Ýazsañ..
Ýazsañ..
Aý asmanda ýüzün sallap otyrka.
Ýazsaň dünýäň ähli derdi boýnunda,
Asyl-asyl bolup, aslyşyp durka.
Ýazsaň, ýyldyzlary tesbi deý sanap,
Bar mydaryň gaçyp, aýylsa essiň.
Ýazsaň, ýürekdäki ýaralaň ganap,
Gijeligi ukusyndan oýatsyn.
Ýazsaň, ýanyp setirleriň derdinden,
Ýassyk edip duýgularyň dessesin.
Ömrüň ýaryn owarrama berdim men,
Köňle goýup rakyplaryň kyssasyn.
Ýazsan, tagty arzuw edip özüňe,
Diläp şygryň bilen baky galaryň.
Men şeýle bir tagt salaryn özüme,
Şonda maňa gözi gider şalaryň.
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. Goşgular