|

Ýetim

Ýetim Damjak bolýan gözýaş ýaly naýynjar,
Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol.
Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar
Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol.

Ýok, ol aglamaýar.
Ýok, ol gülmeýär
Şeýle bir perişan bolsa-da haly.
Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar,
Kimsi bar gülende buýsanar ýaly!

Nobatguly Rejepow.

«GEÇMIŞ» GOŞGULAR TOPLUMYNDAN Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle