|

Ýerçeken

Ýerçeken ÝERÇEKEN

Ýerçeken

Näçe gezek diýdim:
«Aýryl, ýerçeken».
Saňa näçe sapar «Ýit, ýok bol!» diýdim.
Aýrylmadyň.
Gitmediň.
Bürmek bolup ýapyşdyň.
«Yzymdan gal» diýip, näçe ýalbardym.
«Agam meni paltalar» diýp, agladym.
Kölegäme döndüň.
Sakyrtga bolduň.
Diýdim:
«Diliňi çek, maňa lak atma».
Diýdim:
«Eliňi çek, masgara etme».
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Senden sowlup geçere ýol tapmadym.
Özelendim.
Näçe gaýra «ýok» diýdim.
Sülük bolup ýelmeşdiň…

Ahyr bir gün daş bagladym ýüregme.
Gözüm ýumdum.
Başym saldym etegme.
Agamyň paltasyn taşladym guýa.
Saňa-da «Bolýa» diýdim…

Senem gitdiň jähennemiň bazarna.
Taşlap gitdiň,
Gaçyp gitdiň — parhy nä?!
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Özüň-ä däl,
Aýak yzyň görnenok.
Diňe umyt maňa teselli berýär:
Belki, seni ýer çekendir, ýerçeken?

Şiraly NURMYRAT. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle