Ymtylyş…
Ymtylyş…
Bagtyň öýin gurup ýördüm begençli,
Sen bolsa gussadan dinamit goýduň,
Partlatdyň-ýaryldym, emma barybir
Söýgiňe ýene-de bir umyt goýdum
Birje umyt bilen ýaşar ýüregim,
Aýralyk yzasyn bir ömür dadyp
Ymtylar, ymtylar — soňky deme çen,
Durandan soňra-da müň ädim ädip…
Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular