| |

Ýatlamalar duýdansyz çykyp birden…

Ýatlamalar duýdansyz çykyp birden… ÝATLAMALAR DUÝDANSYZ ÇYKYP BIRDEN…

Ýatlamalar duýdansyz çykyp birden...

Ýatlamalar duýdansyz çykyp birden,
Bogazyma dolup, tutýar demimden.
Içgysma eline gamçysyn alyp,
Kalbym saýgylaýar gysaja salyp.
Alaçsyzlyk basýar iki egnimden,
Umytsyz gözýaşlam akýar gözümden.
Ejizlik saýmaň siz gözmüň ýaşlarny,
Küýsemeýän barmy mähribanlarny?
Dogmaýjak ýalydy aýym hem günüm,
Gelmäýjek ýalydy alýanja demim…
Aý-günem dogup dur yzyny üzmän,
Şükür gelip-gidýär demimem durman,
Diňe bize goýlup gidilen dünýäň
Ýüzüni tutan dek göýä bir tümlük
Olaryň mährinden tapamok çümmük.
Aňyrsyna-da geçýär akylym ýetip,
Toba-da diýýärin şükürler edip,
Kimseleriň güler ýüzün solduran,
Kimseleriň bagryna gan öýdüren,
Kimseleri hasrat bilen köýdüren,
Baky aýralyga, soňsuz ýollara
Kaýyllykdan özge alaç ýoklugna,
Ýalança gelene gitmek haklygna.
Şonda-da küýsämde mähribanlarmy,
Mähirlerne, didarlarna zarlarmy,
Ejizleýär kalbym, ysgyny galman,
Ýarylaýjak bolýar gursagma sygman.
Şeýle bir gygyrýar… sessiz aglaýar…
Dymýar… toba edýär… ýene aglaýar… Goşgular
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle