Ýigitleri guçsañyzam, ogrynrak guçuñ!
Ýigitleri guçsañyzam, ogrynrak guçuñ!

Anna, 25.08.2023 ý.
Şu meselede başga milletler barada anyk bir zat aýdyp biljek däl welin, öňler türkmen zenanlaryndan şahyrlar azdy. Geçen asyryň ýetmişinji, segseninji — poeziýanyň ösen ýyllarynda hem şahyr aýal-gyzlar barmak basyp sanaýmalydy, erkekler has köplükdi. Edil häzirki döwürde goşgy ýazýan zenanlaryň köpelenligi hak. Sanaýaňda-da erkeklere garanda köp bolmasa az-a däldir. Umumy durmuş, maşgala, temalaryndan, tebigat barada ýazýan goşgularyny okasaň okasyň gelýär. Gowy ýazýarlar. Bu elbet-de, guwandyryjy zat.
Ýöne bu meselede oýlandyrýan, seňrigiňi ýygyrdýan başga bir zat bar. Olam söýgi baradaky goşgularynda käbir zenanlaryň öz duýgylaryny öte gönümellik bilen, türkmen gelin-gyzyna mahsus bolmadyk häsiýetler bilen beýan etmekleri. Kä zenan maşgalanyň söýgi baradaky goşgusyny okanyňda “Bäh, bul-a Mežnun bolup göni daga çykaýypdyr” diýdirýär. Söýgi barada ýazmagam bolar, ýazmalydyram welin, aýal maşgala ýazanda “ýanýan, köýýän”, sensiz karar tapamok” diýip dursa, biziň pikirimizçe, hem-ä haýa diýlen serhede aralaşýar hemem görnetin öz mertebesini özi peseldýär. Aýal maşgala söýgi meselesinde ýazýanlaryny “ýedi ölçap bir kesse” gowy bormuka diýýäris. Şu ýerde Kerim Gurbannepesden köplere mälim bolan şu setirleri-de ýatlatsak köplük edip durmazmyka diýýäris:
“Söýgi näme” diýdim bir ajap Gyza…
Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam,
Ýogsam şol ýigidi guçardym, eýýäm”.
Biziňem käbir zenan şahyrlara “ýigitleri guçsaňyzam ogrynrak guçaweriň”, söýgüde aýal maşgala gizlinlik, sabyrlylyk galyberse-de, ejap etmek ýaraşýandyr” diýip ýatladasymyz gelýär.
• Awtor hakda
Geldimyrat Gurbanmyradowiç Seýidow 1952-nji ýylda Bäherden etrabynyň Garrynohur obasynda eneden bolup, şol obadaky orta mekdebi okap gutardy.
Goşun gullugyny tamamlap, ömrüniň 35 ýylyny Aşgabat şäher polisiýa Müdirliginde dürli wezipelerde işledi.
1989-njy ýylda Aşgabat şäherindäki Milisiýanyň ýörite orta mekdebini (häzirki Polisiýä akademiýasy) gaýybana okap gutardy.
2010-njy ýylda podpolkownik harby derejesi bilen, Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany hökmünde hormatly dynç alşa çykdy.
Pensiýada dynç alyşda bolmak bilen bir wagtda, häzir ol hukukçy (ýurist) wezipesinde işleýär. Nukdaýnazar