Ýedi dogan
Ýedi dogan
Bilmen niçe asyr ötüp,
Duş gelipdir niçe derde?
Ýöne şindem Pöwrize gyz
Läle kakýar ýüreklerde.
Ýedi dogan – ýedi bürgüt,
Ýedi gerçek, uýa sende!
Niçe hasrat çekdiň, çynar,
Bu daglaryň jülgesinde.
Erkinlige ýetip bilmän,
Eir baryn çeke-çeke,
Bagt guşun tutup bilmän,
Gözýaşlaryn döke-döke.
Niçe ärler, niçe müňler,
Niçe iller gugarypdyr –
Şol nesilleň arzuwlary
Çynar bolup gögeripdir.
…Ýedi asyr geçen anyk,
Ýene onuň ömri kändir.
Hiç bir şahyr şeýle beýik
Gözelligi döretmändir!
Gafu GAÝRYBEKOW,
(Gazagystan).
“Garagum” žurnaly, 1984 ý. Goşgular