Ynanasym gelenok
Ynanasym gelenok
Heý-de, mugallymam para alarmy?
Para alýan bolsa mugallym däldir.
Mugallym pozulsa päklik galarmy?
Belki, bu bir «myşdyr», hakykat däldir.
Hakykatmy? Hakykat däl, kim bilýär,
Mugallymlañ özi jogap bermese?
Ýöne nirä barsañ gürrüñ edilýär,
Halk diline almaz, bir zat görmese?..
Has beterem ýoldaş mugallym hakda
Töhmet ýaýrap bilmez iliñ içinde.
Halkyñ ýüreginde mugallym hakda
Iñ eziz sözlerdir söhbet açanda?
Eýsem, kim günäkär bu erbet «myşa»?
Ýalan myş hem al-asmanda inenok.
Ýa bu-da azarmy ýaýran durmuşa?
Hawa diýmäñ! Ynanasym gelenok.
Ozallar-ozallar ýokdy bu gürrüñ.
Bu elhenç «myş» soñky ýyllar döredi.
Bu mugallymsumak hakda bu gürrüñ
Dörese-de, il içine ýaýrady…
Ýene ýetip gelýär ekzamen wagty
Ne tanyşlyk, ne telefon geçmesin!
Goý, açylsyn ylmy söýýänleñ bagty,
Parahorlar «bagt bazaryn» açmasyn!
Men ýüz tutýan hemme mugallymlara,
Mugallymsumak däl, mugallymlara,
Arañyza düşen kä melgunlara
Gahar, gazap bilen göreliñ çäre!
Paraçyny paş edeliñ, pent bolsun,
Alymlara ak ýüreklik ant bolsun.
Mugallyma berlen päk, beýik ady
Hiç wagt, hiç adam, hiç unutmasyn!
Gara SEÝITLIÝEW. Goşgular