| |

Ynanarmykan?

Ynanarmykan? YNANARMYKAN?

Ynanarmykan?

Maýadarlañ «ýaragsyzlyk» sözlerne,
Dünýä ýoksullary ynanarmykan?
Ýurtbasarlañ gandan gyzyl gözleri,
Işçiler ganyndan hi ganarmykan?

Aýba-aý artdyrýar deñiz güýçlerin,
Görkezýärler sözleriniñ puçdugyn,
«Ýaragsyzlyk» diýip görýän işlerin,
Ýaragy köpeltmek ýol alarmykan?

Ýalan gowga salyp, külli jahana,
Gözbagçylyk üçin gury bahana,
Zähmetkeşler düşýär syrry-nahana,
Bolany bir taýa dolanmazmykan?

Maýadarlar taşlajakmy ýaragy?
Ýarag dälmi ýurtbasarlañ geregi?
Gözleri kör bolup, çyksa garagy,
«Ýarag-ýarag!» diýip dillenermikän?

Hakyky dynçlykdyr Meskew myrady,
Rahat-asudalyk tüýs gerek zady,
Maýadary ýakjak ynkylap ody,
Uçgundan tutaşyp ulalmazmykan?

Dekabr, 1929 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle