Ýene Gün dogdy
Ýene Gün dogdy
ÝENE GÜN DOGDY
Gör nähili oñat,
Ýene Gün dogdy!
Siñe baksam onuñ dogşy enaýy.
Älemiñ garnyndan "perdäni ýaryp"
Dünýäniñ üstünde ýakdy çyragy-
Asmana, Zemine ýapyp daraýy.
Daşary, içeri täsin ýagtylyk,
Men muny nämüçin şu pursat duýdum —
İçimde, daşymda otyr bagt gülüp,
Ondan bada alyp käsäme guýdum
Ol goýalyp barýar — serimden uýdum.
Söýýän gök reñkimem girip gök şöhlä,
Gelip gursagymda ýazdy hatyny,
Nämälimlik diýdi "Bil sen çakyñy"
Kyn ýeke çapmaklyk — nesip atymy.
Gör, Gün bolsa barha galyp ýokary,
Zer şöhlesi bilen duýgyma neşter —
sanjyp Sanjalagyñ düwmesin oýnar,
Owazyny onuñ söýýänler eşder,
Maña dilmaçlygyn bagş etdi guşlar.
Gulagmyñ içinde nowaýy gulak,
Owalarma siñip başga bir göreç,
Başladyp öz-özüm bilen bir göreş!
Gün dogdy — doguldym,
Sen maña Garaş!..
Oguljemal ÇARYÝEWA.
Goşgular