|

Ýeňil goşgy

Ýeňil goşgy ÝEÑIL GOŞGY

Päk söýgümden ýüz öwürip,
Gideňde gözümden ýitip.
Saňa ýüregmi soguryp,
Berjekdim, yzyňdan ýetip
Başarmadym, essim aýyp,
Ýykylamda buza taýyp,
Ýüregim buza gaçypdyr,
Özem biraz çat açypdyr.
Ýürek ýatyr ejir çekip,
Üşäp ýatyr doňan ýolda,
Seň geljek ýoluňa bakyp,
Ol şindem umyt -hyýalda.
Ine bir gün peýda bolduň,
Ýöne, arman, ýeke däldiň.
Sen kürteli täze gelin,
Bagty çüwen ýigit bilen,
Ol ýatan ýüregi görmän,
Ýa görseňde üns bermän,
Assa basyp, seýkin ýöräp,
Basyp gitdiň, ga’ra bulap.
Ol bolsa yzyňdan garap,
Galdy, saňa bagt diläp.
Ýürekdäki bu tirpildi,
Onuň soňky urşy boldy,
Buzlaň içinde irkildi.
Ýürek şeýdip doňup galdy.

Azat NURGELDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle