|

Ylham perişdesi

Ylham perişdesi YLHAM PERIŞDESI

«Ylham perişdesi…
Men ony yrdym,
duýýan onuñ pyşyrdaýşyn näz bilen.»
Seýitmyrat Geldiýew

Gaýybana gaýyp ýörün men Aý-da,
Ylham perişdesin aldamak üçin.
Siziñ suwa düşýän kölüñiz kaýda?
Men duzak gurjak awlamak üçin.

Duzak gurup tutjak, edinjek hemra,
Gussamy, şatlygym paýlaşar ýaly.
Maña has ýakynrak bolsañyz kem däl,
Söhbet gurup bile çaýlaşar ýaly.

Ylham perişdesi!
Men duzak gurdum,
Men size eýe däl, ýesir guluñyz.
Size aşyk bolan bendiwany men,
Her ederin taparyn men kölüñiz!

Seýitmyrat kakanyñ yran melegin,
Ogrynlykda baryp soraga çekdim.
Açyş edip ýöne aýtmadyk syryn,
Men Türkmenistana aýan etjekdim.

Emma baş bermedi, zehin Pegasym
Baş öwredilmedik, ýabany Pegas
Ylham melegini görenden ürkdi,
Men tejirebesiz, Pagasymam mes.

Gözüm açyp, awçy bolmasamda men,
Gaýybana gyzyklandym aw bilen.
Pegasymy müngä öwretmesemem,
Öwrenşdirdim men özümi saz bilen…

…Aý örüpdir ýere kümüşsöw saçyn,
Gaýybana gaýyp ýörün men Aý-da,
Ylham perişdesin tutmaklyk üçin,
Duzak gurdum
Duzagyma düşäýse…

© Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle