|

Ýazlaryň däbi

Ýazlaryň däbi ÝAZLARYŇ DÄBI

Ýazlaň gowy däbi – adyldyr hemmä,
Deňdir ýazyň güli gowa hem gendä.
Gowam ysgap biler ýazyň bägülin,
Ýamanam islese ysgar ol güli.
Ýazdan hemme umydygär, algyly.
Bir ýazy görenler ikini küýsär.
Ikini görenler küýsär ýüzüsin.
Gülälekli düzde geler ýüzesiň.
Ýüz ýazy gören bar, ýöne müňüsin
Diňe hak şahyrlaň görjegi aýan.
Ýazlar pynhan syryn edýändir beýan
Daýhana, şahyra, işçä, alyma,
Ýaz bir girse ýüregiňe, aňyňa
Soň bahar-ýazlardan dänip bilmersiň.
Ýyldyzlaň astynda gdien ýaz bardyr,
Ýazlaň gujagynda eziz ýar bardyr.
Ýazyň gögün ýaglyk edip ýapar ýar,
Ýyldyzlaryn çeşmä, köle döker ýaz.
Ýaz garypdyr gussa, has baýdyr gülkä,
Guwlara ýüklenip ýaz geler ülkä. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle