| |

Ýazyjy-şahyrlardan näme üçin ýazýandyklaryny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik -3

Ýazyjy-şahyrlardan näme üçin ýazýandyklaryny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik -3 ÝAZYJY-ŞAHYRLARDAN NÄME ÜÇIN ÝAZÝANDYGYNY WE EDEBIÝAT BARADAKY PIKIRLERINI BILMEK ÜÇIN ÜÇ SORAGDA UMUMY GÜRRÜÑDEŞLIK

— Döredijilige ýañy başlan uçurlaryñyz «Näme üçin ýazýarsyñyz?» diýen soragy beripmidiler we oña beren jogabyñyzdan bäri üýtgän zat boldumy?

— Şygyr arkaly beýan etmek ýa-da üýtgetmek islän zadyñyz bolupmydy?

— Täze çykýan kitaplar we gazet-žurnallarda berilýän çeper eserler bilen baglanşyklykda häzirki döwrüñ şygryýeti barada pikiriñizi aýdaýsañyz?

Ýazyjy-şahyrlardan näme üçin ýazýandyklaryny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik -3

Aşyrmät GARLYÝEW:

1. Dogrusyny aýtsam, näme üçin ýazýanlygym bilen gyzyklananlaryň barlygy ýadyma düşenok. Ýöne özüm üçin welin bu mesele hemişe gyzyklydy. Ynha bu sowala ýaşlyk ýyllarymda, 15-16 ýaşlarymda beren jogabym:

Ýeri, näme sebäp, başlan şygryma:
şu günmi,geçmişmi, ýigrençmi, söýgi ?!
…Parahat kalbymyň dynçlygyn bozup,
kalbym gyjyklaýar düşnüksiz duýgy.

Meni sowgat beren mukaddes enäň,
gözden uçup barýan mährem keşbimi?
Ýa-da yşga taplanmadyk ýüregme
bir gözeliň owazasy düşdümi?!

(Ömri uzyn bolsun) mähriban ataň
Öňündäki bitirmeli borjummy?!
Men bilmedim, bir duýgynyň täsirne
birdenkä, parahat kalbym gorjandy.
(1979-1980-nji ýyllaryň goşgusy)

Umuman-a, şahyrçylyk düşnüksiz (käwagt bolsa örän düşnükli) duýgularyň kalbyňy gorjamagyndan başlanýar. Bu hemişe-de şeýle bolupdy, şeýle-de dowam eder. Düşnükliligi düşnüklilige öwürmek, şol bir wagtda-da, ony tanyş-bilşiňden, daş-töwerekden, ilden-günden gizlemek arkaly düşnüklilige öwürmek. Goşgynyň terjimesi şu. Ýöne häzir sanly ulgam arkaly «Döredijilik erkinligini» gazananlaryň aglabasy «sary towukly» nakyldan misil almagyň yzygiderli zerurlykdygyny bilmelidirler.

2. Şygyr arkaly beýan etmek hem-de üýtgetmek islän zatlary bolmadyklar şahyrçylyk diýlen düşünjeden uzakdadyrlar. Aslynda her bir şygyr kimdir birini, nämedir bir zady üýtgetmäge gönükdirilendir. Aýdaly, aşyk ýigidiň ahwalyny bir gözel gyza düşnükli etmek ýa-da tersine, magşuk gyzyň ahwalyny aşyk ýigide düşnükli etmek. Emma ol şol bir wagtda-da töwerekdäkiler üçin düşnüksizligini näçe berk saklap bilse şonça-da ýerine düşdügi bolýar. Emma uly iliň öňünde «Aýdaýsana, gözel gyz adyň näme?!» diýip zöwletmek, bogny dogry gelse-de, säkini dogry gelse-de, sazlaşygy jüpüne düşüp duranam bolsa, goşgy däldir. Aslynda, goşgy ýürek bilen aňy baglanyşdyrýan sungatdyr.
• Eger-de goşgynyň gözbaşy aňdan — kelleden başlanan bolsa, onda ol pikir. Diýmek şol pikiri owadan duýgular bilen bezemek goşgy döretmek diýmekdir.
• Eger-de goşgynyň gözbaşy ýürekden — kalbyňdan başlanan bolsa, diýmek ol gözel duýgudyr. Onda goşgy eýesiniň, ýagny şahyryň borjy şol duýgynyň süňňüne sagdyn pikiri guýmagy başarmakdyr.
• Mahlasy, goşgy pikir bilen paýhasyň işilmesidir. Aň bilen ýüregiň, ýagny kelle bilen göwnüň (kalbyň) baglanşygy duýulmaýan bolsa, hernäçe owadan, hernäçe sagdyn bolanynda-da ol kämil goşgy däldir. Goşgynyň logiki (mantyk) sagdynlygy esasy zerurlykdyr. Sözleminiň grammatik eýesi bilen habary baglanyşmaýan bolsa, ol sagdyn däldir. Goşgynyň bişen bişmedigini anyklamak garpyz tanamakdan has kyndyr we çynlakaýdyr. Çünki garpyzyň bişen-bişmedigi ýaranyňda belli bolýar.

ÖZÜME NESIHAT

Özgerdesiň gelýän bolsa dünýäni,
Özgeriş özüňden başlansa ýagşy.
Durmuş-da bi. Ähli zat däl gül ýaly
Döz geliş özüňden başlansa ýagşy.

Gark bolarsyň, başarmasaň ýüzmegi,
Aýdym aýt. Bilmeseň goşgy düzmegi,
Halamaýan bolsaň hyrsyz ýüzleri,
Ýylgyryş özüňden başlansa ýagşy.

Hiç kimsä diýmegin: «Men bar, sen näme?!»
Her kim adyn ýazar geçer heňňama,
Bir gadyrdan degen bolsa degnaňa,
Ýüz görüş özüňden başlansa ýagşy.

Durmuş ummanynda sa:lyň kürekle,
Seni inkär edýänlerem gerekle,
Sowap barýan bolsa, gyzgyn ýürekler,
Gyzdyryş özüňden başlansa ýagşy.

Kynçylyk etmesin seni güň ýaly,
Bir şowsuzlyk görünmesin müň ýaly,
Özgerdip bilmeýän bolsaň dünýäni,
Özgeriş özüňden başlansa ýagşy.

3. Türkmen edebiýatyna seredip buýsanýaryn. Gaty gowy zehinler kemala gelýärler. Elbetde, olaryň käbiriniň atlaryny birin-birin tutup sanasym hem gelýär. Emma öz egindeşlerimiň arasynda dolup-daşyp gelen ylham silini ugrukdyrabilmän, ýoluny urduranlaryň, has dogrusy, ýoldan çykyp (döredijilik ýolundan) gidenleriň bardygyny bilýän wagtymda, saklananymy makul hasap edýärin.
Çünki wagt 3-4, 5-6, 10-15 sany gowy kabul edilen goşgynyň şöhratyndan başy aýlanýanlary däl-de durnukly we yhlasly, tutanýerli janypkeşleri saýlaýar.
Türkmen seýisçiliginde: «Aty at edýänçä, eýesi it bolar» diýlen bir düşünje bar. Şahyr kalbynyň ylhamy hemişe sarç bedew ýalydyr.
Ýöne, hernäme-de bolsa, bir hakykaty aýdasym gelýär. Söz sungaty, esasan hem şygyr sungaty pikirleri, duýgulary hakyky barlyga, ýagny maddy barlyga, has takygy — ykbala öwürmek gudratyna eýedir.
Gussalar bilen oýun etmäň!

Ýok ýerinden gussa ýasap,
Goşgy düzmäge ökdedim.
Meger, şo goşgulam bilen
Men öz şatlygmy bökdedim.

Indi welin ýogam bolsa,
Men şatlygy gözleýärin.
Sebäbi men gojalygmy
Gussalara dözmeýärin!

Ýazyjy-şahyrlardan näme üçin ýazýandyklaryny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik -3

Çemen ANNABERDIÝEWA:

1. Maňa hiç kim hiç mahal «Näme üçin ýazýarsyň?» diýen sowaly bermändi. Gaýtam, tersine, döredijilige ýaňy başlaýan döwürlerimde «Sen name üçin ýazmaýarsyň?» diýip, örän köp soraýardylar. Maňa şeýle sowal bilen ýüzlenenler iki zatdan bihabardylar: Birinjiden, kakasy şahyr bolanyň özem hökman şahyr bolaýmaly diýen durmuş kanunynyň ýoklugyndan; Ikinjiden bolsa, meniň ýedi ýaşymdan bäri ýazyp ýörenligimden. Goşgularym metbugatda 2006-njy ýylda peýda bolup başlady. Oňa çenli ýazanlarymyň barysy hiç ýere hödürlenmän, depderleriň gatlarynda galdy. Meniň ýazýandygymy birje adam bilýärdi, olam meniň halypam hem ýeke-täk okyjym — kakamdy. Kakam şahyr Atajan Annaberdiýew meniň geljegime uly umyt baglaýardy. Ejemem bilýärdi, ýöne ol muňa ünsem bermeýärdi. Sebäbi ejem döredijilige höwesimi meniň durmuşymda beýle bir ähmiýetli zat hasaplap durmaýardy.
O mahallar: «Sen name üçin ýazmaýarsyň?» diýlip berlen sowala men: «Il-güne dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryň eserleri ýaly gowy eserleri hödürläp bilmejek bolsaň, gowşak eserleri ýazan bolmagyň geregi ýokmuka diýýän» diýip jogap berýärdim. Her şahyryň öz okyjysynyň bolýandygyna men soň-soňlar düşündim.
«Sen name üçin ýazmaýarsyň?» diýip soranlaryň öňünde ömürlik borçludyryn. Sebäbi olaryň uly şahyryň gyzam hökman şahyr bolaýmalydyr diýip eden ynamy meniň öz goşgularym bilen gazet-žurnallaryň redaksiýasynyň bosagasyndan ätlemegime itergi berdi.
Şol köneje «Sen name üçin ýazmaýarsyň?» diýen sowaly maňa kämahal häli häzirem berýärler. Men hemişekim ýaly, ýüregimdäkini sözleýän, emma jogabymyň mazmuny başgaçarak çykýar: «Bu günler nämüçindir akyberenok».

2. Şygyr bilen beýan etmek islän zatlarym köp. Örän kän. Olaryň hemmesi-de ynsanyň duýgulary bilen bagly. Adamyň käbir wakalar sebäpli düşýän ruhy ahwallarynyň çuňlugyny hem belentligini, giňligini hem inçeligini okyja ýetirip bilmerin öýdüp, ol hakda ýazyp başlamaga milt edip bilmän gezýän wagtlarym köp bolýar.
Üýtgetmek isleýän zatlarym, elbetde, bolupdy, häzirem köp. Mysal getireýin: Ýagşy niýetli ynsanlaryň nurana kalbyndaky gaýgy-ünjiniň daň-säherlerdäki dumanyň Günüň nuruna eräp gidişi ýaly eräp gitmegini, adamlaryň kalbyny lerzana getirýän ajy habarlaryňam, onuň sebäpleriniňem ýok bolup gitmegini isleýän.
Atajan Annaberdiýewde şeýle setirler bar: «Ýeterlik däl ýagşy bolup ýaşamak, Ýagşy bolup, ýamanlary özgerdiň!» Kakamyň ynamyny ödäsim, gowudan-gowy eserleri ýazasym, ýagşy bolup, ýamanlary özgerdesim gelýär.

3. Öý kitaphanamyzda dünýä halklarynyň nusgawy edebiýatynyň sanawyna giren eserleriň giden toplumy bardy. Çagalykdan şolary okap ulaldym. Başdan taýsyz tagamly naharlara endik edeniň bärkiräk tagamlara aňsat-aňsat kaýyl bolmajakdygy düşnüklidir. Şonuň üçinem häzirki döwürde ýaş awtorlaryň çapdan çykýan mazmuny neşiriň hili hem bezeginiň aňrybaş derejesi bilen sazlaşmaýan kitaplaryny görenimde, pikirlerimde birhili alasarmyk ýagdaý emele gelýär.
Döreden beýik eserleri dünýä edebiýatynyň nusgawylarynyň sanawynda mynasyp orun alyp biljek döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzdan köpüsi bu günki gün eýýäm aramyzda ýok. Ajaýyp eserleri bilen türkmeniň abraýyny-mertebesini göterjek zehinlerden ýaşap ýören iki-ýeke sanysynyňam ýaşlary indi bir çene bardy. Türkmen edebiýatynyň ägirtlerine egin deňlemek babatynda ýaşlarymyzyň, men özümem şolaryň hatarynda goýýaryn, entek-entekler örän köp zatlary öwrenmelidigini gynanmak bilen boýun alýaryn.

Ýazyjy-şahyrlardan näme üçin ýazýandyklaryny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik -3

Orazbibi MÄLIKGULY gyzy:

1. Birinji gezek soragy Siz berdiñiz… emma, şu güne çenli galamymdan çykan eserlerimi biri üçin ýazmadym, ýa-da okyjynyñ göwnüne ýarap-ýaramajagyy asla pikirem etmändim. Sebabi, ýazýan zatlarymyñ ilkinji okyjysy özüm. Özüme ýaramasa, halka-da ýaramajagyny bilýän. Hemem şahyryñ durmuşynyñ, her sekundynda üýtgeşmeler bolup dur. Dünýäniñ ýüregi bilen deñ urýan ýurek — bu elbetde şahyryñ duýguçyl ýuregidir diyip hasap etsem sizem şahyr, ylalaşsañyz gerek.

2. Aslynda-da men aytjak zadymy şygyr arkaly gowy aydyp bilýärin. Emma… üýtgedesim gelýan kä bir zatlarymam, käşkäm üýtgedip bilseýdim… oña ýetesi name bar? Beýle diysem, üýtgedip bilýän zadymyñ ýokdugyny añlatmaýar. Meselem: bir şygyr ýazyp, häzir Gazadaky uruşy saklap bilsedim… men galamyma baş egerdim.

3. Döwür öñe gitdi, internet gazet-žurnallary okap sahaplamaga wagt berenok. Dogrusy, gazet-žurnal soñky wagtlar okamok diysem, hakykata golaýlaşaryn. Emma… häzirki döwrüñ şygryýeti, täze tolkunlary… tüweleme. Gaty üýtgeşik zehinler ýüze çykyp gelýär. Kitapçy saytynyñ üsti bilenem bu tolkunlaryñ eserlerini okamak mumkinçiligini aldym. Takyk kimlerdigini aýratyn söhbetdeşligimiziñ dowamynda aýdaryn. Söhbetdeşlik

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle