|

Ýekelikde

Ýekelikde ÝEKELIKDE

Ýekelikde ýaşaýaryn.
Ýaşaýyş.
Pitne ýok, -görip ýok, -galp ýok
ýerde.
Şular bilen dem alýaryn başa-baş.
Dert ýok, -gaýgy ýok, -garyp ýok
ýerde.
Gijesi, gündizi şatlyk-şagalaň.
Reňkleri miwe ýaly çagalaň.
Pikirinde hyýalynda adamlaň,
Bergi ýok, -algy ýok, -ogry ýok ýerde.
Arzuwlaň barynyň reňki ýaşyl.
Magsatlaň köpisi bolýanmyş hasyl.
Ertirin gujaklap, ýatýanmyş nesil,
Gara ýok, -sary ýok, -gündiz ak
ýerde.
Hyýalymda ýaşaýaryn ýeke-täk.
Ýer ýüzünde aýdýan arzuwlarym ýok.
Bar-da bolsa bardyr,
Ýokardan aşak.
Aralarda, -diwar perde, -ýok ýerde.

Setdar SOWGY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle