Ýeserje Zurab (Hekaýa)

Nodar KEKELIDZE,
gruzin ýazyjysy
Lekso daýy ganygyzgyn halda bir zatlar hüňürdäp, çarşagyny ýere sünçdi we haýadyň ýakynyna barybam:
— Eý Zurab, Zurab! — diýip, bokurdagyna sygdygyndan gygyrdy.
Üsti-başy kir-kimir, saçlary bulam-bujar Zurab atly oglanjyk:
— Näme boldy Lekso daýy? — diýip seslendi.
— Bar, kakaňa aýt! Birden tersleşäýmäli!
— O näme üçin?
— Öten agşam sygryňyz meň mellek ýerimde otlapdyr. Ony ýene bir gezek göräýsem, walla, aýaklaryny döwerin!
— Siz onuň biziň sygrymyzdygyny näbilýäňiz? Aýak yzyndan çak etdiňizmi?
— Muňa seretseňiz-le! — diýip, Lekso daýy gatyrgandy. — Sen näme, maňa ýalançydyr öýdýäňmi?
Zurab bolan ýagdaýy kakasyna aýtdy.
— Lekso serediň-ä! — diýip, Zurabyň kakasy gaharlandy. — Agzyndan çykan sözi gulagy eşidýärmi, ýogsam, menem etjegimi bilýän. Ol sygyrlaryma elini bir degirsin, nämeleriň boljagyny görer! Oň geçileri meň üzümligimi torç edende, menden ses çykdymy eýsem?!
Ertesi gün Zurabyň kakasy bilen Lekso daýy tötänden çeşme başynda gabatlaşdylar, goňşular ara girmedik bolanlygynda bu duşuşygyň soňunyň neneňsi tamamlanjakdygy näbellidi. Şol günden soň, olar mazaly tersleşdiler.
Eger öňler bir döwüm nany aýry iýmeýän bolsalar, indi bir-biriniň sesýetim golaýyna-da barmaýardylar.
Obanyň ýaşululary olary näler ýaraşdyrmak isleseler-de, keçjallyklarynyň derdinden ýaňa hiç haýsynyň eglişik edesi gelmedi.
Onsoň Zurab: «Beh, bulary ýaraşdyryp bolmazmyka?» diýip oýlandy. Ol kakasydyr Lekso daýy şeýle uzak wagtlap tersleşip gezerler öýtmändi.
Bir ýola Zurab kakasyna duýdurman ýuwaşlyk bilen haýatdan aşdy-da, Lekso daýynyň öýüne bardy.
Ol aňyrdan gele-gelmäge:
— Lekso daýy! — diýip gygyrdy.
— Näme gerek? — diýip, Lekso daýy sowuklaç seslendi. Ol mellek ýerinde gydyrdanyp ýörşüne, hatda başynam galdyrmady.
Zurab ýylgyryp:
— Ýagdaýlaryňyz oňatmy? — diýip sorady.
— Gaty gowy. Hawa, saňa näme gerek?
— Hiç zadam gerek däl, ýöne hal-ýagdaýyňyzdan habar alaýyn diýdim-de, geläýdim.
— Hawa-hawa. Senem, seň kakaňam diňe men hakda pikir edýärsiňiz. Bar, gaýt oglanjyk. Şu ýerden garaňy saýla.
Zurab güler ýüz bilen garşylanmajagyny öňdenem bilýärdi, şonda-da goňşusynyň bu sözleri birneme çetine degdi, emma ol öýüne gaýdybermedi. Gaýtam hiç zat bolmadyk ýaly:
— Lekso daýy, kakam taýhara tirkär ýaly iki tigirli galtagyňyzy bermegiňizi haýyş edýär — diýdi.
— Näme-näme? — diýip, Lekso daýy gygyrdy. — Taýhar üçin galtak isleýärmiş! Ol galtak däl-de, merezi alaýsyn!
— Lekso daýy galtagy beräýiň-dä! — diýip, Zurab özelenmäge durdy.
— Wah! Muňa serediň-le! Eý oglan, men seň kakaň bilen gepleşemog-a, onsoň oňa nädip galtak bereýin?
Zurab ýeserje ýylgyryp:
— Meň bilen gepleşýäňiz ahyryn. Şonuň üçin ony maňa beräýiň — diýdi.
— Sen ilki ese-boýa gal, onsoň galtak sora!
— Bolşuň dagy näteňet?! — diýip, Lekso daýynyň aýaly gürrüňe goşuldy. — Berip goýber-dä oňa galtagy!
Lekso daýy:
— Aý, nätdiňiz-aý?! Isläniňizi etseňizläň! — diýip, elini salgap goýberdi.
Ol ganygyzgyn halda bir zatlar hüňürdäp, Zuraba ýeňsesini öwürdi-de, mellege girip gitdi. Zurab çalasynlyk bilen galtagy alyp, öýüne tigirläp getirensoň, ony howlynyň içindäki bede küdesiniň aňyrsynda gizledi.
Agşam ol kakasyna ýüzlendi:
— Lekso daýy şähere gitmekçi bolýar welin, senden telpegiňi bermegiňi haýyş edýär.
— Näme? — diýip, Zurabyň kakasy geň galyp sorady. — Telpegimi? Ol menden telpegi däl-de, daşyň gatysyny alar!
— Ol çyn ýürekden haýyş etdi — diýip, Zurab hem ýeň bermek islemedi. — Beräýdä şoňa telpegiňi! Oňa hiç zat bolasy ýog-a!
— Onsoň men ony nädip geýeýin? Onuň ütülen towugyňka kybapdaş boş kellesine galtaşansoň, telpegimi gaýtadan nädip geýerin?! Nädip?
— Boldy-la! Bes etsene! — diýip, ahyrsoňy Zurabyň ejesi söze goşuldy. — Öz çagaň haýyş edip durka, berdä telpegi.
Zurabyň kakasy:
— Aý sizem bir! — diýip gygyrdy. — Alyň telpegi, hemme zady alyň!
Ertesi gün Zurab telpegi alyp, galtagyň içinde gizledi we gaýtadan Lekso daýyňka gitdi.
— Daýy, kakam az wagtlyk hanjaryňy bermegiňi haýyş edýär.
Lekso daýy:
— Näme? — diýip, damak ýyrtdy. — Hanjarymy bermelimi? Sen meni halys bizar etdiň-le!
Zurab birneme çekinse-de, hanjary soramagyny dowam etdirdi.
— Beh! Seniň erjeldigiňi! Hanjar size nämä gerek?
— Sygryň damagyny çaljakmyş.
— Sygrymy? Sagylýan sygry soýjak bolýarmy? Ol näme akylyndan azaşdymy?
— Men-ä bilemok welin, şol paňkelle sygyr sebäpli ýagşy kişi bilen tersleşdim diýýär.
Lekso daýy:
— Hmm… Ol-a dogry — diýdi. — Bolýa, alaý hanjary.
Zurab öýe dolanyp gelensoň, kakasyndan Lekso daýy üçin meşik haýyş etdi.
— Bir görseň oňa telpek gerekmiş, bir görseňem meşik zerurmyş — diýip, ol janyýangyn gepledi. — Ýok, berjek däl!
Zurab:
— Haýyş edýän — diýip özelendi. — Telpegiňi berdiň-ä, indi näme meşigi gysganýaňmy?
— Bäh! Nätdiňiz-aý! Maňa şoň bilen tersleşip gezmäge maý beriň-ä! Meşigem alaý!
Zurab meşigi alyp, galtagyň içinde ýatan telpegiň hem hanjaryň ýanynda gizledi we gaýtadan Lekso daýyň ýanyna haýdady. Ol:
— Hormatly goňşy! Kakam sizi çişlik iýmäge çagyrýar — diýip gygyrdy.
— Çişlik iýmäge çagyrýarmy? — diýip, Lekso daýy haýran galyp sorady. — Keýwany eşidýäňmi? Ol içigargalmyş Mito meni çişlige çagyrýar!
— Bu ýerde geň galyp oturasy iş ýok-la? — diýip, aýaly jogap gaýtardy. — Besdir indi tersleşip ýörmek. Çagyrýan bolsa hökman gitmeli.
Lekso daýy:
— Özüniň ýazyklydygyny duýýandyr, şonuň üçinem çagyrýandyr — diýip, ahyry ýylgyrdy.
Şol gün agşam, Gün dagyň aňyrsynda gizlenensoň, Lekso daýy küýzäni üýtgeşik şerbetden dolduryp, ýuwaşjadan hiňlenip, inçejik ýoda bilen goňşusynyň öýüne tarap ýöneldi.
Ol jaýyň golaýyna gelensoň:
— Eý hojaýyn! — diýip gygyrdy.
Goňşusyny görüp, aňka-taňka bolan Zurabyň kakasy dili tutulan dek näme diýjegini hem bilmedi.
Ahyry Zurab:
— Kaka sen näme sesiňi çykarman dursuň? Lekso daýy myhmançylyga gelipdir ahyryn. Içerik çagyr-da! — diýdi.
Onuň bu sözlerinden soň kakasy:
— Öýe giriň! — diýip, myhmana elini uzatdy.
Gadyrly salam-helikden soň, hojaýyn myhmany içerik mürähet etdi, öý bikesi bolsa dessine saçak ýazdy. Olaryň golaýynda ornaşan Zurab sessiz-üýnsüz garbanyp oturan kakasy bilen goňşularyny keýp edip synlady.
Ahyry Zurabyň kakasy:
— Lekso, eger indi telpegim saňa gerek bolmasa, şony maňa ibersene — diýdi.
— O nähili telpek Mito? — diýip, goňşusy geň galyp sorady. — Telpek hakda hiç zat bilemok welin, şu galtagym zerur bolmasa, yzyna getirsene.
— O nähili galtak?
Lekso daýy:
— Hmm! — diýip, kinaýaly ýylgyrdy. — Belki hanjaram ýadyňdan çykaransyň? Sen o görgüli sygry näme üçin beýtdiň? Oňa neneň dözdüň, hä?
— O nähili sygyr! O nähili hanjar! Näme hakda gürrüň edip dursuň, Lekso?
Lekso daýy:
— Bu näme boldugy? — diýip, Zuraba seretdi. — Nämeler bolup dur, Zurab? Hany meniň galtagym we hanjarym?
— Meniň eý görýän telpegim bilen meşigim nirede?
— Kaka, Lekso daýy — diýip, Zurab tolgunyp gepledi. — Hanjar, meşik we telpek galtagyň içinde, galtagam howluda, bede küdesiniň ýeňsesinde.
— Diýmek sen meni aldapsyňda?! — diýip, gaharlanan kakasy Zurabyň elinden tutdy.
Lekso daýy:
— Dur, Mito! Oňa gatyrganma! Bu oglan biz akmak garrylardan has pähimli eken. Men goňşymyň şunuň ýaly akylly oglunyň bardygyna buýsanýan. Gel, indi şonuň saglygyna bada götereli!
