|

Ykbalymmy ýa mendimmi armanly…

Ykbalymmy ýa mendimmi armanly… YKBALYMMY ÝA MENDIMMI ARMANLY…

Ykbalymmy ýa mendimmi armanly...

Gözüm ýaşly, ýüregimde gaýgy bar,
Ykbalymmy ýa mendimmi- armanly?
Gaýşarmadym, kelçermedim, gülmedim;
Bu ejiri maña bereriñ ýaly

Haka şükür etdim her bir günümde,
Köp garaşdym, dolanarňa, gelerňe.
Pikirlenýän,
nirde günä ýol tutup,
Sebap boldum bu ejiri bererñe.

Elmydama söýgi berdim ynamly,
Mätäçlere kömek berdim, gol ýapyp,
Söýgimi aldylar — ynammy ýakyp,
Kömegmi aldylar elimden kakyp.

Men hem ynsan, mende-de bir duýgy bar
Sabrymyñ hem belli ýerde çägi bar.
Söýgim beriñ — göterilmez dagy bar,
…Ykbalymdan armanym bar, arym bar…

Tumar TEMIROWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle