| | | |

Ýazyjy-şahyrlaryñ näme üçin ýazýandygyny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik

Ýazyjy-şahyrlaryñ näme üçin ýazýandygyny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik ÝAZYJY-ŞAHYRLARYÑ NÄME ÜÇIN ÝAZÝANDYGYNY WE EDEBIÝAT BARADAKY PIKIRLERINI BILMEK ÜÇIN ÜÇ SORAGDA UMUMY GÜRRÜÑDEŞLIK

— Döredijilige ýañy başlan uçurlaryñyz "Näme üçin ýazýarsyñyz?" diýen soragy beripmidiler we oña beren jogabyñyzdan bäri üýtgän zat boldumy?

— Şygyr arkaly beýan etmek ýa-da üýtgetmek islän zadyñyz bolupmydy?

— Täze çykýan kitaplar we gazet-žurnallarda berilýän çeper eserler bilen baglanşyklykda häzirki döwrüñ şygryýeti barada pikiriñizi aýdaýsañyz?

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri
:

1. Goşga başlanymda 2-nji synpda okaýardym. Çaga wagtym ol soraga jogap berip bilmezdim. Sebäbi özüm düşünemokdym. Otuz-kyrk ýaşlarymda "Söze aşyk boldum" diýerdim. Kyrk bäş-elli ýaşlarymda "Goşgy meniñ ykbalym" diýerdim. Häzir "Watan meniñ janym, goşgam janymyñ bir bölegi. Watansyz adam sergezdan, jansyz ynsan bijan, men olarsyz nädip ýaşaýyn" diýýärin. Näme diýjek bolýanyma özüñiz düşüniñ…

2. Şygyr arkaly edil bir uly özgeriş edendirin öýdemok. Ýöne öz dünýämi üýtgetdim. Jahana we tebigata goşgy (bolup…) bilen bakýaryn. Her bir zadyñ ýetmez tarapyndan däl-de, gözel tarapyndan seretmek isleýärin. Dünýäni şem bolup ýagtyltmagy däl-de, uçgun bolup, odunly ýa-da ruhy ojakly kalplara düşmegi isläpdim. Bu dünýäde şeýle ýekeje ojak ýansa, men — bagtly.

3. Täze çykan kitaplaryñ hemmesini okap bilemok. Ýöne meniñ ýaşlygymdaky ýaşlardan häzirki ýaşlaryñ köpüsi kämil. Gitdigiçe kämilleşseler, olar edebiýatyñ täze kämilligini kemala getirerler. Ýöne men käbir ýaşlaryñ edebiýata täzelik getirjwk bolup, milli ruhumyzdan has daşlaşyşyna (men oña dünýäniñ ruhy hem diýip bilmen) hiç düşünemok. Ýöne men zehinli ýaşlara buýsanýaryn. Ýöne edebiýatda azy ýarjak käbir ýaşlaryñ bolsa wagtyny edebiýatdan daş zatlara sarp edýändigini-de aýdaýyn.
Ähli döredijilik işgärlerini Medeniýet günleri bilen gutlaýaryn!

Ogultäç ORAZTAGANOWA:

1. Anyk jogapdan başlasak: ýok, maňa-ha hiç kim beýle sowaly bermändi. Ýöne sözi bilen, gözi bilen "Näme üçin köp ýazýaň?!." diýen sowaly köp beripdiler.
Ol sowaly men öz-özüme beripdim. Entek mekdepde okaýan döwrüm nämedir bir zadyň özümi erbet gynaýandygyny duýýardym, edil janserek ýaly. Şol wagt o diýen kän düşünmändirinem. Onuň arasynda edil söýgi, yşka düşmeklik ýaly gynabermesem bar eken. Asyl ol bikararlygyň, janyma jaý tapmazlygymyň esasy sebäbi ýazasymyň gelýänligi eken.
Näme üçin ýazýan? O mahal bir zat ýazyp bilsem, şol dykyn bolup duran pikirdir duýgulary gowzadyp bilsem ýeterlik ýalydy. Indi onuň kimdir biriniň okap, "Bäh, meniň üçin ýazylan ýaly…" diýen sözlerine olaryň özi bolup begenmek we "giden" günüm yzymy goýmak, galyberse-de, akyp gelip duran arassa hasap edýän çeşmämiň öňüne böwet bolmazlyk üçin ýazýan. Öz-özümi gynapjyk lezzet alýan.
Aslynda, "Näme üçin ýazýaň?" diýen sowaly bermäge hiç kimiň haky ýok. Beýle gönümel şowal berlibem ýörlenok. Ýöne hiç zat ýazyp bilmese-de ýazjak bolup öz-özüni gybap ýörenlere aýgytly adamlaryň diýenlerini kän eşitdim.
Eger şeýle sowaly berenem bolsalar, şol bir jogaby bererdim, ýagny ýüregimiň "ýaz!" diýýändigini aýdardym.

2. Şygyr arkaly diýjek zadymy iň süýji sözleriň üsti bilen beýan edesim gelýärdi. Bişiren naharyma:"Bäh, süýji bolupdyr!" diýişleri ýaly golaýlaşasym gelýärdi. O düýeleri men bolmasamam sagyp biljekler kändi…

3. Hemmesi bilen diýen ýaly tanyş. Ýöne şygryýetimiz mundanam öser, ösmeli.

Azat NURGELDIÝEW:

1. Döredijilige ilki itergi bolýan güýç, meniň pikirimçe, ýetginjeklik döwründe kalbyňy heýjana salýan söýgi yşgynyň uçgunlary bolmaly. Ýaşlykda goşgy ýazmaga synanyşmadyk ynsan az bolsa gerek. Goşgyny näme üçin ýazýaň diýip soran bolmady. Ýöne şondan bäri üýtgän zat goşgularyň mazmuny, temasy. Meniň özüm-ä wagt temasyna köp ýykgyn edýän.

2. Elbetde bolupdy. Goşgy aslynda adamlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek üçin, ýaşlary terbiýelemek, dogry ýola ugrukdyrmak maksady bilen ýazylsa dogry bolarmyka diýýärin. Öz goýberen ýalňyşlyklaryňy açyp görkezip, olaryň şondan sapak almaklaryny gazanmaly.

3. Täze çykýan kitaplarda, gazetdir žurnallarda zehinli ýaşlar az däl. Olar esasanam Watany, döwüriň ýeten üstünliklerini wasp edýän goşgulary ýazýarlar. Gynansak-da olarda biri-birine meňzeşlik duýulýar. Ýürek buýsanjyňy özüňçe wasp etmeli. Ýene-de bir bellejek zadym syýasat bilen poeziýany garyşdyrmasaň ýagşy.

Gapur HOJA (Türkmensähra):

1. Ýalňyzlygymy we derdimi agtaryp goşga ýetdim. Soň ajap adamlara duşdum. Açyk we aýdyň pikiri agtardym, görsem ýazmagyň özi pikir eken, pikir derýasynda galdym.

2. Bolupdy, häzirem bolup biler. Goşguda pikir ýöretmek babatynda ilki erkin pikir ýöredilmeli, tejribeler anyk we ile ýetirlilýan duýgular hem anyk beýän tapmaly. Şahyryň pikir daragtynyň kökleri, yjtymaýy hereketleriň jümmüşinden sowarylýar, ”Adam özün adamlara paýlaýar”. Bogulmak, öz-özüňi senzuralamak, ýüzleý muzuklaryň çäginden daşary çyksaň, gözýetimiň giňäp, özgerip, üýtgedip, adamlara gözellik paýlap bolar.

3. Indi modernizm we postmodernizm köp muzuklaryň manysyny üýtgedýär. Bir tüýsli jägildä we goh-galmagala ogşaýan ses — goşgyň sesi hökmünde “çeper eser we sungatdyr” öýdülýär. Öňki formalar döwülýär, käte ýürek bilen bagyr ýitýär, bu giň jahanda ýalňyzlykdan çykmak üçin ýürek duýgudaşlyk küýseýär. Zehin çaknyşýar. Her bir tema sungat bolup bilýär. Emma sungata öwrülip bilmeýän muzugyñ wezipesi näme? Häzirlikçe Propaganda we mahabat agentlikleri bir eseri Gözellikde arşa çykaryp bilerler; emma barybir ol eser uzak ömür sürmez. Goşgy aýny göwündir. Diňe “göwün-göwünden suw içse, hakdan içse” ömür sürer. Geljek nesle ülňi bolar. Döredijilik işden galmaz.

Şahymerdan SARY OGLY:

1. Döredijilige ýaňy başlan uçurlarym: “Näme üçin kyssa ýazýarsyňyz, goşgy ýazsaňyz has abraýly bolardy” diýen sowaly berenler az däldi. Şebäbi şol döwürde  goşgularymyň 5-10 sanysy metbugatda çap edilipdi. Tebigat hakyndaky hekaýam okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Soňky kyssalarym  hem tebigatyň haýwanat dünýäsi bilen bagly boldy. Obada önüp ösdim, kemala geldim, ýaşaýyşyň, durmuşyň şatysyny öz başymdan geçirdim. Kyssalarymda beýan edýän wakalarym hakykat – meniň ömür ýazgylarym. Diňe wakalaryň bolan künjegi, gahrymanlaryň atlary üýtgedilýär. Tanyşlarym munuň hut şeýledigini gowy bilýärler.

2. Kyssalarymda tebigatyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň üsti bilen  ynsanlaryň bir-birek bilen mähriban bolmagyny, kyn günlerde arkalaşmagyny, wyjdan we ynsap arassalygyny, tebigat bilen sazlaşygy saklamagy ündeýärn. Dünýede artykmaç ýa-da kem zat ýok. Biziň tebigatyň bir parçasydygymyzy kim iňkär edip biler?!

3. Täze çap edilýän kitaplaryň aglabasynda, gazet-jurnallarda berilýän eserleriň käbirinde many-maňyz däl-de, suwjuklyk, pöwhe sözlemler agdyklyk edýär. Hormatlaýan awtoryň bilmeýän zady hakynda ýazanda oňa bolan sylagyň pese düşýär. Düýäni daşyndan görüp ol barasynda ajaýyp eser ýazmaga synanyşýanlara nebsim agyrýar. Her kişi bilýän, aň ýetirýän zady hakynda ýazsa ýagşy. Deňzi-derýany görmedik, gämi bilen gaýygyň tapawudyny bilmeýän awtor balykçy hakynda hekaýa ýazan eken. Okanymda özüm utandym.

Sapa HOMMADOW:

1. Hawa, berlipdi. Ýaňy ýazyp ugran wagtlarym bu soraga "Ýazyp başarýandygym üçin ýazýaryn" diýipdim. (Hiç kim däl wagtyň özüňe hemme zatdyryn öýdýän wagtlaryň-da!) Üýtgän zat boldy. Indi soralsa, "Ýazman bilmeýänim üçin ýazmaly bolýaryn" diýip jogap bererin.

2. Hawa. Mysal üçin, öz "ýaryljak çyban" ýaly ýagdaýymy üýtgetmek isleýärin köplenç. Käte başardýaram. Beýan etmek islän zadymy goşga ýerleşdirip bilsem, bir uludan dem almagyň lezzeti üýtgeşik. Kalbyň gerinen ýaly bolýarsyň.

3. Şygyrýetimizden meniň-ä göwnüm hoş. Belli-belli şahyrlarymyzyň goşgularyndan özüme gerekli zatlary tapyp bilýärin. Okyja-da şol gerek dälmi eýsem?! Internet äleminde giňden tanalýan şahyrlarymyzyňam metbugatda hem-de kitap çykarmak meselesinde aktiw bolmaklaryny arzuwlaýaryn. Sebäbi olaryň köpüsi metbugaty bezäp biljek oglanlar hem-de zenanlar.

Bagtygül TEKÄÝEWA:

1. Döredijilige ýaňy başlan döwrüm diýip haýsy wagty ýatlajagymy göz öňüme getirjegimi bilemok dogrusy. Ikinji goşgymy okuwçy wagtym ýazypdym. "Näme üçin ýazýarsyň?" diýip sorag beren megerem ýok bolsa gerek. Ýöne aýralyk hakdaky goşgy ýazaňdan ýazmadygyň ýeg diýenler bolupdy. Olara beren jogabym bolsa şol öňküligine üýtgewsiz dur.
Birine görünmek ýa öwünmek üçin elime galam alamok. Hiç kime düşündirip bilmedik duýgularym gursagyma sygmadyk pursaty derdimi galam kagyz bilen paýlaşýan.
"Näme üçin ýazýarsyň?" diýip sorag beren adam heniz gabat gelenok. Eger şeýle sorag beren tapylaýan ýagdaýynda-da berjek jogabym nagt: Ýazmagyň öz lezzetem bar ezýetem. Eline galam alyp görmedik adama muny düşündirmek asla mümkin däl. Hiç kime düşündirip bilmedik duýgularym gursagyma sygmadyk pursaty derdimi galam bilen paýlaşýan.

2. Döredijilik arkaly beýan etmek islän zadym bolupdy. Şu wagtam bar. Ýöne men heniz doly derejede öz ýolumy, ýodamy tapyp bilemok. Adam hemişe gözlegde bolmaly…

3. Soñky soragyñyza jogap bermek birhili kynrak meň üçin. Gowy eserlerem bar, gowşak eserlerem bar. Köp okamaly. Kämilleşmeli. Wagtyň synagyndan geçmek gerekmikä diýip düşünýän men-ä.

Dañatar GALPAKOW:

1. "Näme üçin ýazýarsyñyz?" diýen soragdan soňra durmuşymda esasy üýtgän zat, döredijilik ýolunyň agyr ýükli we jogapkärli zatdygyna düşündim. Soňra bu ýolda "pylanyň şahyr bolşy ýaly" diýen gepiň astynda galmajak bolup ýazyberýäň. Şeýdip, ýalňyşýaň, düzedýäň, öwrenýäň, garaz kämilleşýäň. Belki şeýdibem şygyr diýlen zat ykbalyňa bagly zat bolup galýandyr.

2. Şygyr arkaly içgi duýgularmy beýan edesim gelýärdi. Käbir adamlaryň maňa bolan garaýşyny üýtgedesim gelýärdi. Aýratynam söýgi meselesinde…

3. Häzirki döwürde çykyş edýän awtorlaryň kämillik derejesine ýeteni kän, olardan köp zady öwrenýän. Ýöne heniz kämillik ýolunda ýoräp ýör diýenleriň hem 1-2 ýylyň dowamynda kämillik derejesine ýetip bilýär diýsek ýalňyşmarys. Meniň üçin awtor esasy zat däl, döredilen şygyr esasy zat. Awtor juda ýaş hem bolsa on goşgudan biri kämil goşgy bolup täsir galdyryp biler. Doredijilik adamsy ýekeje eseri bilen hem meşhur bolup biler. Her awtor kän ýazsa-da, az ýazsa-da, gowy ýa erbet ýazsa-da, Allanyň nesip eden zehini boýunça ýazar. Belki awtor şondan artygyny ýazyp bilmez, ýa-da wagtyň geçmegi bilen kämilleşer… bu hem Allaň işi. Onuň üçin hiç bir awtory tankytlap ýere sokmagyň geregi ýokmyka diýän…

Orazgül KEMENDIROWA:

1. Hawa, ilkinji ädimlerden bäri köp pikirler, hat-da adamlara garaýşymam üýtgedi.
Bu sorag häli-häzirlerem eşidýän soragym. Belki esasy hünärim döredijilikden has daşyrak bolanlygy üçin şeýle sorag berilýärmika diýýärin.
Ýazmakdan lezzet alýanlygym üçin, işden näçe argyn bolsamam ýazmagy başarsam ýadawlygymdan açylyp bilýänligim üçin, ýazyp bilsem içki dünýäm giñeýänligi üçin, ähli kalplardan gözelligi görüp bilýänligim, özümi bilelim bäri nämedir bir zat gözleýänligim, agtarýanlygym. Düşüniksiz ruhy ahwallaryñ meni yzarlaýanlygy bilen kagyzdyr galamy özüme ruhy syrdaş tutunýandygyma düşünýärin.

2. Elbetde bolupdy, häzirem bar..

3. Watançylyk, taryhy ýoýman ýazylan, okyýjyny sagdyn pikirlere atarýan, pikirinden täze pikir döretdirip bilýän eserler meni hasam özüne çekýär.
Şygyrýetde her kimiñ öz sesi, äheñi duýulmalymyka diýýän. Ýazýan köp, emma öz ýoluny tapyp, öz sözüni edebiýatyñ gatyna siñdirip asyrlara sesini ýetirip biljekler barmak basyp sanaýmaly.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW:

1. Döredijilige ýaňy başlan uçurlarym "Sen näme üçin ýazýarsyň?" diýen soragy hiç kim bermändi. Eger berläýen bolsa-da, men ol sowala näme jogap bererkäm?! Çagalykdan edebiýata imrigemsoň, ýazmak meniň üçin uly bagtdy. Sebäbi kalbyňdaky, ýüregiňdäki sözleri kimdir biri bilen paýlaşmak, derdinişmek, syr alyşmak… köplere ýetdirýän zat däl ahyry. "Sen näme üçin ýazýarsyň?" diýen sowala "Men näme üçin ýazmaly däl?" diýip, sowal bilen jogap bererdim. Hakykatdanam, ýüregiň gijäp, bir zatlary ýazasyň gelýärkä, näme üçin ýazmaly däl?

2. Şygyr bilen beýan etmek islän zatlarym kän, ony amala aşyryp bilmekde uly iş bar. Üýtgetmek islän zadym ýok, belki adamlaryň durmuşa bolan höwesini, söýgüsini azda-kände özgerdip bilmek islegim bolandyr. Gurbannazaryň aýdyşy ýaly, adamlary güýmemek däl-de, özgerdip bilmek şahyryň hem şygyryň üstündäki borçdur.

3. Täze çap edilýän eserleriň, kitaplaryň köpüsiniň daşky bezegi, gelşikliligi bada-bat ünsüňi özüne çekýär… Häzirki döwrüň şygryýetiniň gözelligi, many taýdan agramlylygy,  goýazylygy… hem ünsüňi çekäýsedi. Biz döwrüň ruhuny, keşbini eserlerde açyp görkezip bilmeýäris. Munuň üçin bolsa kämillik, okumyşlyk, ýitilik… gerek.

Taýýarlan: Has TÜRKMEN. Söhbetdeşlik

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle