Ylham çeşmesi diňe zähmetde (oçerk)
Hereketiň nyşany diýlende, ilki bilen aýlawly, göni, ýokaryk-aşak, gapdala ýol-ugur görkeziji şekiller göz öňüňde janlanýar. Meniň üçin bolsa, eli ýantorbaly işe tarap, özi hem, edil toýa barýan ýaly şähdaçyk, güler ýüzli, gadamlary hem batly adam göz öňüme gelýär. Ol adam Orazmyrat Gummadow. Onuň teatr sahnasyna, belki-de, kino surata alyş meýdançasyna tarap, ýantorbasynyň içinde hem täze dörejek kino ýa-da spektakl eseriniň edebi esasyny göterip barýan pursatlary aňymda aýlanýar. Onuň saýlan ýoly adaty ugurly ýol däl. Ol, egrem-bugram, aýdyň hem aýan bolmadyk syrly ýol. Bu ýol belgilerden, çelgilerden, simwollardan, metaforalardan, öwrümli, tilsimli, täsinliklere baý ýol. Ol — täze ýolgörkeziji nyşan.
Halypanyň sahnada döreden keşpleriniň, drama režissýory hökmünde goýan spektakllarynyň, surata düşüren kino eserleriniň, ýazan edebi esaslarynyň we pýessalarynyň sanawyny diňe agzap, barmak büküp sanap geçmek üçin, bir makalanyň möçberindäki gerimi darlyk edýär. Bu babatda, medeniýet-sungat ugrundan ylmy iş ýazjaklara, medeni aň-bilim ugry boýunça gollanma hökmünde, kitaplary ýazmaga maglumat gaznasyna baý döredijilik gory bolup biljekdigini ynamly aýtsa bolar.
Tomaşaçylar ony, ençe-ençe döreden sahna we kino keşplerinde, soňky nesil bolsa aýratynam, «Ykbal» filminde Gulamyň, «Ajaýyp» filminde Gara gijeniň keşbinde tanaýarlar. Şeýle-de «Kemine», «Mollanepes» ýaly türkmen kino sungatyny dünýä äşgär etmekde, öz mynasyp orny bolan çeper filmleri goýujy režissýory hökmünde tanaýarlar. Onuň gaýtalanmajak, hiç kime meňzemeýän keşbi bar. Dünýä ülňüleriniň okuwyny alan ýaly, geýnişi-de özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň özi eginbaş barada şeýle diýýär:
— Aý, men-ä dogrymy aýtsam, gatybir egin-eşige üns berýän adamam däl. Ynsanyň daşky lybasy diýmek, adamyň dünýäni duýuş, dünýäni syzyş, dünýäniň hemme zatlaryna baha beriş, täsir ediş ýaly, inçe duýgularynyň hemmesi onuň içki dünýäsine gönümel salgynamadyr. Sebäbi onuň egin-eşigi saýlap alşynda, geýnişinde onuň içki dünýäsi edil aýnada gören ýaly, onuň häsiýeti gödekmi, ýumşakmy, içki dünýäsini açyp görkezýär. Dogrusy, halypany synlap, oňa meňzäsiň gelýär.
Orazmyrat Gummadow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Keseýap obasynda 1941-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda eneden bolýar. Onuň çagalygy kynçylyk bilen geçýär. 1958-njy ýylda bolsa Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlaýar. Entek mekdepde okap ýören wagtlary Gulkişi Gulmyradow, Gulluk Hojaýew, Meret Atahanow ýaly ägirtleriň elinde terbiýelenip, olara şägirtlige ýetişip, Kemine adyndaky drama teatrynda çagalaryň we ýetginjekleriň birnäçe keşplerini döredýär. Ýaş zehin, öz ukyp-başarnygyny ösdürmek maksady bilen, Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky Teatr sungaty institutyna okuwa girip, 1964-nji ýylda kino we drama aktýory hünäriniň eýesi bolýar. Watanyna dolanyp gelip, 1968-nji ýyla çenli şol wagtky Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynda aktýor bolup işläp, gysga wagtyň içinde onlarça ýatda galyjy keşpleri janlandyrýar. Orazmyrat Gummadow geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda okuwy tamamlap gelen, türkmen sungatynda uly özgerişlikleri gazanylmagyna sebäp bolan sungat wekilleriniň biridir.
1968-nji ýylda kino sungatynyň aşygy O. Gummadow kinorežissurany hem öwrenmek maksady bilen Moskwanyň Bütinsoýuz kinematografiýaçylar institutynyň çeper filmleriň kinorežissýory bölümine okuwa girip, ony 1973-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ine, şondan bäri hem ol kino surata alyş meýdançasy we teatr sahnasy bilen bagryny badaşdyryp, halal zähmetini gaýgyrman gelýär.
1978-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň «Mosfilm» kinostudiýasynyň ýanynda, dünýäniň iň zehinli, täzeçil ýaş kinorežissýorlaryň erkana, batyrgaý döredijilik gözlegleri üçin ähli şertler döredilen «Ýaşlar eksperimental-synag studiýasy» açylýar. Oňa ýaş kinorežissýor Orazmyrat Gummadow hem çagyrylýar. Ol şol studiýada «Meniň söýgülim ergonomika» diýen çeper filmi goýup, uly üstünlik bilen synagdan geçýär.
1991-nji ýylda bolsa ol Türkmenistanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Şol ýyl ol Russiýa Federasiýasynyň «НИКО» kino akademiýasynyň baýragyna üç ugur boýunça dalaşgär bolýar.
Halypa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ençeme halkara kinofestiwallarynyň abraýly baýraklarynyň eýesi bolýar.
1997-nji ýylda bolsa «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanýar.
2009-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.
Orazmyrat halypa sungat barada şeýle diýýär:
— Edebiýatyň we sungatyň hemme žanrlarynyň maksady ilki bilen ol eserde öz döwrüniň diňe ýürekden gönümel ýürege eltýän ýürekdeş temalary gozgamalydyr:
Haçan-da, hünär bilen hünärmeniň arasynda «aşyk-magşuklyk» bolanda, diňe şol ýagdaýda beýik-beýik halypalar, beýik-beýik şägirtler, beýik-beýik eserler döreýär.
Men bu oçerki ýazmakçy bolanymda halypa Orazmyrat Gummadowyň özünden maslahat soradym:
— Men siz barada oçerk ýazasym gelýär welin, ýöne başlap bilemok! Ýa-ha men sizi ýeterlik derejede öwrenip ýetişmändirin ýa-da nämedir bir zat meni saklaýar. Siziň her filmiňiz barada bir kitap ýazsaňam az ýaly. Men oňa gowy düşünýän, mümkin, men taýýar däldirin, garaz, şu ýerde meni saklaýan bir zad-a bolmaly. Siziň inçe sungatyňyza bolan uly hormatymy kagyza geçirip, halka ýetiresim gelýär — diýdim.
Ol uludan demini alyp:
— Men bir ýönekeýje adaty adam. Men bu zatlaryň has beterrägine duçar boldum — diýip, köpmanyly pikire çümüp, gürrüňe başlady.
— Men «Kemine» çeper filmi bilen dünýäniň ençeme abraýly kinofestiwallaryna gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldum. Otuz ýyl mundan ozal, şol saparlaryň birinde, Germaniýada geçiriljek halkara kinofestiwalyna barýarkam, Moskwanyň üsti bilen gitmeli boldum. Myhmanhanada gijäniň bir wagty dynç alyp ýatyrkam, ine, şeýle bir öte üýtgeşik syrly ahwalata gabat geldim. Birden meniň göz öňümde duýdansyz, düşnüksiz ýagdaýda yşk mülküniň şasy Mollanepes şahyr peýda boldy. Bu hadysanyň has geň ýerem, türkmeniň juda özboluşly, dünýäde hiç bir suratkeşe meňzemeýän, beýik Bäşim Nuralynyň çeken Mollanepes şahyryň ölmez-ýitmez portreti janlanyp, meň ýatan otagymyň penjiresiniň öňünde edil diri adam ýaly, meniň bilen ýüzbe-ýüz duran ýaly bolup dur. Men bu ýagdaýa düşünip bilmedim, ol edil diri ynsan ýaly, meniň gözlerime dikanlap ýöne ýylgyryp durdy. Birdenem, onuň nazary otagyň bir burçunda duran «Kemine» filminiň kinoplýonkalary salnan gutulara düşdi. Men gorka-gorka müýnürgäp, Mollanepes şahyra:
— Bagyşlaň! Meniň siziň Kemine halypaňyz barada düşüren filmim göwnüňizden turmandyr öýdýän?! — diýdim. Ol bolsa, mähirli, hoşal ýylgyryp: «Ýok-ýok» diýen yşarat etdi. Birden men şahyra: «Sizem özüňiz hakynda film döretmegimizi göwün edýärsiňizmi?» diýenimi özümem duýman galypdyryn. Birdenem ol gözden gaýyp bolan ýaly boldy-da, ýene peýda bolup, baş egip gitdi. Şu ahwalatyň has geň hem syrly ýeri, bu ýagdaýyň düýşmi ýa-da huşmy men şu güne çenli aýyl-saýyl edebilmän gelýärin. Ana, şol pursatdanam başlap, men bar döredijilik oýumy diňe Mollanepes filminiň döredilmegine gönükdirdim. Şonuň üçinem, inijigim, biziň hünärimizde çekinjeňlige, ýaýdanmaga maý ýok. Ýaýdanmak duýgusy bize ýedi ýat bolmaly! Tutduňmy bir maksady, ýüregiňe daş baglap, dogumly daraşmaly. Işleriň ugruna bolsun! — diýip, ol sözlerini soňlady.
Halypa ylham berip, meni-hä ganatlandyryp goýberdi. A özi bolsa, öz gününe goýmaýan şübheleri hakda:
— Men aňymda görýän, duýýan we bolup geçýän harasatlary ekrana geçirip bilmän ejir çekýärin. Günüme goýmaýan duýgularyň ýüzden on göteriminem tomaşaça ýetirip bilemok. Ana, şol halka ýetirip bilmeýän duýgularym meni köseýär. Aýtjak bolýan zadymy doly beýan edip bilmeýänligim üçin, öz öňümde, döwrüň öňünde özümi günäli duýýaryn — diýdi.
Haýran galaýmaly! «Mollanepes» filminde hut şahyryň beýnisine girip, beýniňi gorjalaýan ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Sazyň täsirini bir diýsene! Şekilleri sözsüz öz labyryna dolap, seni yzy bilen alyp barýar. Mollanepesiň eser döredýän pursatlarynda başdan geçirýän ejir-hupbatlary, şahyry gysyp-gowrup barýan eseriň içindäki her bir gatnaşyjy keşbiň darkaşy juda täsirli. Küşt tagtasynyň üsti bilen ol, keşpleri, häsiýetleri ýerbe-ýer goýmaga dalaş edýän şahyryň kelebiň ujuny ýitirip, näderini bilmän, düşýän gününi görüp, oňa duýgudaşlyk bildirýärsiň. Ekranda hiç hili ýasamalyk ýok. Özüňi hem şolaryň içinde duýýarsyň. Adam bilen Arşyň arasynda bolup geçýän ahwallara içgin aralaşýarsyň. Özüňi olaryň ýerinde goýup, dürli çözgütleri agtarýarsyň, şahyr bilen çykalga gözleýärsiň. Şol sanda hem ederiňi bilmän, el-aýagyňy ýitirýärsiň. Eseri eser edýän, aňda bolup geçýän darkaşlary açyk we aýan görýärsiň-duýýarsyň. Elbetde, muny tomaşaça ýetirmek diňe ussat režissýorlara başardýar. Şahyr çykalga-sypalga gözläp, her dürli göçümler edip, bu kötel ýagdaýdan çykmanyň yşyny, ebeteýini gözleýär. Adalatlylygyň hatyrasyna, dünýäni düzetjek bolup, dürli-dürli göçümler bilen adyl ýoly gözleýär.
Mahlasy, «Mollanepes» filmi hakynda kän-kän synlar ýazyldy, döredijilik duşuşyklarynda birnäçe çykyşlar edildi.
«Mollanepes» filmi taýýar edilip, kino bilermenlerinden düzülen çeperçilik geňeşiň agzalary bolup, resmi ýagdaýda filmiň çeperçilik derejesini kesgitläp we ony kabul etmek boýunça geçirilen maslahatda onuň agzalarynyň çykyşlaryny hem okyjylara ýetirmegi makul bildik:
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kino we ses režissýory Sapar Mollanyýazow:
— Film meni durkum bilen özüne bendi etdi. Bir pursadyň üsti bilen şahyryň geçmişi, geljegi, döredijilik matlaby we özüniň özüne bolan çakdanaşa ýokary ahlakdyr ynsap talaplary çeper beýan edilipdir. Film başdan-aýak edil jady ýaly gözüňi gyrpman seretmäge mejbur edýär. Bu täsin eser hemmetaraplaýyn iň ýokary sungatdan aýdyň nyşan.
Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrow:
— Meniň pikirimçe, bu kämil film kinematografiýa äleminde uly täzelik, uly açyş. Režissýor beýik şahyryň ömrüniň göz açyp-ýumasy salymynda, ýagny bir pursadynda onuň bakylyga barabar döredijiligini ezberlerçe suratlandyryp bilipdir. Bu özboluşly täsin film hiç hili sýužetsiz aňk edip, özüne seretdirýän hakyky liriki kinoroman bolupdyr.
Görnükli kino we teatr tankytçysy Farida Ýemelýanowa:
— Men bu filme kän gezek tomaşa edenimden soň, adaty bolmadyk, iňňän täsirli eseriň dörändigine açyk göz ýetirdim. Her gezek şu filme tomaşa edenimde men özüm üçin täze-täze gatlaklary açýanymy mese-mälim duýdum. Muny näçe gördügiňçe, şonça-da ýene täze gatlaklar açylyp başlaýar. Meniň pikirimçe, hakyky ýokary derejedäki sungat eseriniň ykbaly, tebigaty diňe şeýle bolmaly.
Türkmenistanyň halk artisti, kinorežissýor hem-de kinooperator Osman Saparow:
— Döredijilik şahsyýeti barada film etmek hemişe adatdan daşary kynlygyna galýar. O. Gummadow bu kyn meselede has çylşyrymly, has töwekgelçilikli, çarkandakly ýoly saýlapdyr. Birnäçe waka ugurlaryny üsti-üstüne ýükläp, olaram iň soňky şirwan perdedäki dartgynly haldaky çäksiz, serhetsiz, beýik ösüşe gönükdiripdir. Şol ugur-gatlaklary agsatman, büdretmän filmiň baş maksadyna tabyn edip, ahyryna çenli alyp çykmak mümkin däl. Režissýor şol mümkin däl zatlary özüniň ýiti zehini bilen mümkinleşdiripdir. Bu eser biziň kino baradaky öňki gözümiziň-aňymyzyň öwrenişen kada-kanunlaryny döwüp, bozup, olaryň çygryndan çykyp, soňuny saýmaz gaýduwsyzlyk bilen täze, entek ýörelmedik ýodasyz, tarp ýoldan ýöräpdir. Elbetde, bu film dünýä kinematografiýasynda uly açyş.
«Arsenale» Halkara kinofestiwalynyň baş hünärmeni, kinoöwreniji Žanete Winere:
— Awtor-režissýor Orazmyrat Gummadowyň «Mollanepes» filmine uly gyzyklanma bilen tomaşa etdim. Režissýoryň kino sungatynyň özüne mahsus täze-täze dil gözlegleri, bu babatda obrazly baý tapyndylary, garaşylmaýan sýužet öwrümleri, çeper obrazly çözgüdi meni haýran galdyrdy. Bu film kinematografiýa sungatynda örän seýrek gabat gelýän «Awangard» akymynyň, ýagny, ertirki nesilleriň paýyna düşýän eserleriň hataryna şübhesiz goşup bolar diýip hasap edýärin.
Sungat ylymlarynyň kandidaty, görnükli dramaturg Aşyr Mämiliýew:
— O. Gummadow üýtgeşik artist, üýtgeşik režissýor, üýtgeşik adam. Tebigatyň tebigy kanunyna görä, islendik döredijilik şahsyýeti öz eserinde öz içini döküp, özüni beýan edýär. O. Gummadowyň eserlerem edil özi ýaly üýtgeşik. Onuň sungatynyň esasy häsiýeti, çuňluk! Biz öň Kemine şahyr hakda ýüzleýräk pikirde ekenik.
O. Gummadow özüniň «Kemine» filminde şahyry bütinleý täzeçe açyp, türkmeniň milli ruhy emläginiň biri bolan beýik akyldar, weli Keminäniň hakyky ýüzüni türkmene gaýtaryp berdi…
Onuň «Mollanepes» filmi dünýä we adam temasyna düýpli aralaşan tükeniksiz kän syrly, kän gatlakly film bolup çykdy. Biz Mollanepesi uly Tähran Halkara kinofestiwalynda dünýä meşhur polýak kinorežissýory Zanussa görkezdik. Ol filmi gördi-de, haýran galyp O. Gummadow hakda:
— Dogrusy, men türkmeniň beýle ýokary hilli kinosynyň bardygyny bilmeýärdim. Bu film Sergo Paradjanowyň meşhur «Naryň reňki» atly filminiň belent derejesini ýatladýar. Bu oglan örän zehinli, ýiti režissýor. Siz bu ýigidi ýitiräýmäň, goraň, goldaň — diýip, menden haýyş etdi.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, O. Gummadowyň şägirtleriniň biri, suratkeş Gurbangeldi Gurbanowyň halypasy hakynda aýdan sözleri:
— Orazmyrat Gummadowyň daş-töweregine bolan täsir ediş ukyby, edil jada barabar diýsemem ýalňyşmazmykam diýýän. Ol meniň çagalykdan sazanda bolmak arzuwymy uly üns bilen diňläp, maňa birnäçe diýseň jaýdar, diýseň ýerlikli soraglary yzly-yzyna ýagdyrdy-da, ol özüniň ynandyryjylyk keramaty bilen, ýarym sagadyň içinde meniň sazanda bolmak arzuwymy bütinleý başga tarapa, suratkeşlige öwürdi oturyberdi. Indi görüp otursak, wagtyň, durmuşyň ykrarnamasyna görä, ol ýalňyşman ekeni. Meniň ýene bir üýtgeşik wakany ýatlasym gelýär. «Mollanepes» filminiň gyzgalaňly taýýarlyk döwrüdi. 2-3 günden filmi surata düşürip başlamalydyk. Şol günleriň birinde gije sagat üçde halypa maňa jaň edip, gyssagly ýanyna gelmegimi haýyş etdi. Menem uly dowla düşüp ýanyna barsam, ol uly ylham bilen ýanyp duran gözlerini uçganakladyp, «Men kinony öňki ýazan ssenarimiz boýunça aljak däl, ol sungatda ýörelen, geçilen ýol. Sungatda ýörelen ýoldan ýöreseň aýyp bolar, gören-eşiden näme diýer?! Kelläme täze pikir, bütinleý täze ter çözgüt geldi» diýip, öňki tassyklanan meýilnamamyzy bir gijäniň içinde ýüz göterim başga tarapa öwürdi oturyberdi. Ertesi ol aladaňdanlar, döredijilik toparymyzy aýaga galdyryp, özüniň täze meýilnamasy bilen tanyşdyranda, toparymyz aňk bolup, ep-esli wagt agyzdan-dilden galdy…
O. Gummadowyň kino ylymlarynyň kandidaty Baýram Abdyllaýew hakda ýatlamasy:
«Baýram Abdyllaýew bilen biz «Kemine» filmini halk köpçüligine hödürledik. Şondan soň ol, meniň hakyky bahamy öz ýanyndan çendenaşa ösdürip, hemişe maňa: «Sen genial režissýor» diýer ýörerdi. «Mollanepes» filmi dünýä inensoň Baýram aga filmi görüp, ol maňa: «Men häzir aladalyrak, meň özüm saňa jaň ederin, duşuşarys, gürleşeris» diýdi-de, zym-zyýat bolup ötägitdi. Şondan soň ol ýarym ýyla golaý dürli bahanalar bilen, bilmedim, näme üçindir, menden gaçyp başlady. Meniň bolsa, onuň «Mollanepes» barada pikirini bilesim gelýärdi. Baýram aganyň kino sungatyna baha berşi köplerden düýpgöter üýtgeşikdi, düýplüdi, çuňňurdy. Çünki ol türkmen kino sungatynyň taryhynda ilkinji kino alymydy, kino tankytçysydy. Men onuň bilen duşuşyga garaşa-garaşa, ahyry Baýram Myradowiçiň pikirdeş, galamdaşy Lora Grigorýewna Stepanskaýa ýüzlenmeli boldum:
— Siz oňa aýdyň, men onuň film baradaky pikirini diňlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn — diýip, sözümi soňlap-soňlamankam, Stepanskaýa hezil edip güldi-de, gürrüňe başlady:
— Baýram agaň «Mollanepesi» kän gezek çintgäp-çintgäp gözden geçirendigini maňa aýtdy we filmiň onuň halys howuny basýandygynam menden gizlemedi. «Esere doly düşünmän, birden o hakda tagaşyksyz bir zatlar ýöňkäp ýalňyşaýmaýyn» diýip, onuň şol ýaýdanyp, çekinip ýörşi — diýip, sözüni soňlady.
Sungat ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa:
— O. Gummadowyň ynsan tebigaty durky bilen yşka ýugrulan. Onuň ajaýyp döredijiligem edil özüne barabar, yşkdan guýlan. Men mundan bäş ýyl ozal onuň eserlerini kän gezek, öwran-öwran gözden geçirip, köp oýlanyp, uly syn ýazdym. Halypanyň özi meniň ýazan synyma uly baha berdi, ýöne, gynansagam, men onuň sungatynyň düýpsüz ummany hakyndaky inçe, nepis duýgularymy doly beýan edip, kagyza geçirip bilmedim. Olar maňa aldyrmady, olar kän syrly. Çünki meniň duýşuma görä, ol kän syrly pelsepeleri söze getirmek mümkin däl. Söz, dil olardan ejiz gelýär.
Halypanyň döredijiligi bilen esli ýyllardan bäri içgin tanyş we onuň eserleriniň aşygy, institutymyzyň uly mugallymy, uly tejribeli ses režissýory Nelýa Bazarowa
O. Gummadow hakynda dokumental film alypdyr. Edebi esasyny ýazanam, režissýoram, operatoram, ses režissýoram Nelýa Bazarowanyň özi. Bir ýyla golaý wagtyň dowamynda ol halypanyň iň dartgynly, şowhunly, onuň dünýäni unudyp özünden çykýan, garaz, dürli-dürli hal-ýagdaýyndaky öte gyzgalaňly iş pursatlaryny, kemini goýman surata düşüripdir. Nelýa mugallym surata alyş döwrüni ymykly tamamlanyndan soň, ýanyma gelip, alan zatlarynyň hemmesini maňa görkezdi. Alynan zatlar çendenaşa köp ekeni. Nelýa mugallymyň haýyşy boýunça meniň wezipäm, şu başyňy alyp çykyp bolmajak agyr materialy montažçy režissýor hökmünde, nem syzmaz ýaly, bir ýüpe berk çigişdirip düzüp, yzygiderli seplemelidi, rejelemelidi we köp-köp heňe gelmeýän zatlary sazlamalydy. Meseläň iň kyn ýerem, režissýor surata alan zatlarynyň hemmesini filme girizesi, görkezesi gelýärdi. Olam mümkin zat däldi. Sebäbi, filme diňe eseriň baş maksadyna gönümel hyzmat edýän şekiller girmelidi. Özem gysgadan düşnükli, kelteden ýiti many-mazmunly hem-de, uly gyzyklanma bilen özüne seretmäge mejbur edýän kino bolmaly. Filmiň gysgaltmaly pursatlary gelende, N. Bazarowa edil etinden kesilen ýaly, her gezek tisginip-tisginip gidýärdi. Dogrudanam, käbir hökman kesmeli ýeri gelende, kesmäge dözmän, eliň diýen etmejek bolup durdy. Halypanyň janyndan syzdyryp, jibrinip, talyplara ündeýän çuň manyly pikirlerini kesmän, bölmän dolulygyna halka ýetiresimiz gelýärdi. Olam asla boljak zat däldi, sebäbi filmiň wagty, göwrümi boýunça artykmaç zatlaryň hemmesi maňa aýdyň görnüp durdy. Gysgaldyp otyrkak, kesmäge elim barmaýan, ine, şular ýaly setirler, şekiller gabat gelýärdi:
— Halypaň şol bir zady ýokary sungat derejesine ýetirýänçä, müňlerçe gezek gaýtalap: «Başlaň!» «Saklanyň!» diýen aýgytly buýruklary onuň agzyndan edil atylan ok ýaly, gyzyl ot bolup syçrap, talyplara, göýä diýersiň, ertekilerdäki jadyly taýajygyň jadyly hökümi ýaly, ýitiden-ötgür täsir edýärdi. Birdenem ol gözümiziň öňünde, 12 süňňi bilen tanalmaz ýaly üýtgäp, talyplara görelde hökmünde, bütin düýrmegi bilen özüni işe bagyş edýär. Ussadyň şu wagtky durkuny gözüň bilen görüp durkaňam, asla güman etmez ýaly özgerip, kä agaryp, kä gögerip, kä gyzaryp, kä saralyp, kä düýrügip, kä ýazylyp edýän, süňksüz-çeýe hereketlerini öz gözleriň bilen göräýmeseň, bu jada barabar geň, beýnilere uly sarsgyn berýän hadysany, suratlandyrmak mümkin däldi. Megerem, bu geň-enaýy, ajaýyp pursatlar, halypanyň ylhama sežde edip, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolup, ylhamyň ony apalap, döredijilik arşlaryna atarýan gudratly sekuntlarydyr.
Halypanyň talyplara berýän öwüt-ündewlerine görä, sungatda işiň ulusy-kiçisi bolmaly däl. Sungat diýen mukaddes düşünjeden nam-nyşan ýok ýerinde-de, ony ýasamaga hiç hili esas, ýagny jinnik ýaly ýapyşalga görünmeýän ýagdaýda-da, ony hökmany ýagdaýda ýaradaýmaly… Sahnada, ekranda, möçberine garamazdan, ululy-kiçili bir çala gymyldy göze ilýän bolsa, şol zatlaryň hemmesi, zeruryýet hökmünde, belent sungat derejesine ýetirilen, iň ýokary, kämil sungat eseri bolmaly. Ine, şular ýaly pikirleri, başdan-aýak özünde jemleýän filmi taýýar edip, biz ilki bilen halypanyň özüne görkezip, onuň pikirini diňlemegi makul bildik. Ol gözüni gyrpman, sessiz-üýnsüz filme tomaşa etdi. Soň ol ýeke söz diýmän çykdy ötägitdi.
Biz Nelýa mugallym ikimiz, bu garaşylmadyk ýagdaýa, birek-birege soragly nazarymyzy dikip, gözlerimizi tegeläp galdyk. Soňra ara birsellem wagt düşdi. Birdenem halypa, edil gidişi ýaly, duýdansyz dolanyp geldi-de:
— Ullakan çekilen agyr zähmet. Birgiden edilen işler. Men haýran. Siziň ikiňizem kino eserlerini döredip ýören zehinli kinoçylar ahyry. Ýöne, gynansagam, siz şu işiňizde esasy maksatdan köp terse gidipsiňiz. Siz meniň eserlerimiň köküni düýp-teýkaryny, 700 arkasyny düýpli yzarlap, meniň filmlerimdäki başdan-aýak gabat gelýän, garaşylmaýan gapma-garşylyklaryň, duýdansyz öwrümleriniň aldym-berdimli elhenç darkaşlarynyň düýp sebäplerini, uly sypaýyçylyk bilen tomaşaçylara ýaňzytmaly ekeniňiz! Meniň irmän-arman talyplaryň gulaklaryna, gursaklaryna guýýan, olaryň 12 süňňünde ömürbaky ýaňlanyp durar ýaly, yzygiderli ýanjaýan sargytlarymy, berkden-berk tekrarlamaly ekeniňiz! A siz bolsa, filmiňiziň agramyny meni öwmäge bagyşlaýypsyňyz! Biz halypanyň sungatyň öňündäki, halkyň öňündäki bitiren hyzmatlarynyň mundanam has ýokary öwgä, tarypnamalara mynasypdygyny janymyz-tenimiz bilen ony näçe ynandyrjak bolsagam, ol bizi diňlemegem islemän, şol öz diýenini tutdy durdy-da:
— Eger men, hakykatdanam, öwgä mynasyp bolýan bolsam, halkyň özi, size ýetirmän meň öwgimi ýetirer. Çünki halk bu meselede bizden has kän adyl we kän akylly. Olaryň sungata baha berşi, duýgularam biziňkiden belent bolmasa pes däl — diýdi-de, bir zatlar ýadyna düşüp, çalasynlyk bilen çykyp gitdi…
Biz halypanyň adalatly belliklerini göz öňüne tutup, kinomyzy başdan-aýak täzeden söküp, täzeden düzüp, ýaňadandan oňa görkezenimizde, ol çaga ýaly begenip:
— Ine, munyňyza men «Hä!» diýip biljek! Bu işiňiz meniň häsiýetime, keşbime az kem çalym edýär. Berekella! Sungat derejesine ýetiräýipsiňiz! Tüweleme! — diýdi-de, biziň ellerimizi gysyp, bizden hoşaldygyny beýan edip, ýene nirädir bir ýerlere howlukmaç çykyp gitdi.
Biz ussadyň göwnüni awlap bilen işi bitirenimiz üçin we onuň ýowuzdan-ýowuz synagyndan ýeňiş bilen geçenimize begençden ýaňa iki bolup bilmedik. Çünki bu öte talapkär halypamyň bize beren ýokary bahasy, biz üçin dünýäde iň uly, baş baýrakdy.
Halypa söhbetdeşligimiziň birinde, uly pikire çümüp, bir zenany ýatlatdy.
— Russiýaly dünýä meşhur kino öwreniji ylymlarynyň kandidaty, professor Irina Mihaýlowna Şilowa 1990-njy ýyllaryň ahyrynda gazetleriň birinde «Kemine» filmi hakda syn ýazypdy. Soň ol «Mollanepes» filmi görüp, maňa jaň etdi. Ol Moskwaly bolansoň, ýarym ýyla golaý men onuň çakylygyna wagtynda baryp bilmedim. Ahyry men onuň bilen duşuşdym, ol hassahana düşen ekeni. Men onuň halyndan habar alyp, saglyk-amanlyk soraşanymdan soň, ol ysgyndan düşen haýaljak sesi bilen yra-dara söze başlady:
— Men siziň «Mollanepes» filmiňize köp gezek tomaşa etdim. Beýle köp gatlakly elitar kino eserini men entek görmändim. Men filmde özüm üçin
12 gatlagy açyp, görüp, duýup bildim. Ondan aňyrkylary salgym bolup maňa görmek başartmady. Olary görmek, duýmak üçin, menem edil siz ýaly türkmen ganly, beýik Pyragynyň topragynda dünýä inen ynsan bolmaly. Ol maňa berilmändir. Men siziň eserleriňizi dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran Andreý Tarkowskiý, Sergo Paradjanow, Akira Kurasowa ýaly ägirtleriň ölmez-ýitmez eserleri bilen deň hatarda goýýaryn. Beýle kämil, geljekki nesilleriň nesibesi bolan, wagty-döwri kän öňürden «Awangard» film hakda men uly höwes bilen syn ýazardym, ýöne, arman görýäňiz-ä — diýip, başujundaky üýşüp ýatan däri-dermanlary görkezip, ol mertlige salyp, näçe gizlejek bolsa-da, onuň gözlerinde bialaç, ahmyrly gözýaşlar peýda boldy. Menem bu gözgyny ýagdaýda ejizlemejek bolup, özüme näçe zor salsam-da, bogazym dolup, gözlerim ýaşly ömrüni dünýä kinosyna durky bilen bagyş eden, beýik zenana birje söz diýmäge-de dilim ysman, sessiz-üýnsüz hoşlaşmaly boldum.
Halypa ýatlamalar ummanyndan kynlyk bilen özüne gelip, uludan demini aldy-da:
— Ine, inijigim, bizem sungata 12 synamyzyň 49 bogunlary bilen gümra bolup, dünýäni unudyp, görüp otursak, ömür salymyzyň bir çene baranynam duýman galaýypdyrys. Ýöne bu zatlara garamazdan, biziň öz öňümizdäki, sungatyň öňündäki, halkyň öňündäki bergi-borçlarymyz, entek-entek üzülişerden juda kändir. Çünki tomaşaçylar bize intizar gözlerini dikip, haçan biz olara ýürekden ýürege gönümel barýan ýürekdeş täze eserleri sowgat ederkäk diýip, olar sabyrsyzlyk bilen, umydygär garaşyp otyr. Olaryň ýagşy umytlaryna ikilik etmäge biziň hakymyz ýokdur.
Halypa barada meni gyzyklandyrýan soraglaryň çeni-çaky ýokdy. Ine, men şu soragy berenimi özümem duýman galypdyryn:
— Halypa, siziň döredijiligiňizde köplere meňzemeýän juda, öte özboluşlylyk bar. Şol barada kelam agyz aýdaýsaňyz?!
— Bu soragyň jogaby öz-özünden düşnükli. Meniň pikirimçe, dünýäde näçe ynsan ýaşaýan bolsa, şolaryň hersiniň biri-birine meňzemeýän, dünýäni özüçe görüş, özüçe duýuş duýgulary bar. Bu tebigatyň mizemez tebigy kanuny, döredijilik adamlaram şol tebigy kanunyň sadyk guly bolup, şol biri-birine meňzemeýän özüçe görüş, özüçe duýuş duýgulary bilen dünýäni we onuň hemme närselerini, ahwalatdyr hadysalaryny, sungatyň obrazly çeper dilinde özüçe ýürejiklerinden syzdyryp beýan edýärler. Menem şolaryň biri. Özboluşlylyk diýen düşünje diňe şu zatlardan dünýä inen bolmaly!
— Siz ylmyňyz-bilimiňiz, hünäriňiz, uly iş tejribäňiz boýunça, teatr aktýory, kino aktýory, teatr režissýory, kino režissýory, gerek bolsa, teatr üçin pýessalar, kino üçin ssenariler ýazýarsyňyz. Garaz, bir ynsanda jemläp bolmajak kän zatlary siz özüňizde jemleýärsiňiz. Siziň pikiriňizçe, sungat adamy üçin iň esasy zat näme?
— Esasy zat. Sungat adamsynyň diňe öz şahsyýetinden başga, dünýäniň hemme zatlary hakda, onuň öz şahsy pikiri, öz şahsy sözi bolmaly. Ol şahsy sözem dünýäň unaýan sözi bolsa ýagşy.
Köpden bäri men halypanyň iş pursatlaryna içgin syn edip gelýärin. Şol pursatlarda men ony hemişe ylhamdan ýaňa joşup, dolup-daşyp duran ýagdaýda görýärin.
Bir gezek men halypa ýüzlenip:
— Her bir döredijilik şahsyýetiniň özboluşly öz ylham çeşmesi bar diýýärler weli, şol babatda siziň pikiriňiz neneňsi? — diýen soragy berdim.
Ol eglenmän söze başlady:
— Meniň pikirimçe, hakyky döredijilik şahsyýetiniň ylham çeşmesi onuň diňe özünden önmeli. Çünki ylhamyň özi, öz aýajygy bilen biziň gapymyzy kakyp gelýänçä, oňa garaşyp ýatmaga adamda çäksiz ömür barmy näme?! Meniň pikirimçe, ylhamyň özi üstümize gelerine garaşyp ýatmaly däl-de, biz beýik-beýik maksatlara beslenip, ondanam has beýik yhlasdyr agyr zähmetler bilen berk ýaraglanyp, özümiz ylhamyň üstüne gaýduwsyz, ýanbermez hüjüm edip, ylhamyň özüni bialaç ýagdaýda gülüp biziň öňümizden eli gülli çykmaga mejbur etmeli. Ylham diňe irginsiz-argynsyz yzygiderli agyr zähmetde. Biziň köpimiz, gynansagam, «zähmet» diýen köpmanyly keltejik söze ýüzleýräk düşünýäris. Ol sözüň düýbünde çuňňur ýatan many bar, ýöne biz onuň ýowuz synaglaryny, ylhamyň wysalyna gowuşmak üçin, oňa tarap aşyp geçmeli jebir-jepa daglaryny, agyr ýüküni gaşymyzy çytman öz çepiksije gerdenimizde çekmelidigimizi köp halatlarda unudýarys.
Halypany tükeniksiz soraglar bilen irizip barýandygymy duýsamam, ine, şu soragymam bermeli boldum:
— Siz öz eser dörediş usullaryňyzyň syrlary hakdaky pikirleriňizi paýlaşaýsaňyz! — diýenimde, halypa hezil edip gülüp:
— Ine, bu sorag, baky jogapsyz tükeniksiz, kän-kän matally düşünje. Elbetde, her bir döredijilik şahsyýetiniň özüne kybapdaş, öz şahsy usullary hökman bolaýmaly. Bu tebigy zat. Ýöne şol usullaryň inçe syrlaryny düşündirip bolmaýar. Sebäbi şol usullaryň göze ilmeýän, duýga aldyrmaýan özleriniň içki, egrem-bugramly, ýol-ýodasyz öwrümlerine, köp halatlarda döredijilik şahsyýetleriniň özlerem aýyl-saýyl edip, gaty bir düşünip barýandyr öýdemok. Dogrusy, bu meselede mende bir ullakan syr ýok. Ýöne siziň soragyňyzy boş gaýtarmaz ýaly, men özümiň käbir ýönekeýje, ýöntemje hiç hili syrsyz sadaja usullarymy düşündirjek bolaýyn! Men durmuşyň we janly-jansyz tebigatyň ähli zatlaryny adatdan daşary ýitileşdirilen duýgular bilen, olara siňeden-siňe nazar salyp, durmuşyň hiç ýagdaýda ýapa degmeýän, heňe gelmeýän ahwalatdyr hadysalaryny, hökmany şertde ýapa degrip, onam berkden-berk şübhesiz subut etmeli we gögertmeli diýen mizemez maksady özümiň mukaddes döredijilik parzym diýip, özüm-özüme söz berdim. Meniň pikirimçe, hakyky sungatyň esasy syry, şol adaty nukdaýnazardan garanyňda, asla heňe gelmeýän zatlaryň düýbündäki gizlin ýatan zatlara ýiti döredijilik göreji bilen dikanlaňda, heňe şaplaşyp gelip duran hakykatlary aýdyň görüp, inçeden duýup, şolaram sungatyň çeper obrazly ynandyryjylyk keramaty bilen, hemmelere şübhesiz subut etmekdedir diýip hasap edýärin. Ine, edil şu ýerde, men ýene bir örän wajyp meseläni gozgasym gelýär. Adam dünýä inip, gözi açylyp ugranyndan, ol älemiň ähli zatlaryna öte gyzygyp, uly bilesigelijilik bilen daş-töweregine içgin ser salyp başlaýar. Sebäbi ol häzirlikçe dünýäni, onuň ilkinji tebigy gözel lybasynda, entek ýoýulmadyk beýhuş ediji terliginde görüp, duýup, syn kylýar, ruhy lezzet alýar. Wagtyň geçmegi bilen, ýaňky çaga ulalyberensoň, ýuwaş-ýuwaşdan hemme zatlara gözi öwrenişenden soň ol «gözi öwrenişmek» diýen derde ýoluganyny özem duýman galýar. Şol perdäni syryp, onuň ýesirliginden azat bolmagyň ezýetli şertleri, aşyk Perhadyň belent-belent daglary gazyp, ýaryp böwsüşindenem kän çökder, jebir-jepaly zähmetleri talap edýär. Ondan gutulmagyň şertleri näçe zabun bolsa-da, döredijilik şahsyýetine şol perdäni ýeňmekden başga çykalga ýok. Çünki dünýäni diňe onuň ilkinji öz tebigy lybasynda, entek ýoýulmadyk, beýhuş ediji terliginde görmäge, duýmaga, ony wasp etmäge beýik duýgusy, beýik ukyby bolan döredijilik şahsyýeti öz eseri bilen islendik ynsany özüne meýletin bendi ediji, ýesir ediji, beýik sungat eserini döredip biler diýip hasap edýärin.
Ussat mugallym Orazmyrat Gummadowyň döredijilik gory entek-entek egsilmez. Olar hakda hormatly okyjylar, indiki döredijilik söhbetdeşligimizde sizi içgin tanyşdyrarys. Çünki hormatly Prezidentimiz beýik halypalaryň sungat ýollaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler açýar.