|

Ykbal

Ykbal YKBAL

Ykbal

Ykbal-ýaşamak üçin dünýä gelmek,
Ykbal-agyr synagdan sapak almak.
Ykbal-çagaň ene-ata hupbaty,
Ykbal- dogulmak-görmek agaç aty.

Ykbal-ömrüňi şer-haýra baglamak,
Ykbal-melgundanam pälazan bolmak.
Ykbal-raýdaşlyk, doganlyk hem dostluk,
Ykbal-haramylyk ýa zanny päklik.

Ykbal- ýigde ýazgyt ýara aşyklyk,
Ykbal-gyza kysmat äre magşuklyk.
Ykbal-bir-bire edilýän hemaýat,
Ykbal- türkmen üçin nesil dowamat…

Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW.

Surat: «Arçaly adam» kinofilminden» Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle