Ynam (Iňlis tymsaly)

Ynam (Iňlis tymsaly)

Bir gezek Şöhle Günüň ýanyna baryp:

— Men günüň-gününe Ýere baryp gaýdýan, ähli ýeri ýyladýan, ýöne ynsan ýüreginem ýyladyp göresim gelýär — diýýär.

— Ýagşy, sen öz ataşyňdan bir damjany ynsanyň ýüreginde ýerleşdirip bilersiň — diýip, Gün rugsat berýär. — Bu oňa belli döredijilik adamsy bolmaga kömek eder. Ýöne olaryň arasyndan iň gowusyny, mynasybyny saýlagyn.

Şöhle Ýere gelip, pikire çümýär: «Men bularyň iň gowusynyň haýsydygyny nädip bileýin?». Şol wagtam onuň gulagyna bir ýaş ýigidiň: «Meniň başarýan zadym ýok. Suratkeş bolmagy arzuw etdim, özüm bolsam jaý reňkläp ýörün. Bir gyza aşyk boldum, ol bolsa maňa seredenogam» diýen zaryn sesi gelýär.

— Seniň zehiniň, ýaşlygyň hemem başarjaň elleriň bar ahyryn! — diýip, Şöhle oňa öz ataşyny berýär.

Gün ataşy ýaş ýigidiň ýüreginde ýagty saçyp, oňa egsilmez joşgun beripdir. Ol eline reňk alyp söýgülisi üçin ajaýyp bir surat çekipdir. Gyz ony görüp: «Bu durşuna gudrat ahyryn!» diýip, aşyk ýigide söýgi bilen bakypdyr. Şondan kän wagt geçmänkä, ýaş ýigit meşhur suratkeşe öwrülip gidipdir.

Ýigidiň durmuşyny yzarlap ýören Şöhle ýene Günüň ýanyna baryp:

— Men adamlaryň arasyndan iň gowusyny saýlamalydygy barada aýdanyňy ýadymdan çykaraýypdyryn — diýip, günäli halda sözleýär. — Ataşy ilki gabat gelen adamyma sowgat edäýdim. Men ýalňyşlyk goýberäýdim öýdýän…

— Onyň ýalňyşlyk däl, sen adama ynam bildirdiň ahyryn — diýip, Gün şadyýan seslenýär. — Ynamdyr goldaw bolsa islendik adama döretmäge, öňünden çykan ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç berýär.

Terjime eden Meretgeldi JUMADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iňlis dili mugallymy.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle