|

Ýere gaçan ýyldyrym deý…

Ýere gaçan ýyldyrym deý… Ýere gaçan ýyldyrym deý
Ýoda egrelip ýatsa-da.
Ötegçi, geňirgenme sen,
Çalmara eltip saklasa.

Sowul, çopanlaň çalmary
Sähraň ýumşak aýasydyr.
Gelenleri gülüp garşy
Almak olaň adatydyr.

Çoluk çöp atsa, çölge bor,
Çopan don atsa, kölge bor.
Saňa dem-dynjyň almaga
Ýatdan çykmaz düşelge bor.

Geleniňe monça bolar,
Lasyrdar durar taňkasy.
Ýanyňda-da omça bolar,
Eşdiler durar jaň sesi.

Taýýardyr owmaç, jejene,
Çopanlar däldir kejeňek.
Daşyndan ýadaw ýalydyr.
(Gepläp bilenok diýmeseň.
Itlerem adam ýalydyr).
Ýüregi – dilde diýdigi,
Diregi – dilli tüýdügi
Hem egri taýagy bilen.
Kalplary altyndan gapy
Bil, hiç kesiň ýokdur haky,
Açmagy aýagy bilen.

Sähra – asman, güli – ýyldyz,
Asman – sähra, ýyldyzy – gül.
Ýerli ýerden göz gypyşyp.
Ýyldyzlar başlar oýnuna.
Şundan şagalaňly däldir,
Ýer ýüzüniň hiç toýy-da,
Çopana meýlis halaldyr.

Bir çümmük göwni bar olaň,
Ýüreginem orta goýar
Tapan-tupanyn – baýlygyn.
Ojar oduna meýmiräp,
Irkilseň daňdana golaý
Örter üstüňe oýlugyn. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle