|

Ýetmezim

Ýetmezim ÝETMEZIM

Aýryp bilmän bir söýenmi serimden,
Yzda goýup söýýänleriň niçesin.
Mäkäm tutup ýalňyzlygyň elinden,
Synlap barýan ykbalymyň köçesin.

Öňler şeýle ajaýypdy — ol köçe,
Ýollary gurlupdy geljege sary.
Kynçylyk bolsa-da, her güni niçe,
Şatlykdan doludy duralgaň bary.

Umytlar ýaşardy arzuwy bilen,
Yşkdan ýaňa şuglalydy gije-de.
Her bir penjiresin ynamly gören,
Mahrum däldi — «bagt» atly bijeden

…Arman, indi şol köçäňem kemi bar,
Bolmaýşy deý gözellerňem bir kemsiz.
Şol ýetmeziň müdümilik ýeri bar,
Ýetmezim — Sensiň!

Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle