Ylhama ýüzlenme
Ylhama ýüzlenme
Saklan biraz, gitme,
ýitme gözümden,
Sözlemäge maý ber, dymmaryn uzak.
Ýüregim iripdir ýygra göreşden,
Gurupsyñ ne beýle owadan duzak.
Yşk ýoluny söken bu aşyk göwün,
Indi seniñ duralgañda düşledi.
Kalbym ýakyp barýar düşnüksiz howur,
Emma meniñ ham-hyýallam bişmedi.
Diñle,
ümsümligiñ pessaý aýdymy,
Bethoweniñ owazyna sepleşýär.
Demiñden demigip, gurşup dur beýnim,
Göwün sözüm özi bilen gepleşýär.
Bakyşlaryñ — uçut,
aýlanýar başym,
Aýlanýar damarda söýginiñ meýi.
Aýamy aýañda mähirli gysyp,
Alyp gitgin belentlere sen meni!
Aýjemal PIRMEDOWA. Goşgular