|

Ýesir türkmeniň mertebesi / poema

Ýesir türkmeniň mertebesi / poema ÝESIR TÜRKMENIÑ MERTEBESI

Ýesir türkmeniň mertebesi / poema

Şöhratly taryhyň synmaz gatynda
Ýyllaryň ýaňyndan göterip ganat,
Ar-namysy polat türkmen halkyna
Nusgalyk galypdyr şeýle rowaýat.

Ýer-gök arasyny tupana büräp,
Çölüň jümmüşinde bolanda söweş
Ýowuz duşmanlaryň zalym goluna
Bir türkmen ýigidi ýesir düşenmiş.

Ýyllarboýy söweşlerde asgynlap,
Türkmenlerde ary galan patyşa
Wezir-wekillerin daşyna ýygnap,
Ýesir ýigdi çagyranmyş gaşyna.

— A how, türkmen, juwanlygyň çagynda
Garaňky zyndanda ahwalyň neneň?

— Müň şükür edýärin öz ahwalyma,
Ýol-ýörelge edip pederleň pendin,
Hergiz, kynçylykda ejizlemen men.
Asly merdem ata-babalam deýin
Seň öňüňde belent başymy egmen.
Çünki şirin jandan geçmelem bolsa,
Türkmen öz başyny duşmana egmez!

— Dogry, söweş baryn eden hem bolsak,
Seniň iliň maňa başyn egmedi.
Ýöne welin, ine, şu çaka çenli
Öz ilinden jyda düşüp-aýrylyp,
Ýesir hem düşmändi türkmen perzendi.

Ýesirlik bir saňa edensoň nesip,
Mende seniň üçin bar şeýle teklip.
Söweşde goşuna etmek üçin erk
Maňa seniň ýaly ýigitler gerek.
Öz janyňdan iren bolmasaň eger,
Bol meniň gaşymda wepaly nöker!

— Ata-Watanyma dönüklik edip,
Seniň gullugyňda bolup ýaşandan,
Meniň üçin parzdyr gaýry mekanda
Seni duşman saýyp geçmek bu jandan.
Gulak as sözüme, bu kada şeksiz —
Türkmen öz ýurduna ikilik etmez!

— Görýän welin, ýigit, teklibe derek
Saňa şanyň ýowuz jezasy gerek!

— Ol seniň öz emriň!
Erkimde bolsa,
Egri gylyjymy gynyndan sogrup,
Men bireýýäm seniň başyň keserdim.
Bu haýbatyň meni gorkuzyp bilmez,
Sebäp ar-namysy ganynda barka,
Türkmen-mert, ajaldan asla çekinmez.

— Bolýa, soňky sözüň şu bolsa, türkmen,
Seniň ar-namysa doly ýugrulan
Ýüregiňi sogurdaryn teniňden.
Ýeke-ýeke üzüp damarlaryňy,
Gamçy ýasadaryn, şol gamçy bilen
Çapmak üçin seniň bedew atyňy.

Ýene-de bir zady bilip goý, ýigit,
Çagamy-garrymy, ýaşyna bakman,
Seniň egri gyljyň elime alyp,
Türkmen başlaryny keserin hökman.

Hany aýt, ýat ilde seň üçin hossar
bolup, kimler menden alyp biler ar?
Sende akyl-paýhas ýok eken asla,
Hoşlaş janyň bilen,
ha-ha-ha-ha-ha!

— Tenimden ýüregim sogursaň-da sen,
Ýürekden Watanym alyp bilmersiň!
Çünki damarlamda her katra ganym
Aýlanýandyr diňe Watanym bilen.

Dogry, ýokdur mende ar aljak hossar,
Ýetimlik, ýesirlik meniň ýazgydym.
Emma ykbalymyň bir syrdaşy bar,
Ol hem eziz dostum — öz bedew atym.

Meniň damarymdan gamçy ýasadyp,
Atymyň tenine ursaň-da müň gez,
Wepaly dostuny ýat ilde taşlap,
Ata-Watanyna, ene-topraga
Türkmen aty hiç wagt aýagyn sekmez.

Egnimdäki başym ölümli bolsa,
Ýene-de bir zady goýmaýyn kaza,
Türkmeniň ýurduny gana çaýkamak
Asla başartmandyr senden ozalky
Zalym ýedi arka-ýedi pyşdyňa.
Indi hem türkmeniň ýurduny almak
Başartmaz saňa!

Soňky sözümi hem aýdaýyn indi,
Ýaragymy alyp, söweşe girseň,
Türkmeniň tenine gyljym kär etmez.
Sebäp ýalaw kimin kesgir bolsa-da
Türkmen başyn türkmen gylyjy kesmez.

… Hawa, bu söz onuň soňky sözüdi.
Jellatlar soltandan buýrugyn alyp,
Hanjar bilen ýigdiň gursagyn ýaryp,
Tenden sogurdylar ynsan ýüregni.

Heniz urup duran türkmen ýüregi
Gan sarkdyryp, alyp uludan demi,
Üç mertebe
«Watan!» diýip seslendi.

Hemmeler baş egdi bu keramata,
Emma gaşyn çytan döwletiň şasy
Wezir-wekillerne nazaryn aýlap,
«Ýasaň — diýdi — Derrew damardan gamçy!»

Göz açyp-ýumasy bolan salymda,
Gamçy häzir boldy şa huzurynda.

Türkmen bedewine atlanan soltan
Bir eline alyp täze gamçysyn,
Bir eline alyp ýigidiň gyljyn,
Bedew ata batly bir gamçy urdy.
Emma ar-namysa ýugrulan bedew
Ýerinden bir ädim butnaman du:rdy.

Birdenem bedew at galýar çarpaýa,
Şa uly ses bilen ýykylýar ýere.
Elinden zyňylan türkmen gylyjy
Eýesiniň ary-namysy bilen
Agralyp sanjylýar
şanyň ýüregne.

Ulus-il bu bolan gudraty synlap,
Alkyş aýdyp batyr türkmen ýigdine,
Ony hormat bilen atyna ýükläp,
Ugradanmyşynlar türkmen iline.

Türkmen bedewi hem öwsüp ýel deýin,
Guş deý ganat ýaýyp, tiz uçanmyşyn.
Mähriban dostuny söýgüsi bilen
Ata-Watanyna gowşuranmyşyn.

Watan!
Watan!
Watan! Bu mukaddeslik
Namys, gaýrat bilen aldyryp demi,
Ene-ata, perzent söýgüsi bilen
Ynsan gursagynda ýaşar ebedi.

Unutmaň!
Unutmaň!
Asla unutmaň!
Bu söz ýaşaýyşda ebedi hakdyr :
Dünýäň beýik bagty Watanda başlap,
Ýene şol Watanda tamamlanmakdyr.

Maksat SEÝITLIÝEW.

2020 ý. Poemalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle