|

Ýekemen we internet

Ýekemen we internet ÝEKEMEN WE INTERNET

Bir adam dana ýekemeniň ýanyna geňeşmäge gelip, özi barada gürrüň beripdir:
— Men internet-foruma agza boldum-da, hemişe beýleki agzalar bilen sene-mene edýärin. Bir tarapdan-a islendik ýagdaýda gahar-gazap ýagşy ynsana muwapyk duýgy däl. Ikinji tarapdanam, beýle harçaňlaşma, hakyky durmuşda jenjel edeniňden has gowy, sebäbi hakyky durmuşdaky dawalaň soňy urşa ýazyp, ahyrynda hatda ganhorluga-da getirmegi ähtimal. Üçünji bir tarapdanam, meň gatnaşýan forumym “Kämillige ýol” diýlip atlandyrylýar. Oňa gatnaşýan käbir agzalaň kämillige barýan ýola düýbünden meň düşünjäme gabat gelmeýän derejede ters düşünýändiklerine, erbet ýerem şolaň öz tersa garaýyşlaryny beýleki agzalaňam aňyna guýmaga dyrjaşýandyklaryna meň içim ýanýar. Indi men näme etmeli, hormatly ussat?!
Parasatly ýekemen esli wagtlap sesini çykarman, oýa batyp oturypdyr. Soňam, birdenkä garaşylmadyk sowaly beripdir:
— Sen, ýogsa-da şol forumda haýsy loginli agza bilen has jygba-jyg garpyşýaň-a?
— “Amida” nikli agza bilen.
— Hymm… Gör-ä muny… A seň özüň haýsy lakam bilen bellige alyndyň?
— Lotos.
— Hä-ä, sen Lotosmy?-diýip, akyldar ýekemen zyňlyp ýerinden turupdyr-da, gapdalyndaky hasasyna ýapyşyp, oňa topulyp, ony kowmaga başlapdyr: — Kämilligiň nämedigini bilmeýän nadan diýerler saňa! Güm bol, şu ýerden!
Nämäň nämedigine düşünmän aňk-taňk bolan ol, ýeňsesini gaşap, çykyp gidenden soňam, parasatly ýekemen, beýle ýanynda duran noutbugyny öňüne çekip, “Amida” logini bilen foruma girip oturyşyna:
— Dogry-da, walla, kämillige barýan ýola düýbünden meň düşünjäme gabat gelmeýän derejede ters düşünen bolup, kimmişiň sen…- diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdäpdir.

Çeşmesi: https://pritchi.ru/id_52698554. 16.07.2021ý.
Terjimesi az-owlak üýtgedilip alyndy.
Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle