|

Ýene ýagyş ýagýar…

Ýene ýagyş ýagýar… ÝENE ÝAGYŞ ÝAGÝAR…

Ýene ýagyş ýagýar...

Ýene ýagyş ýagýar ilerki daga,
Ýene ýagyş ýagýar gaýraky çöle.
Ýagyşa ezilip barýar bir çaga,
– Üşärsiň! – diýýär-de, telpegin ele

Garabagyr ene ylgaýar alyp,
Ata böwet bolýar onuň öňüne.
– Döw çalasy ýok-la! – saklaýar gülüp –
Alnynda galyň gar bardyr soňam-a!

Ýene-de gar ýagýar ilerki daga,
Ýene-de gar ýagýar gaýraky çöle.
Oglan öwran-öwran taýdy ak garda,
Ýene jany durman howlaýar ene.

Ata ýene köşeşdirip saklaýar:
– Özi ýykyldy, goý, tursun özi-de.
…Indi ýigit özün guma oklaýar,
Oýmur-oýmur bolup barýar yzy-da.

Ýene ýagyş ýagýar ilerki daga,
Ýene Garaguma ýagýar ak garlar.
…Gaý öňünde gaýa bolup durmaga,
Erte üçin bu gün azy ýararlar.

1967ý.
Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle