|

Ylham atym!

Ylham atym! YLHAM ATYM!

Ylham atym, girdik bu gün aýlawa,
Çaman bolup, çañda goýmawer, atym!
Hantama men öñdelige — baýraga,
Ýüwür, özgelerden saýlawer, atym!

Gözme eziz ahalteke sypatyñ,
Aslyñ türkmen at-a däldir-dä, atym?!
Sen nesli bolaýma gadym Gyratyñ,
Aslyñ ýüzün ýere salmawer, atym!

Bilip goýgun, çemeçildir hol atlar,
Olaryñ üstünde galplar — gulatylar,
Gykuwlaşyp, Şygyrýeti buladylar,
Öwüdim, ol sürä barmawer, atym!

Öz ýoluñ tap, özge ýoldan sürmerin,
Özüñe goýaryn, gamçy urmaryn,
Hatyrjem bol, gyssap daljykdyrmaryn,
Hernä, büdremeli bolmawer, atym!

Bar ekeni gapdalyñda ganatyñ,
Sen uçýan bolmaly joşan halatyñ,
Diýdirmäwer: «Aýak alşy däl atyñ!»
Üz örküñi ýerden, parlawer, atym!

Bilmen sende nä menzile ýetemen,
Yrylma, münýänçäm agaç ata men,
Pegas — saña ynam edýän öte men,
Ýüwür, ýüzüm ýere salmawer, atym!

■ DAGA SYGYNMAK

Galyp barýar başyñ göge,
Bardygymça golaý dagym!
Arkam ýokdur sygynmaga,
Maña arka bolaý, dagym!

Düşdümi başyña işler,
Çeşmeleriñ gözýaşyñmy?
Etegiñde ýatan daşlar,
Gysmakdan döwlen dişiñmi?

Gyşyn-ýazyn sowlanog-a
Seniñem depäñden duman.
Belki, gaýa — gollañ göge
Göterip, dileýäñ aman?

Çydamyñ çäksizdir, bilýän,
Dözýäñ, zeýrenip ýörmeýäñ.
Ýöne käte çydap bilmän,
Senem elenýäñ — «gürleýäñ».

Meni depäñe mündürip,
Özüñdenem belent etdiñ.
Belentlige dyrmaşmagyñ
Kyndygyna belet etdiñ.

«Biz dag!» diýýän depelere
Esetsem, hol gara görnüm.
Rugsat ber, düşeýin ýere,
Göge tutaýmankam burnum.

Belentligi göterinip
Bilmäge-de gaýrat gerek.
Ejize eselip, sürnüp,
Bolmagym mümkin biderek.

Kiçem bolsa, edineýin
Menem öz «boýumy», dagym!
Gelerin şu gelşim deýin,
Küýsän hem ejizlän çagym.

Hemra ŞIR. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle