|

Yhlas bilen bilim berer mugallym

Yhlas bilen bilim berer mugallym YHLAS BILEN BILIM BERER MUGALLYM

Adam eşretli durmuşda ýaşamak üçin zähmet çekýär. Aslynda, zähmet ynsan üçin edil howa, iýmit ýaly hökmany zerurlyk. Zähmetiň hem dürli görnüşi bar, dürli hünärler, kärler bar. Olaryň sany müňlerçe, ýöne iň hormatlylarynyň we gadymylarynyň biri mugallymçylykdyr. Ynha, şol hormatly käriň eýesi bolup, «mugallym» adyny buýsanç bilen göterýändigimiz üçin biz bagtlydyrys.
Mu­gal­lym — aja­ýyp at. Bu hor­mat­ly adyň ha­ky­ky eýe­si bolmak üçin öz bi­li­mi­ni art­dy­ryp, ýaş nes­li döw­re­bap, sowatly edip ter­bi­ýe­le­mek ug­run­da jan çek­me­li. Se­bä­bi, bu onuň baş we­zi­pe­si. Mu­gal­lym okuw­çy­la­ryň gö­zün­de kyn zatla­ryň ýe­ňil­lik bi­len höt­de­sin­den gel­ýän yn­san. Okuw­çy­lar üçin onuň ab­ra­ýy, sy­lag-hor­mat­y öl­çär­den ag­ram­ly gel­ýär. Okuwçy üçin ata-ene­si­niň sö­zün­den mu­gal­ly­myň sözü­niň has-da tä­sir­li bol­ýan­dy­gy­ny biz gün­de­lik dur­muş­da gö­re-göre gel­ýä­ris. Meş­hur şa­hyr Ke­rim Gur­ban­ne­pe­sow “Mugally­myň sö­zi” at­ly goş­gu­syn­da şeý­le bel­le­ýär:

Mugallymyň sözi — Watanyň sözi,
Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun.

Öz kä­ri­ne hem-de okuw­çy­la­ry­na söý­gi­ni özün­de jem­län mugal­lym kä­mil­dir. Mu­gal­lymyň äh­li gu­wan­jy onuň okuwçyla­ry­dyr. Mugal­ly­myň äh­li yh­la­sy-da, zäh­me­ti-de onuň terbiýe­läp ýe­tiş­di­ren okuw­çy­la­ry bi­len öl­çelýär. Şu ýer­de oňa de­giş­li şeý­le­räk bir dur­muş wa­ka­sy­ny ge­tir­mek is­le­ýä­rin.
Mek­de­be oku­wa bar­jak ça­ga­sy­na iň go­wy mu­gal­ly­my saýlama­gy ni­ýet edi­nen maş­ga­la ahy­ry ony ta­pyp­dyr. Ir bilen gar­ry­ja ata­sy öz ag­ty­gy­ny şol mek­de­be alyp gi­dip­dir we mekde­biň how­lu­sy­na gi­ren­den, ony ara­kes­me­de da­şa­ry çykan okuw­çy­lar gur­şap­dyr. Ep-es­li wag­tyň do­wa­myn­da daşyn­da gy­gy­ry­şyp, ylga­şyp ýö­ren ça­ga­la­ry gö­ren ýa­şu­ly uludan dem alyp­dyr.
Yn­ha, ahy­ry jaň se­si eşi­di­lip, her kim öz okuw ota­gy­na gidýär. How­ly bo­şap gal­ýar. Ata­sy ag­ty­gy­nyň elin­den tu­tup:
— Sa­ňa baş­ga­rak mek­de­bi göz­lä­ýe­li — diýip, ony alyp gaýdýar.
Ata­sy ýe­ke özi ýe­ne bir­ki mek­de­be bar­ýar we­lin, edil şol ýagdaý gaý­ta­lan­ýar. Ahy­ry ýol ug­run­da­ky ki­çi­jik mek­de­biň howlu­syn­dan ba­ran­da, jaň ka­ky­lyp ça­ga­lar da­şa­ry çyk­ýar.
— Ba­ba, si­ziň ýag­da­ýy­ňyz go­wu­my, bel­ki suw ge­tir­me­li­dir? — di­ýip, bir ça­ga ses­len­ýär. Yz­ýa­ny baş­ga bir ça­ga dil­len­di:
— How­ly­myz­da otur­gy­jam bar, ge­çip otura­ýyň!
— Mu­gal­ly­my ça­gy­ryp ge­lä­ýe­ýin­mi? — diýip, ça­ga­la­ryň üçünji­si mu­gal­lym­lar ota­gy­na ta­rap ýö­nel­di. Tizara how­la ýaş mu­gal­lym çyk­dy. Ýa­şu­ly sa­lam­dan soň:
— Ahy­ry go­wy mek­de­bi tap­dym — di­ýip, ýyl­gyr­dy.
— Sag bo­luň, ýö­ne mek­de­bi­miz ki­çi he­mem en­tek kä­mil­li­ge ta­rap ym­tyl­ma­ly ýe­ri­miz köp.
Ýa­şu­ly mu­gal­lym bi­len yla­la­şyp, er­tir ag­tygy­ny ge­tir­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ag­şa­ma­ra og­lan­jy­gyň ka­ka­sy ol mek­de­biň hem-de mu­gal­ly­myň go­wu­dy­gy­na ikir­jiň­lenen-de, ýa­şu­ly:
— Mu­gal­lym­la­ry okuw­çy­syn­dan ta­na­ýar­lar — di­ýip, jo­gap berip­dir.
…Adam öm­rü­niň do­wa­myn­da dür­li dö­wür­ler bi­len ýüz­leş­ýär. Aý­dy­ly­şy ýa­ly, dö­wür­ler dön­ýärler, döw­ran­lar dolanýarlar. Dür­li za­ma­na bi­len ýüz­le­şen adam­lar ola­ry deňeş­di­rip, bi­ri-bi­ri­niň par­hy­ny öl­çe­ýär­ler, neti­je çy­kar­ýar­lar.
Yn­ha, biz bu gün özü­mi­ze Ber­ka­rar döw­letiň mu­gal­ly­my diýip, buý­sanç bi­len aýd­ýa­rys. «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» gazetinde çap edi­len Sa­ýat et­ra­by­ndaky 33-nji or­ta mek­de­biň türkmen di­li we ede­bi­ýat mu­gal­ly­my Gü­lüs­tan Döwletowanyň şu se­tir­le­ri aý­dy­lan­la­ry tas­syk­lap, mil­li bi­lim ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän her bir mu­gal­ly­myň ýü­re­gi­ne jüňk bol­ýan­dyr:

Her gün säher ak mekdebe ýörämde,
Öz saýlan kärime söýgi dörände,
Watanymy täç eýleýän depämde,
Berkarar döwletiň mugallymy men.

Tä­ze okuw ýy­ly baş­la­nar. Tä­ze güýç, tä­ze zäh­met joş­gu­ny bilen baş­lanýan okuw ýy­ly­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­ne tüýs ýü­rek­den ynan­ýa­rys. Se­bä­bi ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler bi­ziň ýo­lu­my­za nur saç­ýar, ýag­ty geljegi, aja­ýyp dur­mu­şy şert­len­dir­ýär.

Köňül MAMALIÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy. Pedagogika we edep-terbiýe

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle