Ylýas (Hekaýa)

Lew TOLSTOÝ,
rus ýazyjysy
Ufim guberniýasynda Ylýas atly bir başgyrt bardy. Kakasy ony öýerenden soň, azowlak dowar hemem gara mal galdyrdyda, dünýäsini täzeledi. Şol wagtlar Ylýasyň gapysynda ýedi sany baýtaly, iki sygry hemem ýigrimä golaý goýny bardy. Ýöne Ylýas baýlyga ymtylyp, ir ertirden gijagşama çenli zähmet çekdi, ähli kişiden ir turup, hemmeden soň ýatdy hemem ýylýyldan baýamak bilen boldy. Ylýas şunuň ýaly durmuşda otuz bäş ýyl ýaşap, sürisüri mala eýe boldy, ullakan mülk edindi.
Onuň iki ýüz sany aty, ýüz elli sany iri şahly maly hemem bir müň iki ýüz sany dowary bardy. Onuň mallaryny talabanlary bakardy, hyzmatçy aýallar bolsa baýtallarydyr sygyrlaryny sagyp, ondan gymyz, ýag, peýnir alardylar. Ylýasyň ähli zady bardy, töweregiň adamlary Ylýasyň durmuşyna gözügidijilik bilen garardy. «Ylýas nähili bagtly adam, onuň ähli zady bar, durmuşyň hözirini görýär» diýip, olar gürrüň ederdi. Şondan soň özi ýaly adamlar Ylýas bilen gatnaşyk açyp, uzak ýerlerden myhman gelip ugrady. Ol gelen adamy kabul edip, iýdiripiçirerdi, öýüne kim gelse geläýsin, öňünde çaý, nahar, gymyz goýup, derrew goýun soýardy. Eger myhman köpräk bolsa, onda iki goýun ýada ulurak mal soýardy.
Ylýasyň iki ogly, bir gyzy bardy. Ol ogullaryny öýerip, gyzyny çykardy. Ortatap ýaşaýarkalar ogullary kakasy bilen deň zähmet çekişerdi, ýylkydyr goýun sürülerine özleri gözgulak bolardy, ýöne gurplanyp ugranlaryndan soň ýaramaz pişä baş goşdular. Oglanlaryň ulusyny dawaly ýakalaşyklaryň birinde heläk boldy, beýlekisine bolsa ýaramaz gelin duşup, atasyna gulak asman ugrady, şonuň üçinem Ylýasa onuň rysgyny aýrylamakdan başga alaç galmady.
Ylýas göçüren oglunyň üstüne öý tutup, mallarynyň bir bölegini berdi. Şonuň yz ýany dowarlaryna kesel degip, köpüsi heläk boldy. Soň bolsa ýyl gurak gelip, otiýmiň aladasyny edip bolmadyda, mallarynyň hasam azalmagyna getirdi. Üstesine, gylýal sürüsiniňem bir bölegini gyrgyzlar sürüp gitdi.
Ylýasyň durmuşy gitdigiçe pese düşüp, özüniňem güngünden gurbaty gaçýardy. Ol ýetmiş ýaşyna ýetende aňyrsynda duran zatlaryny — halylaryny, atlarynyň eýerlerini, gara öýlerini, iň soňunda bolsa mallaryny satyşdyryp, ähli zatdan çykdy. elinde hiç zadynyň galmandygyny özem duýman, ýaşynyň soňunda adaty adamlar ýaly ýaşamaly boldy. Ylýasyň diňe mülki, egnindäki eşigi, possuny, papagy, aýagyndaky ýeňiljek köwşi hemem aýaly ŞamŞemagi galypdy, olam özi ýaly sandan galan garrydy. Göçüp giden ogly bärsini taşlap, uzak bir ýerlere gidipdi, gyzy bolsa ýogalypdy, şonuň üçinem garrylara kömek edere adam ýokdy.
Olara goňşusy Muhammetşanyň haýpy geldi. Ol ortaça ýaşaýan päk ýürekli adamdy. Goňşusy Ylýasyň eden ýagşylyklaryny ýatlap, rehimi indide, şeýle diýdi: «Aýalyňam alda, meňkä gel. Tomsuna güýjüň ýetdiginden mellegimde işlärsiň, gyşyna bolsa mallaryma seredersiň, aýalyň ŞamŞemagi bolsa gylýallary sagyp, gymyz eder. Sizi iýdirerin, içirerin, göwnüňiziň islän zadyny menden arkaýyn sorap bilersiňiz». Ylýas oňa minnetdarlyk sözlerini aýdyp, aýaly bilen onuňkyda işe durdy. Ilki agyr düşen ýalam bolsa, soňra öwrenişdiler, şeýdibem garrylar güýçleriniň ýetdiginden zähmet çekip ugradylar.
Hojaýyna bular ýaly adamlary saklamak peýdalydy, sebäbi garrylar öň hojaýyn bolup görüpdi hemem özlerinden edilýän talaba düşünýärdiler. Şonuň üçinem ýaltalyk etmän, güýçleriniň ýetdiginden işleýärdiler. Ýöne mertebeli adamlaryň şunuň ýaly pese gaçanyny görmek Muhammetşa gaty agyr degýärdi.
Günlerde bir gün Muhammetşanyň öýüne uzak ýerden sawçy geldi, olaryň ýanynda mollalaram bardy. Muhammetşa goýun soýup, myhmanlaryna hezzethormat etdi. Olar halynyň üstüne ýazylan ýelek düşekçäniň üstünde gümürýamyr edip oturyşlaryna gymyz içýärdiler. Şol wagt Ylýas öz işine gümra bolup, myhmanlaryň oturan jaýynyň gapysynyň agzyndan geçip gitdi. Ony gören Muhammetşa myhmanlaryna garap şeýle diýdi:
— Şol gapyň deňinden geçip giden garryny gördüňizmi?
— Gördük — diýip, myhman jogap berdi — o garryň nämesi üýtgeşik?
— Onuň üýtgeşik ýeri — ol biziň ilkinji baýymyz. Adynada Ylýas diýýärler, belki, eşidensiň?
— Elbetde, eşitdim — diýip, myhman jogap berdi — görmesinä göremok, ýöne atowazasyny uzaklardan eşidýärdik.
— Indi onuň elinde baýlygy galmady. Gapymda hyzmat edýär, aýaly bolsa mallarymy sagýar.
Myhman geň galyp, kellesini ýaýkap oturyşyna şeýle diýdi:
— Görýän welin, «bagt» diýen zadam edil çarhypelek ýaly aýlanyp duran zadow, biriniň ezeneginden galdyrsa, ýene birini ýere sokýar… Ýeri onsoň, öňki durmuşyny küýsäp, garryň ýüregi gysanokmy?
— Kim bilýär, öz işini edip, asuda durmuşda ýaşap ýör.
— Onuň bilen gürleşsem bolarmy? — diýip, myhman sorady. — Onuň ýaşaýşy barada sorasym gelýär.
— Elbetde, bolar — diýip, hojaýyn aýtdyda, gapydan kellesini çykaryp:
— Babaý, ( Babaý — Başgyrtça atam diýmegi aňladýar.) öýe girde, gymyz iç, aýalyňam çagyr — diýip gygyrdy.
Ylýas aýalyny alyp geldi. Ol hojaýynydyr myhmanlary bilen salamlaşdyda, doga okap, gapynyň agzynda çommaldy; aýaly bolsa tutynyň aňyrsyna geçip, öý bikesiniň ýanynda oturdy.
Ylýasa bir okara gymyz berdiler. Ol minnetdarlyk hökmünde baş egdide, gymyzdan owurtlap, yzyna uzatdy.
— Aýtsana, atam — diýip, myhman söze başlady — bizi görüp öňki durmuşyň ýadyňa düşýändir, ýüregiň gysýan bolmagy mümkin, çünki öň bolçulykda ýaşan bolsaň, häzir durmuşyň kynyny başdan geçirýäň.
Ylýas gülümsiredide, şeýle diýdi:
— Saňa haýsy durmuşyň bagt getirýänini aýtsam ynanmarsyň, gowusy, muny aýalymdan sora. Aýal halkynyň göwnündäki dilinde bolýar, ol saňa hakykaty aýdar.
Onsoň myhman tutynyň aňyrsynda oturan kempire ýüzlendi:
— Ene jan, aýdyp otur, sen öňki durmuşyňda bagtlydyňmy ýa häzirkiňde?
ŞamŞemagi tutynyň aňyrsyndan söze başlady.
— Oglum, adamym bilen elli ýyl bolelin durmuşda ýaşasamam, bagt diýen zadyň nämedigini bilmedim. Ine, indi iki ýyl bäri elimizde hiç zadymyz galman, il deňinde ýaşap ugradyk. Hakyky bagty diňe şu durmuşdan tapdyk, şonuň üçinem bize başga hili bagt gerek däl.
Bu gürrüňe myhmanam, hojaýynam geň galypdyr, şo sebäpli kempiriň ýüzüni görmek üçin ol ýerinden turup, tutyny syrypdyr. Kempir gülümsiräp adamsyna seredýärdi, adamsam ýylgyryp otyrdy. Özüne ynanylmaýanyny duýan kempir sözlerini ýene bir gezek tekrarlapdyr:
— Oýun edemok, oglum, gara çynym! Baýkak ýarym asyr bagtyň gözleginde bolsagam, tapan zadymyz bolmady; häzir hiç zadymyz ýogam welin, diýseň bagtly. Bize başga hili bagt gerek däl.
— Siziň bagtyňyzyň syry nämede?
— Oň syry şunda: baý ýaşaýarkak rahatlyk diýen zady bilmezdik, gürleşmäge, ybadat etmäge, hatda doga okamagada wagtymyz bolmazdy. Işaladamyz ýetikdi. Käwagt myhmançylyga giderdik, käwagt myhman gelerdi, onsoň olaryň göwnünden turmak üçin söwüş ederdik, sylagsowgat bererdik. Işgärler hakymyzy iýmez ýaly olarada gözgulak bolmaly bolýardy, olar bolsa işiňi etmän, süýjisüýji iýşip, hezil edip ýatmagyň aladasyndadyr. Bulardan başga, «Möjek gelip taýymy ýada gölämi alyp gidäýmesin, ogrular sürime degäýmesin» diýip alada edersiň. Düşegiňe geçip uklajak bolarsyň welin, gözüňe uky gelmez, sebäbi goýunlar guzularyny basyp heläk etmegi mümkin, onsoň gidip barlap gaýdarsyň. Täzeden düşegiňe geçip ýaňy bir uklajak bolarsyň welin, ýene bir zat biynjalyk eder — gyş üçin otiými nireden tapyp bor? Bulardan başga, garry bilenem sözüň alyşmaz. Ol eýle diýýän bolsa, sen beýle diýersiň, onsoň sögüşip, jedelleşip ugrarsyň. Ine, şeýdip ömrümiziň agramly bölegini alada bilen ýaşap, bagt diýen zadyň nämedigini bilmedik.
— Indi nähili?
— Indi garry bilen ylalaşykly, asuda durmuşda ýaşaýas, jedel, alada ederede hiç zadymyz ýok. Biziň bar aladamyz — hojaýynymyzyň göwnünden turmak. Bizden zyýan çekmez ýaly güýjümiziň ýetdiginden gapysynda zähmet çekýäs. Iýmägeiçmäge zadymyz, ýakmaga odunymyz, geýmäge possunymyz bar. Gürleşmäge, ybadat etmäge, durmuşyň şatlygyny duýmaga wagtymyz bar. Hawa, oglum, elli ýyl bagt gözläp, ony diňe şu wagt tapdyk.
Myhmanlar gülüşdi.
Ylýas bolsa şeýle diýdi:
— Gülüşmäň, dostlarym, bu oýun iş däl, adam ömri. Öňler «Baýlygymyzy ýitirdik» diýip aglaşardyk, ýöne indi hakykatyň nämedigine düşündik. Onsoňam bu gürrüňi özümize göwünlik bermek üçin aýdamzokda, siziňem bileniňizi isleýäs.
Muny eşiden molla şeýle diýipdir:
— Diýseň parasatly söz, Ylýas hakykaty aýdýar, bu sözler dini kitaplardada bar.
Şondan soň myhmanlar gülüşmelerini bes edip, pikire batypdyrlar.
