Yhlas we wysal hakynda tymsal
Yhlas we wysal hakynda tymsal
Şol wagtam, onuň egninde oturyp, adamyň ähli isleg-arzuwlaryny ýazyp oturan perişde-de onuň ähli oýlanmalaryny öz wysal depderine yhlas bilen ýazýarmyş hem içinden pikir edýärmiş: “..durmuş-a batga, aýaly – içýakgyç alasamsyk, dosty ýok, töweregindäkiler bir özlerini bilýän nebisjeň haýwanlar… Bäh, bu adamlaryň geňdigin-äý! Hemmesiniň arzuw edýän zady şol bir zatlar! Meniň-ä dogrusy munuň ýaly erbet arzuwlary wysal edesim hem gelmeýär welin, onda-da näme etjek, öz ýaşaýyşlarynyň şeýle bolmagyny sargyt edýän bolsalar, onda olaryň yhlasyny isleýişlerinden dynnym ýalyjagam gyşarman wysal etmeli bolýar-da!”…
Terjime eden: Bagabat. Hekaýalar