|

Ýene haýwanam diýjeksiň…

Ýene haýwanam diýjeksiň… ÝENE HAÝ­WA­NAM DIÝ­JEK­SIŇ…

Ýene haýwanam diýjeksiň...

Bu hekaýatlaryň özenini dürli ýyllarda dürli adamlardan eşidip, ýadymda galan, haýwanlar baradaky täsin wakalar düzýär. Özlerem toslanmadyk anyk wakalar. Käteler haýwanlara «dili, agzy, aňy ýok» jandaram diýýäs weli…

BERREÇINI GÖRENDE…

Öň­räki dö­wür­de ber­re­çi la­ka­my bi­len bir adam ýa­şap ge­çip­dir. Ol dö­wür­ler­de go­ýun­la­ryň tä­ze do­g­lan gu­zu­la­ry ba­ga­na­sy üçin ýö­ri­te so­ýul­ýan eke­n. Ýo­kar­dan görkez­me bo­lan­soň, ço­pan­lar aja­ly ýet­me­dik gu­zu­la­ry öl­dür­mä­ge döz­män, he­mi­şe bu ada­my ha­ky­na tut­ýan eken­ler. Onuň berre­çi la­ka­my hem şon­dan ga­lyp­dyr.
Bir ge­zek şol adam oba ge­lip, bir ada­myň öýü­ne so­wul­ýar. Gör-ä bu bolýan ýag­da­ýy! Ol how­la gi­ren­de, ýa­tak­da du­ran gu­zu­ly go­ýun za­ryn mä­läp, ýa­şa­jyk gu­zu­sy­nyň da­şyn­dan aý­la­ny­ber­se nätjek. Ony gar­şy­lap du­ran öý eýe­si ýa­tak ta­ra­pa se­re­de­ni­ni duý­man gal­ýar. On­da ber­re­çi:
—Ýa­tak­da gu­zu­ly go­ýun bar­dyr, bil­medim nä­me­sin­den­di­gi­ni, soý­mak üçin gelmän, ýö­ne şeý­le gel­se­mem, gu­zu­ly go­ýunlar me­ni gör­se­ler şeý­di­ber­ýär­ler — di­ýip­dir.

HOŞLAŞYK PURSADY

Atan aw­çy bi­len bo­lup ge­çen bu wa­ka­ny onuň ag­ty­gyn­dan eşit­dim. Atan aw­çy öm­rü­ni Gap­laň­gyr, Ak­ja­ga­ýa sebit­le­rin­de mal yzyn­da ço­pan­çy­lyk edip ge­çi­rip­dir. Özem bü­tin öm­rü­ne el­guş­dyr ta­zy bi­len aw edip­dir.
Adat­ça, aw­çy­lar el­gu­şy go­ja­ly­ ber­se, ola­ry er­kin­li­ge goý­ber­ýän eken­ler. Atan aw­çy bol­sa el­de­ki­leş­di­ren el­guş­la­ry­ny iki-üç ýyl awa salan­soň, ga­lan öm­rün­de er­kin­li­giň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­syn di­ýip, ola­ry ug­ru­na goý­ber­ýän eken. Bir ge­ze­gem Atan aw­çy gy­şyň ahy­ryn­da ýa­ny­ny ýe­re ber­ýär. Ba­ha­ryň ba­şyn­da bolsa, bel­li-kül­li dü­şe­ge bag­lan­ýar. Bir gü­nem Atan aw­çy­nyň er­kin­li­ge goý­be­ren guş­la­ry bir wagt­ky öw­re­ni­şen öý­le­ri­ne yz­ly-yzy­na gelmä­ge baş­la­ýar­lar. Öz­le­rem Atan aw­çy­nyň ýa­tan öýü­niň da­şyn­dan aý­la­ny­şyp, şo­ňa go­laý gon­ýar­lar. Atan aw­çy do­war öl­dü­rip, tä­ze­je et­den ola­ry na­har­lap goý­ber­me­gi ogul­la­ry­na sar­ga­ýar. El­guş­lar ga­ryn­la­ry­ny do­ý­ran­soň­la­ram, git­mek is­le­me­ýär­ler. Şol gün daň­da­nam Atan aw­çy bir­den gaý­ra­lap jan ber­ýär. Go­ja aw­çy­nyň je­se­di sa­lnan ta­byt öý­den ug­randa, guş­la­ram ala-goh bo­lup,.onuň yzy­na düş­ýär­ler. So­ňam do­la­nyp gel­me­ýär­ler.

GYRGY

Kü­ren oba­nyň or­ta­syn­da iliň sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­rynyň bi­ri­niň ep-es­li ýe­ri tu­tup du­ran de­rek ba­gy bar­dy. Ýyl­dyz san­jar­lybo­lup du­ran be­len de­rek­le­riň bi­ri­niň depe­sin­de ni­re­den­dir bir ýer­ler­den ge­lip, gyr­gy hö­würt­ge gu­run­dy. Oba­daş­la­ry ýa­şu­ly­nyň ýa­ny­na üý­şüp gel­di­ler-de, ony ýok et­me­gi mas­la­hat ber­di­ler. «To­wuk­la­ryň jüý­je­si bol­sa-da, ýa­şa­jyk ow­lak-gu­zy bol­sa-da, aýap durmaz, gyr­gy gyr­gy­dyr» diý­di­ler. Go­ja göw­ne­me­di. «Me­ni pe­na­lap ge­lipdir,şo­ňa deg­mäň» diý­di. «Şon­dan bir zy­ýan ýet­se, me­niň özüm tö­läp be­re­ýin» diý­di.
Ýa­zyň ahy­ryn­da, tom­suň ba­şyn­da gyr­gy­lar öň­küde­nem kö­pel­di. Go­ja­nyň oba­daş­la­ry­na be­ren wa­da­sy­ny eşi­den ýa­ly, gyr­gy­lar oba­nyň jüý­je­si­ne, to­wu­gyna, ow­la­gy­na-gu­zu­sy­na, bir­ji­gem zy­ýan et­me­di­ler. Gyr­gy­la­ryň peý­da­sy güýz ge­len­de, ha­sam äş­gär bol­dy. Oba­nyň ap-ak bo­lup bi­şen jö­wen­le­ri­ne se­rçe­dir gar­ga­la­ryň birem gel­mä­ge het edip bil­me­di. Go­ja oba­daş­la­ry­na gyr­gy­lar se­bäp­li bir za­dam tö­läp ber­me­li bol­ma­dy.

GELJEGINI ILKI DUÝUP…

Ge­çen asy­ryň 30-njy ýyl­la­ryn­da bir ben­de gü­nä­siz ýer­den tut-ha-tut­lu­gyň aza­by­ny çek­me­li bol­ýar. «Halk duş­ma­ny» di­ý­lip, on ýyl­lap so­wuk Si­bir­de bolmaly edil­ýär. On ýyl di­ý­len­de, ne­si­be­si dog­duk di­ýa­ry­na çek­ýär.
Yzyn­da ýa­ňy gu­nan­lyk­dan saý­la­nan aty gal­ýar. Özü­ni­ňem taý­lyk­dan bir gö­zi kör eken. Taý wag­ty har­ma­na ba­ran­da, zy­ň­lan daş atan­lyk­da bir gö­zü­ne de­gipdir. Şol ala­mat bol­man­da, eýe­si ony on ýyl­dan soň­ra ta­na­ma­lam däl.
Gör-ä bu bol­ýan ýag­da­ýy! Ol ben­di­likden bo­şap, ot­la, ma­şy­na mü­nüp, on gün di­ý­len­de, Kö­neür­gen­je gel­ýär. Gü­nem ep-es­li aşak sal­la­nyp­dyr. Oba­sy­na ýet­mek üçinem, ýe­ne 30 ki­lo­metr tö­we­re­gi ýol aş­ma­ly.
Ben­de: «Ki­miň­kä myh­man bol­samkam?» di­ýip oý­la­nyp dur­ka, özü­ne ta­rap ýe­tip gel­ýän aty gör­ýär. Gör­se, şol ýe­kegöz! On­ýan­ça yzyn­dan kow­gu­çy­lar gel­ýär.
— Bil­me­dik nä­me bo­la­ny­ny. He­serlän ýa­ly bol­dy-da, ta­na­py­ny üzüp, ga­la ta­rap tut­du­ryp gaý­dy­ber­di — di­ýip, kowgu­çy­lar aýd­ýar­lar.
Ol adam on ýyl­dan soň eýe­si­niň gelje­gi­ni du­ýup, bir men­zil öňün­den çy­kyp gar­şy­lan aty­na mü­nüp, öýü­ne ug­rap­dyr.

DUÝGUR

Ge­çen uruş ýyl­la­ryn­da okoş­nik (ýa­ba go­şul­ýan kul­ti­wa­tor — Ş. A.) bi­len gowa­ça­la­ryň ha­tar ara­la­ry­ny be­jer­mek­de iş­län go­ja­la­ryň bi­ri şeý­le bir za­dy gür­rüň ber­di. «Ur­şa at ug­rat­ma­ly» di­ý­len­soň iş­çi ýa­by­la­ry ur­şa ug­ra­dyp, jyns at­la­ry alyp ga­lyp­dyr­lar. On­soň bia­laç orak-dö­wek, sü­rüm iş­le­rin­de hem jyns at­la­ry ulan­ma­ly bo­lup­dyr.
Bir ýy­lam oba­dan ep-es­li uzak­lyk­da­ky düz­lü­ge ýap çe­kip, tä­ze ýer açy­lyp­dyr. Go­wa­ça ekip­dir­ler. Tarp ýe­riň go­wa­çasy gü­nü­ni sa­nap ösüp­dir. Ýa­by­lar bi­len sü­r­lüp eki­le­nem bol­sa, ha­tar ara­la­ry­ny be­jer­me­li bo­lan­da, okoş­ni­ge jyns at­la­ry goş­ma­ly bo­lup­dyr.
Ha­tar ar­ala­ry­ny be­je­rip ýör­kä­ler, at bir­den du­rup­dyr. Öňe ýö­re­mek is­le­mändir. Gam­çy bi­len ga­ty­rak çaw­lan­ansoň, ja­na­war, go­wa­ça­nyň iki ha­tar gap­da­lyna ge­çip ýö­räp baş­lap­dyr. Atyň eýesi, bar güý­ji bi­len okoş­ni­gi aşak ba­syp­dyr. Ser­edip gör­se okoş­ni­ge ili­şip, ada­myň ga­pyr­ga süň­ki çy­kyp­dyr. Ja­na­war birwa­gt­lar­dan ga­lan ma­zary du­ýup, şo­ny bas­ma­jak bo­lup du­ran bol­sa nät­jek.

MÄHREM SÖZ

Oba­ly ýi­git­le­riň bi­ri mal luk­ma­ny­ny ça­gy­ryp, öý­de sak­lap otu­ran sagdyn düýe­si­ne san­jym et­dir­mek­çi bol­dy. Dü­ýä­niň do­dak­la­ryn­dan tu­tup, but­nat­man sak­lap bol­ýa­ny­ny bil­män­soň, dü­ýä­ni ýo­luň gy­rasyn­da­ky be­ton sü­tü­ne uzyn ga­ýyş ur­gan bi­len sa­ra­ma­ga dur­dy. Dü­ýe ja­na­war nä­me et­jek bol­ýan­la­ry­na dü­şün­män, gö­zü­ni elek-çe­lek et­di. Ýö­ne so­ňu­na ga­raş­dy. Ha­çan-da mal luk­ma­ny eli san­jym en­jam­ly oňa go­laý­la­şan­dan, bir dy­zyn­da ýü­püň äh­li gat­laň­la­ry­ny edil uş­lyp üzen ýa­ly gy­ryp taş­la­dy. Gö­zü­ni ag­da­ryp, ag­zy­ny kö­pür­jik­le­dip, üm­dü­zi­ne tut­dur­dy.
Eýe­si ýol bi­len ga­çyp bar­ýan dü­ýe­si­niň yzyn­dan ýe­tip bil­me­je­gi­ni bi­lip, gap­da­lynda du­ran «Ži­gu­li­si­ne» at­lan­dy. Ozup ge­çip, öňü­ne ma­şy­ny ke­sert­di. Dü­ýe ma­şy­ny omzy bi­len ka­kan­da, ma­şyn tas gap­da­la agypdy. Om­zy bi­len ka­ka­ny­na hem ka­na­gat et­män, dü­ýe ma­şy­na ta­rap yz­ky aýa­gy­namsal­gap goý­ber­di we­lin, ma­şy­nyň öň ta­rapyn­da­ky çy­ra­la­ry­nyň bi­ri kül-pa­gyş bol­dy.
He­mi­şe ju­da ýu­waş ha­sap­lap ýö­ren dü­ýe­le­ri­niň beý­le gu­duz aça­ny­na akyl ýe­ti­rip bil­me­dik öý eýe­si ga­ha­ry­na öý­de ga­lan aýa­ly­na jaň et­di.
— Tiz gel. Ini­ňem go­şa­ny alyp ga­ýtsyn, dü­ýä­ni dy­nç­la­jak.
Aýa­ly ini­si­niň ma­şy­ny bi­len gel­se-de, ýa­ny go­şa­syz gel­di. Dü­ýä­niň öňün­den do­lap, ýa­ny­na bar­dy:
— Hä, ma­ýam göw­nü­ňe deg­di­ler­mi? Sa­gyl­ýan wag­ty­ňam bol­dy. Ýör, öýe gi­de­li.
Aýa­ly ýa­ňy­ja hem ag­zy­ny ha­tap ýa­ly açyp, adam­la­ra hü­jüm edip du­ran dü­ýäniň sag­ry­sy­ny sy­pa­lap, öýe ta­rap alyp ga­ýt­dy.

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle