|

Ynan, Läläm

Ynan, Läläm YNAN, LÄLÄM

Ynan, Läläm

Bir asyryň dörtden biri,
Bir ykbal, bir öýden ördük.
Üç çagamyz dünýä inip
Bagtly maşgalany gurduk.

Süýjüsem boldy ajysam,
Ýöne ýüzüň çytmadyň sen,
Neneň bagryma basmaýyn,
Bir gaňrylyp bakmadyň sen.

Bar aladaň öý keşigi,
Seni uly dünýe sanýan.
Bir dem aýrylsaň ýanymdan
Şol pursat ot bolup ýanýan.

Göýä bile doglan ýaly,
Asyl sensiz ýaşaýyş ýok.
Seň bilen jahandan doýman,
Ynan Läläm, bu sözlem hak.

Ýöne dünýäň öz oýny bar,
Dogulmak, garramak kada.
Razy uzak ömür sürsek,
Bolsa bolsun durmuş sada.

Arzuwymy jemläýin men,
Gutly bolsun elli ýaşyň.
Agtyk-çowluk gülküsinde,
Aman bolsun degre-daşyň.

• Üçlemeler

Emer-damarym, ganym sen,
Baryny sanap nädeýin,
Ygrar ykbalym, janym sen.

Jan bikäm meň, sen päk öýüm,
Eýesi sen, bir ak öýüň,
Sen ak bagtym, ömür taýym.

Bent:

Ýa ölerin, ýa alaryn —
Diýip, çykypdym ak ýola.
Bu gün neslimiň enesi —
Ol Aýymyň ady-Läle.

Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle