|

Ýazypdy diý

Ýazypdy diý ÝAZYPDY DIÝ

Söýgim üçin däli bolup,
Ýaş ýüregin ezipdi diý
Yşk ummanda ýaly bolup
Titanik deý ýüzüpdi diý.

Wadasynda mäkäm durup
Hyýalynda durmuş gurup
Ýalanlarma gözün ýumup
Dogrylarmy süzüpdi diý.

Kä beýge, kä teýe çykyp
Her dürli oý-küýe çykyp,
Ýalňyz a:da eýe çykyp,
Robinzon deý gezipdi diý.

Dünýe täsin röwüş deýin
Gezdi munda derwüş deýin
Menzil geçen köwüş deýin
Umytlary tozupdy diý.

Söýlende söýülse-hut bagt
Söýüp söýülmese-betbagt
Baky bolmasa-da şol wagt
Hakydadan pozupdy diý.

Bagtyň barsyn basym ýerne
Ykbal dözme kesimlerňe
Menden soňky nesillerňe
Şu goşgyny ýazypdy diý.

Ylham GURBANALYÝEW.

2021. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle