşdym. — Ýöne näme üçin? Beýtmegiň hiç hili manysy ýok ahbetin!

— Bar! Ýöne, indiki meselä geçeliň… — Hiroiti Şerlok Holmesiň agzyna öýkünip, syrly gürlemäni gowy görýärdi.

Ony der basdy, dem alşy haýallady. Hiroiti gaşlaryny çytdy — aýagy agyran bolara çemeli, ýöne gowy görýän gürrüňine gyzyşanda, ýene janlandy.

Dogrudanam, bu ýerde nähilidir bir düşnüksiz syr ýatyr. Gardaşym ýöne ýere ynjalyksyzlanmaýar.

— Näbelliligiň ikinjisi: ogrynyň altyndan edilen zatlardan başgasyny göterip gitmezligem ýöne ýere däl. Pula hatda seretmändirem. Näme üçin? Altyn barada eşidemde, şobada bir adamy ýadyma saldym. Ol barada bu jelegaýlarda bilýän kişi az-az… Polisiýa hem gözden saldymyka diýýärin.

Hiroitiniň bir zatlary aýtmakdan saklanýandygy görnüp durdy, şonuň üçin:

— Sen kimi göz öňüne tutdyň? Men ony tanaýanmy? — diýip soradym.

— Ýok, tanaňok. Diňe Koda habarly. Men oňa gürrüň berdim.

— Sen näme, şoldur öýdýärmiň.

— Ýok, sen düşünmediň. Bu ýerde başga zat bar. Hut şonuň üçin, men Hatana hiç zat aýtmadym. Hawa, görýän welin, diýseň-diýmeseň saňa-da bir zatlar düşündirmeli boljak. Umuman, men şol adama güman etjek hem boldum, ýöne şobada bu wersiýany aradan aýyrdym. Ýok, ol bize beýleki wersiýalarda-da gerek bolmaýar… Hiroiti ýene-de gözüni ýumdy. Erbet häsiýeti bar, gaharyňy getirmese bolanok. Ýöne etjek alajyň ýok: kriminalistikada ol menden güýçli.

Sabyr etdim, ahyrsoňy maňa-da sereder-dä diýip garaşdym. Ýöne, Hiroitiniň gözleri joşup ýandy.

— Ýiten zatlaryň arasynda iň ulusy — beýikligi on iki santimetrlik stol sagady. Agramy bir kilogram töweregi. Ol seniň ýadyňdamy?

Men egnimi gysdym.

— Ýok, ol diýen ýadyma-da düşenok. Meniň pikirimçe, sen mamla. Ýöne onuň beýikliginiň hem agramynyň muňa näme dahyly bar? Sen birhili ters gürleýäň.

Göwnüme Hiroitiniň hatda gyzgyny galan ýaly boldy, maňlaýyna degreýin diýip elimi uzatmakçy boldum, ýöne siňe seredip, onuň diňe tolgunýandygyna düşündim.

— Sen nähili düşnüksiz? Bu örän wajyp ahbetin! Men ogurlanan zatlaryň agramynyň hem göwrüminiň jenaýata gönüden-göni gatnaşygynyň bardygyny diňe häzir aňdym!

— Sen ogry olary ýeňillik bilen äkidip bilerdi diýjek bolýarmyň? — diýip ondan soradym, ýöne samsyk gürrüň edendigime düşündim. Hiroiti bolsa soragyma jogap bermän, düýbünden ugursyz zatlary gürledi:

— Masumura, diňle meni. Şol içi gülli güldany görýäňmi — hanha, yzyňda. Şony eliňe alyp, bat bilen ho-ol haýada tarap zyň.

«Munuň-a aňkasy aşypdyr» diýip pikir etdim. Güldandan başga işi ýok ýaly. Oňa näme üçin ýapyşyp ýatyrka? Ýönekeý güldan, farfordan edilen, on bäş santimetrden beýik däl.

— Hiroiti-kun, sen näme diýýäniňi beri bilýäňmi? Güldan döwler ahbetin. Akylyň ýerindemi?

Dogrudanam, ol akylyndan azaşyp ýören bolmasyn diýip şübhelendim.

— Hiç, goý, döwülsin. Bu biziň güldanymyz, öýümizden getirildi, şonuň üçin alada galma. Hany bol, zyň!

Meniň ikirjiňlenip duranymy görüp, Hiroiti gaharly ýatalgadan turmaga synanyşdy. Hakyt akylyndan azaşypdyr! Oňa hatda hereket etmek hem gadagan ahbetin.

Men indi hassanyň kejine gaýtmaly däl diýen karara geldim-de, onuň ýarym samsyk talabyna tabyn boldum — güldany alyp, ony penjireden bäş ädim aňyrdaky beton haýata tarap bar güýjüm bilen okladym.

Hiroiti kellesini galdyryp, güldany gözi bilen ugratdy. Onuň islegi kanagatlandyryldy, ol köşeşdi.

— Örän oňat! Sag bol — diýip, ol hiç zat bolmadyk ýaly hoşallyk bildirdi.

Men bolsa gorkyma doňdum: häzir güpürdini eşiden kimdir biri hökman palata ylgap geler…

— Hawa, ýogsa-da, garry Sune… — Hiroiti garaşylmadyk ýerden gürrüňi başga ýana sowdy. Onuň pikirleri galagoplyk bilen eýläk-beýläk aşýardy, şonuň üçin men ýene-de alada galdym. — Bu örän wajyp tutaryk!

Hiroiti maňa jinnek ýaly hem üns bermeýärdi.

— Diýmek, men şu ýagdaýa düşüp, başagaýlyk dörände, Sune penjiräniň ýanyna bukdaklap baryp, örän parahat oturypdyr, şeýlemi? Ör-rän gyzykly… Sen düşünýäňmi?! Onuň akyl-huşy ýerinde ahyryn! Ýok, munuň bir emmasy bar!

Men:

— Ýogsa näme, elbetde, özüne ýetesi bir sebäbi bardyr. Ýöne häzir asla hiç zada düşünemok — Men biraz gaharlanyp hüňürdedim.

— Men bolsa düşündim öýdýän — diýip, Hiroiti kinaýaly ýylgyrdy. — Hany, indi biljek bol, ol goja ertesi irden näme işländir öýdýäň?

— Ertesi irden? Sunemi? — Men aljyradym.

— Hany, ýadyňa sal. Sen öz gözüň bilen görüpsiň-ä… Ýöne sen Akaini yzarlamak bilen başagaý bolup, oňa üns hem beren dälsiň… Edil ýaňy bu barada özüň aýtdyň! Ýadyňa düşýärmi, Akai çüňkden bir zatlara jyklap durdy diýdiň, şeýle gerek?..

— Hawa, bu maňa geňem göründi-le.

— Ýok-la, sen mydama başga zadyň pikirini edýäň. Ol ýerde ýene-de Sune bardy ahbetin.

— Wiý, hawa. Ýadymdan çykaraýypdyryn. Haý, men kelesaň!

— Seniň özüň, Sune gülçanakda bir zatlar dörýärdi diýdiň ahbetin. Ol ýerde häzir gül ýok, heniz ekin ekmegiň wagty däl. Onda Sune ol ýerde näme işledikä? Goja ol ýerde başga bir zat edýärdi diýip pikir etsek, çakymyz dogry çyksa gerek.

— Başga zat edýär?! Näme bilen meşguldyka onda?

— Hany, gowuja pikirlen. Agşam, ähli kişi başagaýka, Sune, näme üçindigi belli däl, penjiräniň ýanynda otyrdy. Ertesi bolsa ol eýýäm gülçanagy dörüp ýör. Bu iki başlangyja esaslansaň, diňe bir dogry netije çykýar: ol ýerde, ol bir zat gömendir! Ol ýerde haýsy sebäp bilen näme ýaşyrjak bolanyny bilmedim, ýöne bir zat, gürrüňsiz belli: oňa elindäki zady gowy edip gizlemek gerek boldy. Penjiräniň öňünde hem ol hut şonuň üçin oturandyr. Gülçanak juda amatly buky: birinjiden, ol aşhananyň gapysynyň ýanynda ýerleşen, ikinjiden bolsa, garrynyň gül ekmek üçin däl-de, başga bir niýet bilen ýer gazýandygy kimiň kellesine gelsin? Hany diňle, häziriň özünde mülke ugrap, meniň üçin gül ekilen ýerleri dörjeläp çyk, her zat et, ýöne Suneniň gizlän zadyny tap. Tapaňsoňam şu ýere getir! Topragyň reňkine görä, ol zadyň nirede gömlendigini aňarsyň.

Men Hiroitiniň kellesiniň işleýşine haýran galdym. Sebäbi Suneniň ýanynda dursamam, munuň ýaly pikir asla kelläme-de gelmändi, Hiroiti bolsa şobada hemme zadyň änigine-şänigine ýetipdir.

— Bolýar, baryp gaýdaýaryn. Ýadyňdamy, sen bu wakany bir al-arwahyň pirimine meňzedipdiň? Bu diýýäniňde bir many bar bolmagam ahmal. Ýöne näme üçin güldany zyňyp, döw diýeniňe düşünmedim. Düşündir!

— Ýok, ýok, entek bu häki bir çaklama. Düşünýäňmi, ýalňyşardan bu iş juda irnik. Bolmanda, häzir beri sorama. Ýalňyşmaýan bolsam, iş çak edişimizden has hem çylşyrymly. Ýogsam munuň ýaly howsala düşmezdim!

Men şepagat uýasyny çagyrdym, Hiroitini oňa tabşyrdym. Palatadan çykyp barýarkam, yzymdan Hiroitiniň burnuna salyp «Belaň körügi zenanda, belaň körügi…» diýip, hüňürdeýşi eşidildi.

Ýukilere men garaňky düşende bardym. General öýde ýok eken, men hem dörän örän amatly pursatdan peýdalanyp, barşyma baga çykdym. Gözlegimiň gysgajyk jemini jemläp, ýagny gülçanagy dörüp, gerek zadymy tapandygymy aýdaýyn. Tapyndy meni birneme geňirgendirdi: äýnek salynýan arzan alýumin guty. Ony ýaňy-ýakyn gömendikleri bildirýär. Gutyny Suneden gizlin hyzmatkär zenanlaryň birine görkezdim, geň hem bolsa, gutynyň eýesi — garry Suneniň özi bolup çykdy. Hyzmatkär zenan gutuda belligiň bardygyny, şonuň üçin hem muny anyk bilýändigini aýtdy.

Onda Sune gülçanakda hut öz zadyny gömüpdir-dä! Akyla sygmajak zat. Näme üçin goja ýönekeý äýnek gutusyny ýere gömdükä, ýöne birdenkä ol bir zadyň subutnamasy bolaýmasyn? Ony ulanyberende-de boljak ahbetin. Sebäbi elinde günde görülýän zadyň birdenkä ýitmegi has şübheli dälmi, eýsem…

Umuman, men näçe kelle döwsem-de, hiç zada düşünmedim. Gutyny Hiroitä eltip bermegi dogry bildim, hyzmatkär zenana bolsa bu barada hiç bir ýerde dil ýarmazlygy we lakgyldap ýörmezligi berk tabşyrdym. Ýöne edil şol wagt… Edil şol ýerde, meniň pikirimçe, asla akyla sygmajak bir zat boldy.

Öň aýdyşym ýaly, hojaýyn öýde ýok, otagynda yş görünmeýär. Ynha, birdenkä alagaraňky bagda biriniň garasy göründi. Ol maňa golaýlaşdy. Akai! Ol gijäniň içinde bu ýerde näme işleýärkä, üstesine, hojaýyn öýde ýok wagty?

Meni görüp Akai doňdy. Men hem ony görüp haýran galdym: ol içki eşikdedi, aýakýalaňaçdy, üstesine — biline çenli palçykdan ýaňa garagäzdi.

— Size näme boldy? — diýip, ondan soradym. Akai utanjaňlyk bilen balyk tutandygyny, ýöne aýagynyň tyrpyp, suwa ýykylandygyny aýtdy.

— Bilime çenli düýbündäki lüýge batdym — diýip, ol özüni aklap düşündirdi, soňam gözden ýitdi.

Altyna aňyny aldyran

Tiz wagtdan men Hiroitiniň palatasynda otyrdym. Hanym Ýuki meniň bilen sowa düşüp, gaýdypdyr, Hiroitiniň ýanynda içini gysdyryp şepagat uýasy oturan eken. Meni görüp Hiroiti ony goýberdi.

— Sen mamla ekeniň. Gözlän zadymy tapdym. Ynha, seret! — Men onuň ýatalgasynyň üstünde äýnegiň gutusyny goýdum. Hiroiti geň galmasyny saklap bilmedi.

— Diýmek, men ýalňyşmandyryn-da. Ýöne näme-de bolsa… — diýip, ol bir zatlar mydyrdady.

— Näme-de bolsa diýmäň näme? Diýmek, sen bilipsiň, dogrymy? Hyzmatkär zenan, bu Suneniň gutusy diýdi. Görle muny, oňa öz zadyny gizlemek nämä gerek bolduka?

— Hawa, bu Suneniň gutusy, ýöne bu ýerde ýene bir änigine-şänigine ýetmeli zat bar… Sen düşünmediňmi?

— Nämä?

— Men bolsa indi sähelçe-de şübhelenmeýärin. Hawa, bu hut onuň özi. Onuň niýeti…

Hiroiti soragyma jogap bermedi. Onuň juda tolgunýanlygy mese-mälim bildirýärdi. Onuň jenaýatçynyň kimdigini aňandygyna düşündim. Muny sorap, anyklaýyn diýen badyma gapy kakyldy. Hassany soramak üçin ýene inspektor Hatano gelen eken. Hawa, onuň Ýukiler maşgalasynyň öňünde görkezýän yhlasy gulluk borjunyň çäginden çykýany açyk bildirýärdi. Ol:

— Hä, daýanyp başlapsyňyz-ow — diýdi.

— Indi gowulaşýan.

Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, inspektor birden resmi äheňe geçdi:

— Dogrymy aýtsam, gijäniň içinde bu ýere gelmegimiň özüne ýetesi sebäbi bar. Men käbir zatlardan sizi habarly etmekçi — Hatano maňa gözüniň gytagy bilen seretdi.

— Bu Masamura-san. Siz muny tanaýarsyňyz ahbetin, inspektor. Ol meniň ýakyn dostum, şonuň üçin ýanynda islän zadyňyzy aýdyp bilersiňiz — diýip, Hiroiti inspektory arkaýyn etdi.

— Aý ýok, bu ýerde gizlin zat hem ýok. Biz ogryny tapdyk. Jenaýatçy tussag edildi.

— Näme? Tussag edildi? — diýip, Hiroiti ikimiz allaniçigsi bolup gygyrypdyrys. — Kim ol?

— Ýuki san, size Kotono atly adam tanyşmy? Ol siziň ýanyňyzda ýaşaýar.

Oho, al saňa gerek bolsa, Kotono… Okyjy entäk «altyn çaýylan» Akaini ýadyndan çykaran däldir-le?

— Hawa, tanyş. Onsoň?

— Onuň Misuo atly ogly bar. Ol kemakyl. Ony gulp astynda saklaýarlar, hiç haçan öýden çykmaýar. Şol sebäpden siz bilmeýän hem bolmagyňyz ahmal. Biziň özümiz hem bu barada diňe şu gün bilip galdyk.

— Ýok, bilemok. Onda siz — jenaýatçy Misuo öýdýärsiňiz-dä?

— Edil özi. Biz ony tutduk, hatda sorag hem etdik. Dogrusy, ol häzir nämäniň nämedigine düşünmeýär, şonuň üçin günäsini boýnuna goýup bilmedik. Misuonyňky üýtgeşik telbelik. Ol altynyň yşgyna düşüpdir — hakyky was-was — ýalpyldaýan zat görse öýüne daşaýar. Bilýäňizmi, onuň öýüne giremizde, agzymyzy açyp galdyk. Otag öwşün atyp dur, tüýs bir ybadathanaň bar-da! Gyzyl çaýylan ownuk-uşak bezegler, latun tozgalary, folga, diňe ýalpyldaýan zatlar — umuman, altyna meňzeýän, şol sanda gyzyl çaýylan baget bilen altyn kagyz, başga-da şoňa meňzeş zatlar. Otagyň içinde şonuň ýaly zatlaryň derdinden aýak basmaga ýer ýok.

— Muny eşitdim. Diýmek, siziň sözüňize görä, hut şol bagtygara ogry bolup çykýar-da?

— Hawa. Gapjyga el urmandyr. Diňe ýalpyldaýan zatlary alypdyr, hatda arzan syýagalamy hem goýmandyr. Bu asla akyla sygmajak zat ahbetin! Men hakyky ogry öz akylynda däl diýip pikir edipdim, ýalňyşman ekenim: ol däli bolup çykdy. Bu hakykat.

— Onsoň ogurlanan zatlaram tapyldymy?

Hiroitiniň sesi birtüýsli kinaýaly ýaňlandy.

— Ýok, häzirlikçe tapylmady. Biz ähli ýeri dördük, ýöne onuň otagynda zat ýok. Bu kemakyl olary islän ýerinde, iň garaşylmadyk ýerde gizläp biler. Biz, ýogsa-da, ýene bir gezek öýi gözden geçireris.

— Siz şol gije Misuonyň öýden çykyp gidendigine doly ynamyňyz barmy? Öýündäkiler hem muny bilmändirlermi? — Hiroiti inspektory iňňän erjellik bilen sorag edýärdi, şonuň üçin ol nägilelik bilen ýüzüni çytdy.

— Öýündäkileriň aňmadyk bolmaklary ahmal. Ýöne şol agşam Misuo iň çetki otagda eken, şonuň üçin onuň penjireden böküp, hiç kime bildirmän haýatdan aşan bolmagy mümkin.

— Dogry, dogry… — Hiroitiniň gep-söz urşundaky kinaýa gitdigiçe ýaňsa meňzäp barýardy. — Ýeri, siziň meşhur guýynyň ýanyndan gaýdyp, şol ýere ýetibem tapba kesilýän aýak yzlaryňyzy näme etjek? Olary görmezlige salyp bilmersiňiz ahbetin!

— Siz meni soraga çekýäňizmi? — Inspektor ýene-de maňa gözüniň gytagyny aýlap, ýasama gülküsini etdi, ýöne onuň ganynyň gyzandygy bildirip durdy. — Özüňizi biderek ýere azara goýup ýörmäň. Bular ýaly iş üçin kazyýet bilen polisiýa aýlyk alyp otyr.

— Gaharlanmaň, inspektor. Ejir çeken — men, şonuň üçin ähli zat barada meni habarly etseňiz gowy bolar.

— Men size hiç zat aýdyp biljek däl. Sebäbi siz heniz özümiziň hem bilmeýän zadymyzy soraýarsyňyz. — Inspektor ýasama ýylgyrdy. — Aýak yzlary heniz öwrenilýär.

— Diýmek, häzirlikçe sizde takyk subutnama ýok. Diňe bir tötänlikler — kemakyl ýigit bilen onuň öýündäki tylla-zer, şeýlemi? — diýip, Hiroiti sözüni gödek ýaňsy bilen tamamlady. Hatda menem özümi oňaýsyz duýdum.

— Tötänlikler diýdiňizmi? — Sabyr-takatly inspektor ahyrsoňy ýaryldy. — Sözüňizi saýlap gürlemegiňizi haýyş edýän! Siz näme, polisiýa ýalňyşýar diýjek bolýaňyzmy?

— Edil özi — diýip, Hiroiti iň soňky urgyny etdi. — Misuo Kotononyň tussag astyna alynmagy — gabahat ýalňyşlyk.

— Nä-me-e?..

Inspektor aýtmaga söz tapmady, ýöne borjunyň hatyrasyna gaharyny ýuwutmaly boldy:

— Siz muny delillendirip bilýäňizmi? Bolmasa, bular ýaly oýlanyşyksyz sözleri dile getirmegi maslahat bermezdim, ýagşy ýigit.

— Delil diýýäňizmi? Näçe diýseňem bar! — diýip, Hiroiti parahat jogap gaýtardy.

— Delil bolçulygy diýsene, bäý-bä? — diýip, inspektor awusyny pürkdi. — Ogurlyk edileni bäri ençeme güni hassahanada ýatyp geçiren halyňyza onçalap delil köküni nireden ýygnamaga ýetişdiňiz? Siz ýa-ha agzyňyza gelenini gürläp otyrsyňyz, ýa-da henizem narkozdan aýňalmansyňyz.

Hiroiti hahahaýlap güldi:

— Hä, gorkaýdyňyzmy?! Ýalňyşýandygyňyzy subut edip biljegimden gorkýaňyzmy?

Inspektor gahardan ýarylaýjak boldy, ýöne garşydaşy — gögele oglan, üstesine, hassa, ýeriňden turup, ötägitmek mümkin däl. Hatanonyň çekgesiniň düwünleri çişdi. Ol oturgyjyny güpürdedip, Hiroitiniň golaýyna süýşdi:

— Onda, boluň hany, aýdyň bakaly. Kimmiş jenaýatçy?

Emma Hiroiti petige tiňkesini dikip, sessiz ýatyrdy, pikirlerini jemleýän bolara çemeli.

Ýogsa-da, dogrudanam, Hiroiti diňe şübhelenýän adamy barada dilinden sypdyrypdy, ýöne hakyky jenaýatçy ol däl diýdi. Hawa-la, ýogsa näme, ol hut Misuo Kotonony göz öňünde tutandyr! Golaý-goltumda şonuň ýaly kemakylyň ýene biri tapylaýsa ne ýagşy. Diňe jenap Akai diýäýmeseň. Dogrusy, ol beýleki adamlaryň baryndan şübheli görünýär. Onuň Kotonolardan burnunyň ujuna çenli altyn tozgasyna bulaşyp çykyp barşy häzir hem gözümiň öňünde. Belki, Misuo ikisi bir guýynyň suwuny içendir?

Hawa, ýöne Hiroitiniň ýanyndan Ýukilere gülçanagy agdarmaga gaýdanymda, ol bir zatlary-ha düşnüksiz hüňürdeýärdi, aýal adam baradamyka diýdim. Bu nämäniň alamaty? Ol, jenaýatda zenanyň eli bar diýip kakdyrdymyka? Hawa, ýagdaý-a şeýle… Näme üçindir Simako ýadyma düşdi, ýöne onuň bu waka nähili dahyly barka? Zenan… Ogrynyň galdyran yzlary zenanyň aýak yzlaryna meňzeýär. Tüpeň sesinden soň bolsa otagdan Hisamasu — Simakonyň söýgüli pişigi atylyp çykdy. Hawa, indi mundan nähili netije gelip çykýar? Jenaýatda Simakonyň eli bar diýildigimikä? Biderek zat. Ondan has şübheli adam bar ahbetin — goja Sune. Ilki bilen, hamana, äýnek gutusyny ýitirýär, soň bolsa näme üçindir ony gülçanakda gizleýär…

Oňa çenli Hiroiti gözüni açdy-da, takadyny ýitiren Hatano seretdi.

— Men, Misuo Kotononyň bildirmän öýden çykyp gidip biljegini inkär etmeýärin ahbetin. Ýöne bir adama-da, hatda kemakyllaryň arasyndaky iň bir kemakyla-da, ýerden hem, asmandan hem, yz galdyrman geçip gitmek berlen däldir. — Hiroiti her bir sözüni ölçerip gürleýärdi. — Siz guýynyň ýanyndaky yzlary nähili düşündirip bilersiňiz? Bu esasy mesele ahbetin. Biz munuň ýaly wajyp subutnamalardan ýüz öwürmeli däl. Derňewiň gidişi şoňa bagly. Bu meseläni çözmän jenaýatçyny tapmak mümkin däl…

Hiroiti aýdylanlaryň täsirini güýçlendirmek üçin sözüne dyngy berdi, demini dürsedi, soň agyra çydamaýan ýaly, ýüzüni mürşertdi. Onuň aýdýanlarynyň dürslügi, jany ýok däldigi ikuçsyzdy, şonuň üçin onuň ynamly gürleýşine sussy basylan Hatano birtüýsli pyssardy-da, sesini çykarman, gürrüňiň dowamyna garaşdy.

— Siziň ýanyňyzda oturan Masumura-kun örän gyzykly çaklamany öňe sürýär… Jenap Hatano, guýynyň ýanynda itiňem aýak yzlarynyň tapylandygy size mälimmi? Ýöne olar göni terse, boşlugyň aňyrsyndaky ýoda barýar. Gepiň küle ýeri, Masumura-kunyň pikiriçe, jenaýatçy bu yzlary ýörite şoňa öýkünip galdyrandyr diýip çak edýär. Bularyň bary gaty gyzykly, ýöne ýeterlik däl. Näme üçin diýip sorarsyňyz? — Hiroiti maňa seretdi. — Sebäbi jenaýatçy guýydan öýe çenli iki aýagy bilen ýöräp gitmeýär. Hatda kemakyl üçin hem bu öte ýalňyş pikir. Ondan başga-da, bular ýaly pirim tehniki taýdan çylşyrymly, köp işi hem başarnygy talap edýär. Ýok, kemakylyň-a bu asla kellesine-de gelmez! Şonuň üçin, Masumuranyň çaklamasy — ýalňyş. Şeýlelikde, başlangyç nokada gaýdyp gelýäris: syr — syrlygyna galdy. Ýogsa-da, inspektor, siziň çyzgyňyz ýanyňyzdamy? Ondan jogabyň açaryny taparys diýip pikir edýärin…

Bagtyna, kitapça inspektoryň jübüsinde eken. Ol gerek sahypany açyp, ony Hiroitiniň düşeginiň üstünde goýdy. Ol bolsa kitapçany eline alyp, yhlas bilen pikirini ýaýbaňlandyryp başlady:

— Ynha serediň! Öýe eltýän yzlar hemem guýa eltýän yzlar biri-birinden has uzakda. Men Masumura muny irden aýdypdym. Jenaýatçy janhowluna ylgaýar. Siz nähili pikir edýärsiňiz, ol munuň ýaly uly aýlaw edermi? Ondan başga-da, yzlar bir gezek hem biri-birini kesmeýär. Bu-da örän geň. Düşünýäňizmi? Ogry öz yzlaryny basmajak bolup jan edipdir. Şonuň üçin hem ol bilgeşleýin aýlaw edip ýöräpdir.

— Hakykatdanam… diýip, inspektor pikirli gürledi. — Yzlar, hakykatdan hem, biri-birini kesmeýär. Siz mamla bolaýmagyňyz ahmal — jenaýatçy, hakykatdan hem, yzlary basmajak bolupdyr. Ýöne näme üçin? Bu oňa nämä gerek bolduka?

Inspektor şeýle bir aljyraňňy göründi welin, Hiroitiniň, hatda jany ýanyp başlady.

— Bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok. Jenap Hatano, siz ýalňyş çaklamanyň toruna çolaşan adam. Siz arasy ýygy aýak yzlaryň esasydygyny, arasy selçeň aýak yzlarynyň bolsa beýle wajyp däldigini nygtaýardyňyz. Bu bolsa sizi, yzlar guýynyň ýanynda başlaýar we şol ýerde kesilýär diýen ýalňyş netijä getirdi. Ýöne onuň ýaly gudrat ýok!

— Siziň pikiriňizçe — hemme zat tersinemi? Yz iş otagynyň penjiresinden başlap, şol ýerde kesilýärmi?

— Ýogsa näme. Men muňa bireýýäm düşündim.

— Ýok, bolgusyz gürrüň! — diýip, inspektor gyzaryldy. — Eger siziň ogryňyz beýle akylly bolsa, onda näme üçin ol ýoda çenli gitmäge ýaltanmandyr. Boş meýdanyň ortarasyndan yzyňa dolanmak — akmaklyk ahbetin! Hawa, ýigit, muny maňa nädip düşündirersiňiz?

— Aňsatlyk bilen — diýip, Hiroiti gülümsiredi. — Esasy zat — gije tüm garaňkydy.

— Bolanda näme? Ol guýa deňiç ýetipdir ahbetin! Ol ýerden bolsa ýoda çenli ara uzak däl.

— Siz maňa düşünmediňiz, inspektor. Ogry ýalňyşypdyr. Ol ýoda çenli gitmese-de bolýar diýip hasap edipdir. Bu psihologiki hadysa… Aýdyň, siz guýynyň ýanynda öň köne agaçlaryň üýşürilip goýlandygyny bilýärdiňizmi? Olaryň jenaýatyň öňüsyrasy aýyrdylandygynam eşitmänmidiňiz? Jenaýatçy olaryň äkidilendiginden bihabar, şol hem ýalňyşlyga getirdi. Agaçlarda el yzlarynyň galmaýandygyny hemmeler bilýär. Şonuň üçin hem ogry, aňyrlygyna gitmegiň peýdasy ýok diýip, ýalňyş pikir edýär. Tüm garaňkyda agaçlaryň ýokdugyny görmeýär. Üstesine, guýynyň diwary bilen çaknyşyp, olara agaç üýşmegidir öýden bolmagy ahmal…

Gör, munuň ýönekeýdigini! Meniň biygtyýar lapym keç boldy. Agaç üýşmegini menem görüpdim. Ýok, diňe bir görmedimem, hatda… Hawa, hakykatda, Akai hem agaçlar barada maňa bir zatlar samrapdy, ýöne şonda onuň sözlerine ähmiýet bermändim… Gör, men nähili akmak! Hiroitiniň hassahanada, ýerinden galman ýeňillik bilen çözen zadyna men häli-häzire çenli düşünmändirin.

— Başga söz bilen aýdanyňda, siz, jenaýatçy derňewi ýalňyş ýola ugrukdyrmakçy bolupdyr diýýärsiňiz, şeýlemi? Şeýlelikde, ol başga bir ýerden gelmändir-de, hut mülküň öz içinde eken-dä?!

Inspektor Hatano indi jedelleşmedi. Ol Hiroiti haçan jenaýatçynyň adyny aýdarka diýip garaşýardy.

Ýönekeý arifmetika

Hiroiti:

— Onda, howludaky yzlar galp, jenaýatçam asmana göterilmedik bolsa, ol öýden başga hiç ýerde bolmaly däl — diýip, pikir öwürmegini dowam etdi. — Beýle bolsa, sorag ýüze çykýar: näme üçin ol diňe altyn zatlary alypdyr? Sorag, dogrusy, has çylşyrymly. Birinjiden, jenaýatçy Misuo Kotononyň ýetmezi barada ikuçsyz bilýän bolmaga çemeli, şonuň üçin hem günäni şonuň üstüne atmak üçin elinden gelenini edipdir. Yzlaryň boş meýdana tarap barýany ýöne ýere däl… Ikinjiden, bu ýerde ýene bir inçe syr bar. Men ýiten zatlaryň agramyny hem göwrümini göz öňüne tutýan…

Men bu pähimsiz gürrüňleri öň hem eşidipdim, şonuň üçin aýratyn geň galyp hem durmadym, ýöne inspektor Hatano tas özünden gidipdi.

— Siziň çyzgyňyz — jenaýatyň aýdyň resminamasy — diýip, Hiroiti sözüni dowam etdirdi. — Aýdyň, inspektor, näme üçin onda siz diňe bir jaýyň däl, eýsem, bagyň hem suratyny çekdiňiz? Bilgeşleýinmi ýa-da tötändenmi?

Hatano has hem aljyrady.

— Neme! Menmi?.. Näme diýmekçi bolýaňyz?.. — diýip, ol sakawlady.

— Zatlar altyndan ýasalan, özi hem gaty gymmat, şonuň üçin olaryň ogrynyň ünsüni özüne çekmeginde üýtgeşik zat ýok. Ýöne olarda ýene bir aýratynlyklar bar: zatlaryň barysy kiçi, ýöne gymmaty uly. Hut şol hem ogra geregi: ol oljasy bilen diňe ýalandan gaçyp giden bolupdyr. Hakykatda bolsa, ol ogurlan zatlaryny göni iş otagynyň penjiresinden oklap goýberipdir. Masumura-kun, içi gülli güldan ýadyňdamy? Agramy boýunça ol ogurlanan sagat bilen deň, şonuň üçin näçeräk uzaklyga düşerkä diýip penjireden zyňyp goýberdim. Başga söz bilen aýdanyňda, ýiten zatlary howzuň çen bilen nireräginden gözlemelidigini bilmekçi boldum.

— Ýöne jenaýatça munuň ýaly bolgusyz hysyrdyly zada baş goşmak nämä gerek bolduka? Onuň ähli zady ogurlyk hökmünde görkezmäge synanyşandygyny aýdýarsyňyz. Ol nähili ähli zat? Ol, näme, ýene bir zatlar ogurlapmydyr? Eýsem-de, onuň başga niýetleri barmydy?

— Düşünmediňizmi? Jenaýatçy meniň janyma kast etmäge synanyşdy! Onuň niýeti — meni öldürmek!

— Sizimi?! Kim?.. Näme maksat bilen?

— Gyssanmaň. Häzir ähli zady düşündirerin. Ýöne, ilki bilen, aýdyň, meni sapança bilen atmak ogra nämä gerek boldy? Kiçi ogurlyk — bu, hakykatdan hem, ownuk ogurlyk — adama kast etmek synanyşygy ýa-da adama agyr şikes ýetirmek bilen deň däl. Bu jenaýatlar özara baglanyşmaýar, olar jenaýat kodeksiniň dürli maddalaryna degişli, şonuň üçin çekmeli jogapkärçiligem başga. Men şonda bu ýerde üýtgeşik bir zad-a bar diýip pikir etdim. Soň bolsa jenaýatçynyň meň daşyma geçendigine düşündim. Ogurlyk bolsa häki bir inçelik bilen gurnalan hile.

— Siz kimi güman edýärsiňiz? Duşmanyňyz barmy? — diýip, inspektor sabyrsyzlyk bilen sorady.

— Bu ýönekeý arifmetika. Ilki bilen kime şübhelenjegimi hem bilmedim. Ýöne ähli maglumatlary seljerişdirip, ýeke-täk netijä geldim. Entek aňmadyňyzmy? Bolýar, hany, tijeniň — derrew düşünersiňiz. Howuzdan gözläň… Hawa, gaty ýönekeý arifmetika. Ikiden biri aýyrsaň bir galýar. Bu juda ýönekeý… — Hiroiti birneme sägindi. — Eger bagdaky yzlar ýasama bolsa, onda jenaýatça gaçmaga ýeke-täk ýol galýar: ol fligel bilen esasy binany birikdirýän dälizden geçmeli bolýar. Ýöne tüpeň atylanda dälizden Koda geçip barýardy. Ýadyňyzda bolsa, däliziň gapdal çykalgalary ýok, üstesine ol ýeri ýap-ýagty. Şonuň üçin, Koda jenaýatça hökman ýüzbe-ýüz gabat geläýmeli. Dogrusy, golaýda ýene bir otag — Simako-sanyň iş otagy bar, ýöne görşüňiz ýaly ol ýerde gizlenmek mümkin däl. Ýagny, mantyga görä çak ursak, jenaýatçynyň başga gitjek ýeri ýok.

— Menem meseläniň şol ýerinde kürtdürip durdum — diýip, inspektor söz atyp galdy. — Şonuň üçinem soň ogry başga ýerden gelendir diýen çaklama ýykgyn etdim.

— Diýmek, jenaýatçy öýde-de, daşarda-da ýok. Jenaýat edilen ýerde diňe men bilen jenaýatyň şaýady — Koda galdyk. Ejir çekeniň özüni jenaýatçy hasaplap bolmaz. Haýsy akmak özüni atar? Bu bolsa diňe Kodanyň galandygyny aňladýar. Eger ikiden birini aýyrsaň… Ikiniň biri — ejir çeken. Ony aýyrsak bolsa, diňe jenaýatçy galýar.

— Diýmek… Diýmek, jenaýatçy şol-da?! — diýip, inspektor Hatano ikimiz deňine gygyrypdyrys.

— Hawa. Ýalňyş çaklama öte kelle gyzdyrypdyrys. Şonuň üçin bir adam gözegçiligimizden sypyp galypdyr. Ol şübhäni özünden sowmak üçin gowy usuly oýlap tapypdyr — özüni esasy şaýat, ejir çekeniň ýakyn dosty edip görkezipdir…

— Diýmek, hemme zady ilkibaşdan bilýän ekeniňiz-dä?

— Ýok, diňe şu gün akyl ýetirdim. Ol agşam bolsa diňe biriniň suduryny gördüm.

— Örän ynandyryjy, ýöne… Koda — ganhor!.. Ýok, muňa ynanamok! — diýip, dodagymy dişledim.

— Haýp, ýöne bu şeýle. Dostuma jenaýatçy diýmek maňa-da aňsat düşenok. Ýöne onda günäniň ähli agramy betbagt kemakyl ýidigiň üstüne ýüklenjek. Mundan başga-da, Koda asla ýönekeý adam däl. Ol biziň pikir edýän kişimiz däl. Nähili hereket edýändigini görüň. Onuň mekirliginiň çägi ýok! Ýönekeý adam onuň ýaly zady başarmaz. Ol — al-arwah! Iblis!

Inspektor öz edähedini etdi:

— Subutnamaňyz barmy? — Oňa gury çaklamalar däl-de, tutaryk gerekdi.

— Jenaýat edere başga adam ýok, diýmek, jenaýatçy şol — Koda. Eýsem, esasy subutnama şol dälmi? Ýöne bu delili ýeterlik hasaplamasaňyz, ony aýyplamaga başga-da esaslar bar. Masumura-kun! Onuň ýöreýşi ýadyňdamy?

Meniň demim tutuldy. Koda jenaýat edip biler diýip ýatsam-tursam oýuma getirip biljek däldim, şol sebäpden muňa hiç hili ünsem bermändirin. Ol, hakykatdanam, gowkaryp ýöreýär!

— Ine, size bir subutnama. Ýöne ýene-de bar. Has degerli subutnama.

Hiroiti ýorganynyň astyndan äýnek salynýan alýumin gutyny çykardy hem ony Hatano uzatdy. Gutyny nireden alandygyny düşündirip, Hiroiti sözüniň üstüni ýetirdi:

— Bu Suneniň gutusy. Eger Sune günäkär bolsa, oňa öz zadyny gülçanakda gizlemek nämä gerek boldy? Galyberse-de, jenaýatyň bolan ýerinde gutynyň ýatandygyny hiç kim görmedi ahbetin… Gojanyň ony ýere gömmegi hem, tersine — onuň bigünädigini subut edýär. Onda näme üçin Sune ony gizledikä? Munuň öz sebäbi bar. Masumura-kun, muňa nädip üns bermändigiňize düşünemok. Galyberse-de, biz her gün bilelikde deňze gidýärdik ahbetin…

Hiroitiniň sözlerine görä, ýagdaý şeýle bolupdyr. Kodanyň gözleri şowa, şonuň üçin ol galyň äýnek dakynýar. Ýöne Ýukileriň mülküne gelende, äýnekli gutusyny öýünde galdyrandygyny bilip galýar. Aslynda, oňa guty elmydama gerek hem bolmaýar, ýöne suwa düşýän wagtymyz ol äýnegini çykarmaly bolýar, soň bolsa olar mydama ýitýär. Goja Sune Koda dözmezlik edip, oňa öz gutusyny berýär. Bu barada hemmeler — Simako-da, hyzmatkärler hem — bilýärler, diňe men ünssüz bolamsoň mundan bihabar galypdyryn. Şeýlelikde, iş otagynyň polunda öz gutusyny gören Sune Kodany goramak üçin ony gizleýär. Ol Kodanyň kakasyna borçly bolandan soň şeýle alada bildiripdir. Aslynda, ol Ýukileriň öýüne hyzmatkär edilip hem hut Kodanyň kakasynyň teklibi bilen kabul edilen eken. Goja öz howandarynyň ogluny gaty gowy görýän eken. Muny-ha menem bilýärdim. Ýöne inspektor Hiroitiniň pikirinde gowşak ýeri derrew tapdy:

— Näme üçin goja beýle aňsatlyk bilen Koda betgüman bolsun? Beýle howlukmaç netije çykarmagy geň görnenokmy?

Hiroitiniň ýüzünde närazylyk duýuldy:

— Ýok, geň görnenok. Eger nämäniň nämedigini aýtsam, siz Kodany jenaýata iteklän sebäbe şol bada düşünersiňiz.

Gepiň gysgasy, Hiroiti bilen Koda ikisi Simakonyň daşynda perwana bolup ýören ekenler. Bularyň ikisem öňden bäri şol gözele aşyk bolup, aralarynda gizlin, sessiz basdaşlyk bar eken. Hiroitiniň Koda bilen maňa garanyňda has ýakyn dostdugyny ilkibaşda aýdypdym. Olaryň ir döwür kakalary hem ýegre dost bolupdyr. Dogrusy, Koda bilen Hiroitiniň arasyndaky gizlin göreş barada bilmeýärdim. Simakonyň Hiroiti bilen adaglydygyndan habarym bardy, Kodanyň hem bu gyza aşykdygyny çalak-çulak aňýardym, ýöne işiň beýle derejä ýetendigini otursam-tursam oýuma getirmeýärdim.

— Boýun almaga-da utanýan, ýöne Koda bilen aram-aram ýeke galanymyzda bolgusyz zatlar üçin sögüşýärdik, hatda ýumruklaşmaga-da baryp ýetýärdi. Basalaşýarys, biri-birimizi kötekleýäris, «Simako meniňki-de-meniňki!» bolşup gyrlyşýarys. Iň erbedi hem, onuň haýsymyza göwün berenini bilmeýärdik. Simako özüni ikimiz bilenem deň hoşniýetli alyp barýardy. Mümkin, Kodanyň asla aňy giden bolmagy ahmal, şonuň üçin iň soňunda meni ýolundan aýyrmagy maksat edinendir: sebäbi Simako-san bilen men adagly. Sune biziň dawamyzdan habarlydy. Jenaýat bolan güni biz, hakykatdan hem, çynymyz bile sögüşdik. Bagda dawalaşypdyk, mümkin, Sune duýdurman gürrüňimizi diňländir. Äýnek gutusyny iş otagynda görüp, wepaly goja bu ýerde bir zadyň bardygyny gönümel aňandyr. Sebäbi Koda kakamyň iş otagyna känbir giribem ýörmeýärdi, üstesine, ol tüpeň sesini eşiden badyna, öýe kömek soramak üçin ylgadym diýýär, ýöne guty gapynyň agzynda däl-de, penjiräniň ýanynda ýatyrdy ahyryn!

…Şeýlelikde, ähli zat aýan bolana meňzeýär. Hiroitiniň mantygy, hatda beýle ynanjaň bolmadyk inspektory hem ynandyrana meňzeýär. Indi diňe bir zat — howzuň düýbünden ýiten zatlary agtaraýmak galypdy. Takdyryň emri bilen, hut şol günüň agşamsy polisiýa bölüminden göni hassahana jaň edip, Hatano hoş habar ýetirdiler: Ýukileriň mülkündäki howzuň düýbünden ýiten tylla zatlary, şeýle-de, sapançany, aýakgaby, hatda aýna kesilýän enjamy hem çykarypdyrlar. Bilşiňiz ýaly, olary ýene şol Akai alyp çykypdyr. Ýukileriň mülkünde üsti-başy garagäz Akaýä duşanymda, ol hakykatda balyk tutjak bolup, laýa bulaşmadyk oguşýa. Men bolsa oňa müňkür bolupdym… Görüp otursak, ol basyrylyp ýatan zehinli aňtaýjy eken-ä!

Meniň monça bolup eden belligime Hiroiti:

— Şeýledigi öňem bellidi. Sune gutyny gömüp ýörkä, onuň yzyna düşüp, üstünden barşy ýadyňa düşýärmi? Misuo Kotononyň öýüne-de baryp görüpdir. Ol mydama dogry ugur bilen ýöräp, meni hem çözgüde ugrukdyrdy.

Özüm-ä görmedim welin, tapylan aýakgaplar tuş bilen S. K. harplary ýazylan elýaglyk bilen agyr küldana daňlypdyr diýdiler.

Elbetde, ertesi Kodany adamyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplap, tussag astyna aldylar. Emma ol özüni haýran galdyryjy derejede parahat alyp bardy hem-de üýtgeşik kejirlik görkezdi. Näçe sorag etseler-de, ol günäni boýun almakdan çürt-kesik boýun gaçyrdy. Ýöne Kodadan tüpeň atylmagynyň öňýany nirede bolandygyny soranlarynda, agzyna suw alan ýaly dymyp durdy. Diýmek, nirede bolandygyny tassyklajak tutarygy ýok. Ilki «ýelejiremäge çykdym» diýip gaýtalapdy, ýöne generalyň uzak agşam eýwanyň gapdalyndaky otagdan çykman oturan kätibiniň aýtmagyna görä, Akai, hakykatdan hem, dükana tarap çykyp gidipdir, Koda bolsa asla görünmändir. Umuman, subutnama gereginden artyk — şonuň üçin günäni boýun almagy beýle bir hökmanam däldi. Kodanyň tutarygyna indi hiç kim ynanjak hem däldi. Ony türmä basdylar, indi ol işiniň kazyýetde seredilmegine garaşmalydy.

Alaňdaky salgymlar

Bir hepdeden Ýukilere bardym. Hiroitini hassahanadan çykarypdyrlar. Mülkdäki ýagdaý henizem dartgynlydy, muňa düşünmek kyn däldi. Ýukileriň ýeke-täk ogly, diri galan hem bolsa, maýyp bolupdy. Generalam, hanym Ýuki hem her gün gynanyp özleriçe içlerini dökýärdiler. Simakonyň ýagdaýy barada belli bir zatlary aýdaýmak kyndy. Hanym Ýukiniň aýtmagyna görä, ýüregi ýuka gyz Hiroitä edil wepadar aýaly ýaly ideg edýär eken.

Diňe Hiroitiniň özi çak edişimden aşa göwnühoş görünýärdi: ol bolup geçen pajygaly wakalary ýadyndan çykaran ýalydy, kitap ýazmagyň kül-külüne düşüpdir.

Agşam ýene şol ýetişikli Akai geldi. Owal oňa betgüman bolanym üçin özümi müýnli duýýardym, şonuň üçin has mylaýym gürleşdim. Basyrylgy ýatan aňtaýjynyň gelenine Hiroiti hem monça boldy.

Şamlyk nahardan soň, Simakony ýanymyza alyp, deňze gezelenje gitdik.

— Pişekli ýöremek çak edişimden aňsat eken. Serediň, hatda ylgabam bilýän! — diýip, Hiroiti haýdap başlady. Onuň kimonosynyň etekleri ýele galgaýardy, täze pişekleriniň tutuk dükgüldisi tukat ýaňlanýardy.

— Seresap! Seresap! — diýip, Simako onuň yzyndan ylgady.

— Ýuigahama tomaşa gitsek nähili bolarka? — diýip, Hiroiti teklip etdi.

Akai ikirjiňlendi:

— Ýadamarsyňyzmy?

— Ýok-la, bu ýerden beýle bir daş däl. Konsert zalyna çenli-hä bir kilometr hem ýokdyr.

Näme üçindir, täzelikde maýyp bolan adamlar gezelenje çaga ýaly begenýärler. Biz degşip-gülşüp, Aýyň ölügsi şöhlesiniň astynda ýol bilen ugradyk. Soň gürrüň öz-özünden kiparlady, ep-esli wagt dymşyp ýöredik, birdenkä Akai pyňkyrdy — mümkin gülkünç bir zat ýadyna düşendir. Ol gülüp barýan ýerinden hiç köşeşip bilmedi. Simako ahyrsoňy saklanyp bilmedi:

— Akai-san! Beýle näme gülkiňizi tutdurdy?

— Aý, ýöne, bolgusyzja zat, üns bermäň — diýip, Akai kikir-kikir etmesini dowam etdi — Gülkünç pikir kelläme geldi. Hemme kişi adamyň aýagy boýuna kybap gelmeli diýip pikir edýär: boýy kelte bolsa, aýagam kiçidir. Görüp otursak, beýle hem däl. Keltejik adamlaryňam arasynda aýagy ullakanlary bolýar. Gülkünç gerek — uly dabanly girdenekler, ha-ha-ha! — Akai ýene gülmäge başlady.

Simako sypaýyçylyk bilen ýylgyran kişi boldy, ýogsam munuň nämesiniň gülkünçdigine düşünmänligi ýüzünden bildirýärdi.

Diýseň-diýmeseň, Akainiň täsin gylyklary kän. Birtöwra adam…

Ýuigahama agşamlaryna baýramçylyk günlerindäki ýaly öwşün atýardy, şagalaňlydy. Kagura oýunlaryna çalymdaş tomaşa başlaýardy. Kiçiräk kafede sowuk içgileri içip otyrkak, Akai ýene bir hokga çykardy.

Howzuň düýbüni barlan wagty ol aýnanyň gyýçagyna barmagyny kesdiripdi, şonuň üçin indi sargyly gezýärdi. Kafede daňy çözüldi, onsoň Akai ony dişi bilen daňjak bolup başagaý boldy. Simako onuň bolup oturyşyny görüp:

— Eliňizi uzadyň, kömek edeýin! — diýdi. Ýöne Akai oňa barmysyňam diýmän, barmagyny stoluň beýleki burçunda oturan Hiroitä uzatdy:

— Hiroiti-san, kyn görmän, kömek etsene!

Diýseň-diýmeseň, bolgusyz adam. Üstesine-de, dikdüşdi.

Ahyrsoňy Akai bilen Hiroitiniň arasynda gowy görýän temalaryndan gürrüň başlady. Geçenki pajygada olaryň ikisi hem özlerini hakyky aňtawçy hökmünde görkezdiler. Polisiýadan hem ezber çykdylar — şonuň üçin gürrüňiň şowhuny ýetikdi.

Netijede, olaryň gürrüňi ýekänme-ýekän ady belli aňtawçylaryň atlaryny ýada salmak bilen jemlendi. Ýene-de, öň bolşy ýaly, Hiroiti adaty «bäsdeşi» Kogoro Aketiniň üstünden düşdi. Ol:

— Bu Aketiňiz hakyky jenaýatçylara entek gabat gelmändir! — diýip, janyýangynly gürleýärdi. — Iň bir bolgusyz jübikeserleri tutup ýör welin, paň-paňlygy gutaranok… Bolduň meniň başyma aňtawçy!

Gürrüň kafeden çykanymyzdan soň hem dowam etdi. Toparymyz öz-özünden ikä bölündi, Simako ikimiz gürrüňe güýmenen Akai bilen Hiroitiden ep-esli ara açdyk. Simako adam-garasyz, boş kenardan ýöräp barýardy hem aýdyma hiňlenýärdi. Aýdymyň heňi tanyş bolansoň, menem höwes bilen alyp göterýärdim. Aýyň şuglasy tolkunlaryň gerşine kümşüni çaýýardy, salkynjak şemal kimononyň eteklerine hem ýeňine ýel berip, sesimizi tokaýyň jümmüşine alyp gidýärdi.

Simako:

— Gel, ol ikisini gorkuzaly? — diýip teklip etdi.

Biz yzymyza seretdik: «aňtawçylar» häzir hem gürrüňe gyzyp gelýärdiler. Olar ep-esli yza galypdyrlar. Simako alaňa bakan ylgady, meni hem çagyrdy. Meniň keýpim göterildi: biz gizlenpeçek oýnaýan çagalara meňzeýärdik.

— Olar nirä ýitirim boldularka? — diýip, Simako bisabyrlyk bilen alaňdan boýnuny uzatdy. Bahym aýak sesleri hem-de Hiroitiniň bizi çagyryşy eşidildi. Yzy bilen Akainiň:

— Olar azaşaýan däldir-dä, hernä! — diýýän sesi gulagymyza ýetdi. — Bolýar, şu ýerde oturyp, dynjymyzy alaly. Çägäň üsti bilen pişekli ýöremek kyn bolsa gerek…

Olar biziň golaýymyzda çökdüler: indi aramyzda diňe pessejik alaň bardy.

Akai:

— Bu ýerde bizi hiç kim eşidesi ýok. Dogrymy aýtsam, siz bilen ýüzbe-ýüz gürleşmekçidim — diýdi.

Simako bilen bukudan batly gygyryşyp, böküp çykmakçydyk, ýöne şu ýerde joşgunymyz birneme peseldi. Biriniň gürrüňini diňlemek gowy däl, ýöne biygtyýar şeýle ýagdaýa düşdük, indi bolsa näme etjegimizem bilmedik.

— Aýdyň bakaly, siz, dogrudanam, Kodanyň jenaýatçydygyna ynanýaňyzmy? — diýip, Akai garaçyny bilen sorady.

Onuň kellesine indi näme geldikä? Akainiň gürleýşi Simako ikimizi gulagymyzy üşertmäge mejbur etdi.

— Ynanýarynam, ynanamogam — diýip, Hiroiti boýun aldy. — Ýöne, eger jenaýat edilen ýerde diňe ikimiz bolsak, özi hem ejir çeken birimiz bolsak, onda başga näme galýar? Onsoňam, subutnamalar aşa kän — bellikli elýaglygy, äýnek gutusy… Ýöne, her näme-de bolsa, men häzirem ikirjiňlenýän.

— Kodanyň tutarygy bar. Kazyýetde dostum bar, şonuň üçin başgalaryň heniz bilmeýän zatlaryndan habarym bar. Koda tüpeň sesini dälizdekä eşidenini aýdanynda ýalan sözläpdir. Aldamagynyň sebäbi bolsa, şol wagt gelşiksiz bir zat eden oguşýa… Bildirtmän Simako-sanyň gündeligini okapdyr! Bu köp zady düşündirýär. Tüpeň sesini eşidip, ol gorkusyna gündeligiň gatynam ýapman, ony stoluň üstünde taşlap gaýdýar. Tüpeň sesi ony juda gorkuzan borly, ýogsa bu «jenaýatynyň» yzyny «arassalardy» — gündeligi ýapyp ýerinde goýardy. Diýmek, tüpeň atan ol däl.

— Gündeligi okamak nämä gerek bolduka?

— Bilmediňizmi? Ol Simakonyň kime göwün berendigini anyklajak bolupdyr. Görgüli Koda-kun, onuň nähili görgüleri başdan geçirendigini göz öňüne getirýän.

— Onsoň kazyýet onuň aýdanlaryna ynanypmy?

— Ýok, ynanmandyr. Sebäbi Kodanyň garşysyna gereginden artyk subutnamalar bar.

— Hawa, bu özüni aklamaga ýeterlik däl.

— Ýöne, şeýle-de bolsa, onuň günäsizdigini tassyklaýan delilleri men getirip biljek. Birinjisi: eger ol hakykatdan hem siziň kastyňyza çykan bolsa, onda näme üçin ölendigiňize güwä geçmän, kömege çagyryp gygyrdy? Näme üçin gyssanmaçlyk etdi? Bu adam öldürmek üçin gowy taýynlanmagyna ters gelýär — men ýalan yzlary hem-de beýleki jikme-jiklikleri göz öňüne tutup aýdýaryn. Ikinji: eger Koda aýak yzlary bilen edilen hiläni polisiýa aňmasyn diýip elinden gelenini eden bolsa, onda näme üçin ol ýöreýşini üýtgetmesin? Beýle wajyp zady sypdyrmagy geň. Ganhorlyk diýleni edäýmek diňe dilde aňsat: tüpeň bilen gümpüldetdiň — taýýar. Ýok, beýderden bu has çylşyrymly. Üstesine-de, jenaýatçy etmişini başga biriniň boýnuna ýüklejek bolsa… Bu ýerde asla bulaşmagyň ahmal.

Siz diňe şu işiň özünde näçe çözmesi kyn syrlaryň bardygyny bir sanap görüň: äýnegiň gutusy, unudylan gündelik, howzuň düýbünden tapylan altyn zatlar… Eger aňtaýjylara ownuk syrlaryň her biriniň üstüni açmak başardan bolsa, onda jenaýatçynyň hiç biri, hernäçe mekir bolaýanda-da, jezadan sypyp bilmezdi. Gynansak-da, biz heniz onuň ýaly derejä ýetmändiris, şonuň üçin kähalat birdenkä peýda bolýan we iň soňunda jenaýatyň açylmagyna getirýän amatly ýagdaýa bil baglamaly bolýarys. Esasy zat — ululy-kiçili närseleriň arasyndan jenaýaty açyp biljek açary tapmak. Men çagalykdan ownuk-uşak zatlara üns bermegi endik edindim: adam ilki haýsy aýagyny ädip, ýöräp başlaýar, esgini nädip epleýär, penjegi nädip geýýär. Munuň ýaly ähmiýetsiz zatlar kähalat bahasyna ýetip bolmajak tutaryga öwrülýär. Biziň işimizde şunuň ýaly kiçijik «açar» — küldan bilen aýakgaba daňlan ýazgyly elýaglyk boldy, has takygy — elýaglykdaky düwün. Suwdan zatlary çykaranymda, inspektor Hatano ýaglygy çözmän gowşurypdym, sebäbi ol örän wajyp delil bolup biljekdi. Sebäbi ýaglyk juda üýtgeşik edilip, uzaboýuna çekdirilip daňlypdyr. Köplenç, ýüpleri beýdip diňe çagalar daňýar. Uly adamlar düýbünden başgaça daňýarlar. Munuň ýaly uzaboýuna çekdirilmegi ýörite edilýän zat däl… Men dessine Kodanyň öýüne bardym-da, daňyly ýüpi ýa-da şoňa meňzeş başga bir zady tapyp bermegini haýyş edip ejesine ýüz tutdum. Bagtyma birki zat tapmak başartdy. Daňylar ýönekeýiň ýönekeýi bolup çykdy. Kodany iň ýaman hilegärlikde aýyplamaga-da dilim barmaýar: sebäbi ol has agramly subutnamany — ýaglykdaky harplary gözden salypdyr! Bu ýagdaý hem onuň peýdasyna!

Akai dymdy. Hiroiti jogap bermedi. Mümkin, söhbetdeşiniň synçylygyna haýran galandyr.

Men, mendenem beter Simako bu gürrüňi üns bilen diňledik: onuň dem alşy ýygjamlaşdy, durky bilen galpyldap başlady. Ähtimal, gyzyň näzik ýürejigi bir zatlary syzan bolmaga çemeli.

Ýalňyşlyk

Akai güldi. Gülüp keýpden çykansoňam:

— Garşylyklaýyn ýene bir delil bar. Gaty gülkünç delil, ha-ha-ha! Bilýäňizmi, aýakgap bilen bagly gülkünç waka boldy. Howzuň düýbünden çykaran aýakgaplarym ogrynyň aýak yzlaryna düýbünden gabat gelmedi. Galan zatlarda mesele ýok, ýöne şu ýerde… Aýakgabyň içlikleri rezinden, rezin bolsa, belli bolşuna görä, suwda üýtgemeýär, şonuň üçin aýagyň ölçegini takyk kesgitläp bolýar. Görnüşine görä, aýakgaplar onunjy ölçege laýyk gelýän eken. Ýöne… — Akaini ýene ýuwaşja gülki basdy. — Bu aýakgaplar Kodanyň burnuna-da girmezdi! Elýaglykly mesele bilen ejesiniň ýanyna baramda ýüzüniň ugruna aýagynyň ölçegini-de soradym, Koda onunjy belgi köwüşden bireýýäm çykan eken. Şeýlelikde, onuň günäsizdigi subut edildi. Aýakgaplar asla onuň ölçegine gabat gelenok! Ýöne polisiýa-da, kazy-da mundan bihabar. Gaty samsyk ýalňyşlyk! Mümkin, derňewiň barşynda bu ahyrsoňy aýan hem bolar. Belki, derňew astyndaky ýigidiň aýagyna aýakgaby deňäp görmek ahyrsoňy polisiýa işgärleriniň kellesine geler ýa-da asla bilinmän galaýmagy hem ähtimal.

Kodanyň ejesi oglunyň aýagynyň ululygy boýuna görä däl diýipdi. Ýalňyşlygyň özeni hut şonda gizlenýärmikä diýýän. Hakyky jenaýatçynyň boýy Kodadan birneme uzyn. Ol öz ölçegine görä esaslanan bolmaly, şonuň üçin görnüşine görä Kodanyň aýagy kiçidir diýip pikir eden…

— Hany, bes ediň. Garşylyklaýyn delilleriňizi diňledim — diýip, Hiroiti janyýangynlyk bilen onuň sözüni böldi. — Netije çykarmaga çen boldy. Beýle bolsa, siziň pikiriňizçe, hakyky jenaýatçy kimmişin?

Akai birjikde ýüzüni üýtgetmän:

— Siz — diýdi.

— Ha-ha-ha-ha! Bälçik adam ekeniňiz! Adamyň özüni oka tutmagy, üstesine-de, kakasynyň altynlaryny howza zyňmagy nirede görlen? Gowusy, meni güldürmeseňizläň — diýeninde Hiroitiniň sesi gitdigiçe çakyr ýaňlanyp başlady.

— Jenaýatçy — özüňiz — diýip, Akai ýene öňki sarsmaz parahatlygy bilen gaýtalady.

— Siziň çynyňyzmy? Onda bu maňa nämä gerek bolduka?

— Ähli zat açyk-aýdyň. Siziň diliňiz bilen aýtsam, juda ýönekeý arifmetika. Ikiden birini aýyrýaň. Eger jenaýatçylykdan Kodany aýyrsak, kim galýar? Geň hem bolsa, diňe siz. Jenaýatkär — özüňiz. Obiňiziň ( Obi — ýaponlaryň milli geýimindäki inli guşak.) daňlyşyna serediň… Siz henizem dogry daňmagy öwrenmänsiňiz. Guşak arkadan daňylýar, şonuň üçin bu ýerde tötänlikler hem bolup biler. Barmagymy daňyp bermegi sizden haýyş etmegim ýöne ýerden däl. Serediň, ynha şol, uzaboýuna çekdirilip daňlyşy. Ýene bir delil, şeýle dälmi?

Akai örän sypaýy gürleýärdi, ýöne, näme üçindir, hut şeýdip geplemegi has beter darykdyrýardy.

— Özümi atmak nämäme derkar? Eýsem, diňe Kodany duzaga düşürmek üçin özümi maýyp edäýermikäm? Mende beýle batyrgaýlygam-a ýok.

Hiroitiniň sesinde ýaýdanjaňlyk duýulýardy. Dogrudanam, diýip pikir etdim, Koda bolan ýigrenjiň beýle güýçli bolaýan halatynda-da, tasdan janyňdan jyda düşmek… Ýok, bu öteräk bolýar. Ejir çeken adam şol bir wagtyň özünde jenaýatçy bolup bilmez. Akai ýalňyşýar.

— Hawa, hawa. Hut şol gapma-garşylyk hem pirimiňizi gizlemäge mümkinçilik berdi. Ýöne siziň maksadyňyz diňe bir Kodanyň üstüne etmedik jenaýatyny ýüklemek bilen çäklenmeýär. Ar almak — goşmaça maksadyňyz. — Akai äwmezlik bilen, her bir sözüni ölçerip gürleýärdi. — Bu ussatlyk bilen ýerine ýetirilen jenaýat. Ýöne, detektiw romanlardaky ýaly, juda emeli. Siz birbada üç keşbi — ejir çekeniň, jenaýatçynyň hem aňtawçynyň keşbini ýerine ýetirmekden lezzet aldyňyz. Kodadan gutyny ogurlap, ony iş otagynda taşlan hut özüňiz. Zatlary howza zyňyp, aýnany kesenem, bagda aýak yzlaryny goýan hem özüňiz. Kodanyň goňşy otagda Simakonyň gündeligini okap oturandygyndan peýdalanyp (aslynda, munam özüňiz gurnadyňyz), gülle bir ýeri deşmesin, däriniň yzy galmasyn diýip, sapançany uzagrakdan tutup, özüňize atdyňyz. Tüpeň sesine ilki bilen golaýda oturan Kodanyň ylgap geljegini bilýärdiňiz. Ol gizlinlikde söýýän gyzynyň gündeligini ogryn okandygyny boýun alandan, ölenini gowy görjek, şol sebäpdenem özüni aklara belli-külli bir zat aýdyp bilmändi.

Agyryňyza döz gelip, siz iň soňky subutnamany — sapançany iş otagynyň penjiresinden howza zyňyp goýberdiňiz. Inspektor Hatanonyň çyzgysyndaky ýatyşyňyzyň şekili meniň aýdýanlarymy tassyklaýar: aýagyňyz penjire bilen howzuň deňinde ýerleşipdir. Ähli zatlary edip bolanyňyzdan soň, siz huşuňyzy ýitirdiňiz. Has takygy, jögülige salan bolmagyňyzam mümkin. Şikes, dogrusy, agyr eken, ýöne jana howp salmandyr. Hut size geregi.

— Hah-ha! Örän ynandyryjy! — Hiroitiniň sesi ýene-de çirkin ýaňlandy. — Ýöne örän jedelli. Munuň ýaly ujypsyz maksat üçin hiç bir adam öz-özüne kast etmez. Näçe delil getirseňiz-de, bu ýerde meni ýeňmek size başartmaz.

— Bes etseňizläň! Muny siz Kodanyň bagryny ýakmak üçin etmediňiz diýip men öň aýtdym ahbetin. Ýaňy özüňizem sizde beýle batyrgaýlygyň ýokdugyny aýdypdyňyz. Bu gezek ýalan sözlemediňiz. Özüňizi atmagyňyzyň sebäbi — namartlygyňyz. Sebäbinem özümiň aýtmagymy isleýäňizmi? Ol sebäbiň maňa hakykatdanam aýandygyny güman edýäňizmi?.. Onda diňläň. Siz goşun gullugyna gitmekden öler ýaly gorkýaňyz. Men ähli zadyň anygyna ýetdim, siz, hamana, gözleriňiz gowy görmeýär bahanasy bilen uniwersitetde okan döwrüňiz äýnek dakynýan ekeniňiz. Ýöne bu aldawyň irde-giçde üsti açyljak. Sebäbi siz — harby adamyň ogly. Ýarym-ýalta çäreleri az görüp, şunuň ýaly üýtgeşik usuly saýladyňyz. Ondan başga-da, siz bir okda iki towşan urduňyz!.. Ýeri, ýeri, näme boldy? Hany, merdräk boluň! Men entek gürrüňimi gutaramok.

Gorkmaň, men sizi polisiýa tabşyrmaryn. Iň erbet jezany siz eýýäm çekdiňiz: bu gürrüňimizi, siziň bu syryňyzy eşitmeli däl adamyňyz diňläp dur. Söýýän gyzyňyz.

Men gidýän. Ýöne hoşlaşmazdan owal hakyky adymy aýdasym gelýär. Özümi tanyşdyrmaga rugsat ediň — Kogoro Aketi. Şol siziň ýazgaryp ýören Aketiňiz. Öň bir ýola kakaňyz meni bir gizlin işi derňemäge çagyrypdy, şonda ilkinji gezek bosagaňyzdan ätläpdim. Siz maňa rezonýor diýipdiňiz. Hakyky, ýöne men, has dogrusy, realist, hatda çak edilişindenem beter realist…

…Utançdan, bu masgaraçylykdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim. Ýöne hut şu pursat Akainiň barha uzaklaşýan aýak sesi gulagyma ýetdi.

Rusçadan terjime eden Kakamyrat GELDIÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle