«Ýewgeniý Oneginden» parçalar
"Ýewgeniý Oneginden" parçalar
Men size ýazýaryn — dagy nädeýin?
Siz alyp gitdiñiz erkimiñ baryn.
Şondan başga ýene näme aýdaýyn?
Ýigrenseñem indi öz ygtyýaryñ.
Sizde sähelçejik meniñ bu lagşan
Täleýime rehim bolsa-da eger-de,
Meni taşlap gitmezdiñiz bu ýerde.
Ynanyñ, siz: özümiñ bu perişan
Günämi gizlemek hyýalym bardy.
Size asla duýdurmazdym hiç zady
Bolsady daýançdan çala bir nyşan,
Goý, az bolsun, goý hepdede bir gezek
Obamyza gelseñ, ynjalar ýürek,
Sesiñiz eşitsem, özüñiz görsem,
Siziñ gaşyñyzda birje söz aýdyp,
Gijeler-gündizler pikir öwürsem.
Ýöne size garasöýmez diýýäler,
Bu çol obada bolar hasam kyn,
Üstesine hormat etsek-de näler,
Artyk zadymyz ýok ilden aýratyn.
Geldiñiz öýmüze nä maksat bilen?
Gelmedik bolsañyz, bir mahal ýatdan
Çykarlan bu çola obamyzda men
Halas bordum bu jebirli azapdan.
Wagty geler, bu kalbymy haýhatdan
Köşeşdirip (ýöne, nä bileýin-dä?)
Tapardym öz ýüregimiñ halanyn,
Mähriban enesi körpe çaganyñ
Wepaly ýar bordum başga bir bendä.
Bagyşlañ!.. Bu ýagty dünýäde, belkem,
Hiç kime bermezdim öz ygtyýarym!
Bu meniñ ozaldan ýazgydym eken,
Bu Allanyñ emri: men seniñ ýaryñ…
Ýalñyz seniñ wysalyna wepaly
Meniñ bütin ömrüm, jigerim-janym
Sen maña Tanrynyñ bagş eden paýy,
Sensiñ tä ölinçäm hökmürowanym…
Şol gije düýşüme girenim sensiñ,
Şonda maña mähir bilen garapdyñ,
Jady bilen erkim dañyp, sarapdyñ
Eşitdim ahyry şonda señ sesiñ,
Bu öñräkdi… Ýok, ýok düýşüm däl!
Duýdum, tanadym men ýañy giren dessiñe,
Doñup galdym gelebilmän essime,
Hyýalymda: Ine, hut özi! diýdim,
Ýalanmy eşdenim aýdan zatlaryñ:
Çola ýerde maña gürrüñ berýäkäñ,
Bir garyba kömek edýän wagtlarym,
Kalbymyñ gowgaly harasatlaryn.
Seni baryp okap köşeşdirýäkäm?
Şol mahal gowşaşan pursaty salym,
Sen dälmidiñ, eýsem mähriban salgym,
Aý aýdyñ gijede ýuwaşja ädip,
Başujymdan meniñ ýanyma gelen?
Sen dälmiñ kalbymyñ daýanjy bolan,
Şol mylaýym söýgi sözlerin aýdyp?
Kim sen, ykbalymyñ perişdesimiñ,
Ýa mekir melgunmym, nämedi kesbiñ;
Gel çözüp ber şübhelermiñ düwnüni,
Belki bular hakykatdan daşdadyr,
Ýöne aldap ýörendirin göwnümi!
Mañlaýyma ýazlan düýpden başgadyr…
Her näme bolsa-da, çytman gaşymy,
Ykbalym ynanyp, saña el berýän.
Señ öñüñde döke-döke ýaşymy,
Sen penala diýip saña ýalbarýan.
Oýlanyp gör özüñ: Men munda ýeke,
Düşünmeýär maña töwerek-daşym,
Aklyny aldyran bu naçar başym,
Ölmeli sedasyz gam çeke-çeke.
Saña garaşýaryn: Gelip kä halat,
Tapdan düşen umydymy daýandyr,
Ýa agyr ukudan meni oýandyr,
Sowuk nazar bilen berip gyjalat!
Gutarýan! Täzeden okamak ne kyn…
Ýürek galpyldysyn zordan saklaýan…
Ýöne señ namysyñ bar zatdan ýakyn,
Özümi şoñ gujagyna oklaýan…
• ONEGINIÑ TATÝANA HATY
Duýýaryn: ynjydar, iñkise goýup
Bu gussaly syrlarymyñ beýany.
Nähili ýigrenji hem kinaýany
Buýsançly gözlerñiz döreder, haýyp!
Isleýänim näme? kalbymy açyp,
Serýän öñüñizde nä maksat bilen?
Belki sebäp bolýandyryn gör niçik,
Şeýdip ine, ajy gülkiñize men!
Bir mahal tötänden duşañda haýyp,
Sizde näzikligiñ uçgunyn duýup,
Şoña ynanmaga bolmandy miltim:
Şirin endiklerme bermändim ýoly,
Gorap saklamakdy ýigrençden doly
Erkinligmi ol mahallar niýetim.
Bizi aýra saldy başga-da bir zat…
Garabagt Lenskiý bolupdy gurban…
Ýüregime ýakyn zatlardan şo bat
Ýüregimi sogrup aýrypdym, arman.
Hemmelere ýat men, hemmä bigäne:
Ozalda erkinlik, dynçlyk diýlen zat
Bagtdyr öýtdüm. Tañrym! Gör niçik azap
Çekdirdi ýalñyşlyk, ot berip jana.
Ýok, synlap görküñiz her minutsaýyn,
Yzyñyza düşüp ýörsem elmydam,
Gözlerñiziñ, dodagñyzyñ mylaýym
Ýylgyrşyny görse bu muştak didäm,
Size gulak asyp, ýürekden duýup
Gözeldigin kämil katdy-kamatyñ,
Ajy hesretleriñ içinde buýup,
Öçüp gitsem… ine şol eken bagtym!
Men bulardan mahrum: gaçyp takadym,
Selpäp ýörün seniñ üçin janserek.
Gymmatly her günüm, her bir sagadym
Gussalara sarp edýärin biderek
Sanagly günlermi men garabagyr,
Ol günler meñ üçin onsuzam agyr.
Ömrüm ölçeglidir bilýärin onam:
Ýöne uzar ýaly bu ömür salym,
Ir bilen turamda bolmaly ynam
Gündiz görjegime seniñ jemalyñ…
Gorkýaryn: bu perýat, bu nalam üçin
Gazaply gözüñiz görerin öýdüp,
Ýüzüm aljagñyzdan, diñlemesi kyn —
Agyr gyjalatly sözleri aýdyp.
Bilsediñiz elhenç zatdygyn örän
Yşgyñ teşneligin her bir dem saýyn
Çeke-çeke, ýene ganyñdan dörän
Tolkunlary köşetmegiñ her daýym.
Arzuwym şo, dyzyñyzy gujaklap,
Eñräp aýagñyza ýykylyp ýatsam,
Arzymy, ökünjim, ýürekde saklap.
Ýören zatlarymyñ baryn aýtsam.
Özümi ýasama görnüşe salyp,
Üýtgedip sesimi, ýylgyrdyp gözüm,
Asuda aýtmaly her aýdýan sözüm,
Her kime şadyýan görünjek bolup!..
Takdyrym şu boldy: özüme arman,
Erk edere indi ýok meniñ halym.
Ýüregime düwdüm: men öz ykbalym
Indi siziñ erkiñize tabşyrýan.
Terjime edenler: Mämmet SEÝIDOW, Anna KOWUSOW.
# «ÝEWGENIÝ ONEGIN» romanyndan bölekler.
(«Türkmenistan» neşirýaty, Aşgabat-1974) Goşgular