|

Ýetmezmiş

Ýetmezmiş ÝETMEZMIŞ

Geň däl görip ýanyp-bişse,
Onsuz oň güni ötmezmiş.
Çyn bedewler ýoly düşse,
Hiç biwepalyk etmezmiş.

Äriň merdi söýüp ýaryn,
Bagş edermiş golda baryn,
Bürgüt guşlar öz diýaryn,
Taşlap, hiç ýurda gitmezmiş.

Husytlaryň dili baýdyr,
Emma kalblary gedaýdyr,
Olar üçin zat hudaýdyr,
Olaryň egni bitmezmiş.

Perizat ene-ataň bagty,
Şolar bilen ýoluň ýagty.
Mert ogul ýetişen wagty
Gatnawly ýollar ýitmezmiş.

Dusrun diýer, aýdym, ýaňlan,
Hemrasy bol ajap daňlaň,
Goý, giň dünýä dolsun ýaňdan,
Aýdymdan zeper ýetmezmiş!

Oguldursun POPYÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle