Ýeke-ýalňyz oýa batýaň….
Ýeke-ýalňyz oýa batýaň….
Ýeke-ýalňyz oýa batýaň,
Ýaşaýaň, ýaýnaýaň ….
…. birdenem sakga
Ýekesireýäň, üşeýäň,
Degre-aşyňa ser salýaň,
Gözleýäň, seslenýäň
He-he-he-he-heý uzak ülkedäki
bar hem ýok dostum!
Dostduk! Ýok. Dogandyk!
Şeýle ýakyndyk!
Nirde sen, ylham?!
Kerwenaly HUDAÝNAZAROW. Goşgular